01.11.2025
Şu
gün Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent
Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda
harby we hukuk goraýjy edaralaryň şu ýylyň on aýynda ýerine ýetiren işleriniň
netijelerine garaldy.
Ilki bilen, Döwlet howpsuzlyk
geňeşiniň sekretary, goranmak ministri B.Gündogdyýew çykyş edip, hasabat
döwründe ýurdumyzyň Ýaragly Güýçlerini ösdürmegiň maksatnamasyny ýerine
ýetirmek, Watanymyzyň goranyş ukybyny berkitmek, Watan goragçylarynyň gulluk,
ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça görlen çäreler barada
hasabat berdi. Şeýle hem ýokary hünärli serkerdeleri taýýarlamak, nobatdaky
harby gulluga çagyrmak we harby gullukçylary gullukdan boşatmak bilen bagly
meseleler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Milli goşunymyzyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
döwrebaplaşdyrmagyň, harby gullukçylaryň iş we ýaşaýyş-durmuş şertlerini
ýokarlandyrmagyň möhümdigini belledi hem-de Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
sekretary, goranmak ministrine bu babatda alnyp barylýan işleri mundan
beýläk-de dowam etdirmegi tabşyrdy.
Baş prokuror B.Muhamedow
2025-nji ýylyň on aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri, kadalaşdyryjy
hukuk namalarynyň berjaý edilişine talabalaýyk gözegçiligi amala aşyrmaga,
sanly ulgamyň mümkinçiliklerini giňden ulanmaga, işgärleriň hünär derejesini
ýokarlandyrmaga gönükdirilen çäreler barada hasabat berdi.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, kanunçylyk namalarynyň ýerine
ýetirilişi, jemgyýetiň we döwletiň bähbitlerini goramak boýunça alnyp barylýan
işleri netijeli dowam etdirmegi tabşyrdy.
Içeri işler ministri M.Hydyrow
ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — oktýabr aýlarynda amala aşyran
işleriniň netijeleri, şol sanda Içeri işler ministrligini ösdürmegiň
maksatnamasyny durmuşa geçirmek, ýurdumyzda jemgyýetçilik tertibini üpjün etmek
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şunuň bilen birlikde, düzgün
bozulmalaryň, ýol-ulag hadysalarynyň öňüni almak, Ýangyn howpsuzlyk gullugynyň
işini kämilleşdirmek maksady bilen geçirilen işler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, halkymyzyň parahat we asuda durmuşyny üpjün etmek üçin hukuk
bozulmalaryň öňüni almagyň, ýangyn, ýol hereketiniň howpsuzlygyny üpjün etmegiň
zerurdygyny belledi we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ýokary kazyýetiň başlygy
B.Hojamgulyýew ýolbaşçylyk edýän düzümi tarapyndan 2025-nji ýylyň on aýynda
geçirilen işleriň netijeleri, kazyýet işini döwrüň talabyna laýyklykda guramak,
ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň sanly ulgamy işjeň
ulanmak, düzümiň işgärler kuwwatyny pugtalandyrmak babatda ozal beren
tabşyryklaryny ýerine ýetirmek boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Döwlet Baştutanymyz hasabaty
diňläp, kazyýet ulgamynyň işini kämilleşdirmek, kazylaryň bilimini
ýokarlandyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň möhümdigini belläp, bu babatda
degişli tabşyryklary berdi.
Soňra milli howpsuzlyk
ministri N.Atagaraýew hasabat döwründe döwletimiziň milli bähbitlerini goramak
boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de ministrligi ösdürmegiň
maksatnamasynda kesgitlenen wezipeleriň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, milli bähbitlerimizi ygtybarly goramak,
milli howpsuzlyk edaralarynyň işini kämilleşdirmek boýunça işleri dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Döwlet serhet gullugynyň
başlygy Ý.Nuryýew ýylyň başyndan bäri ýerine ýetirilen işler, Watanymyzyň
mukaddes serhetlerini goramak boýunça görlen çäreler barada hasabat berdi.
Şeýle-de serhet galalaryny döwrebaplaşdyrmagyň barşy, şol sanda açylyp ulanmaga
berlen döwrebap toplumlar, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmagyň hasabyna gullugyň
maddy-enjamlaýyn binýadynyň berkidilişi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, Türkmenistanyň döwlet serhediniň dostlugyň hem-de hoşniýetli
goňşuçylygyň serhedidigini aýtdy we onuň ygtybarly goragyny üpjün etmek, harby
gullukçylaryň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmak boýunça işleri
dowam etdirmegiň zerurdygyny belläp, gullugyň ýolbaşçysyna bu ugurda degişli
tabşyryklary berdi.
Adalat ministri M.Taganow
hasabat döwründe alnyp barlan işleriň netijeleri, hususan-da, milli kanunçylyk
binýadyny kämilleşdirmek boýunça teklipleriň taýýarlanylyşy, raýatlaryň hukuk
düşünjesini ýokarlandyrmak, ilata hukuk taýdan hyzmat etmek maksady bilen
guralýan çäreler barada hasabat berdi. Şeýle-de hukuk ulgamynda öňdebaryjy
tejribäni öwrenmegiň hasabyna işgärleriň hünär derejesini ýokarlandyrmak
babatda görülýän çäreler barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, milli kanunçylyk binýadyny halkara kadalara laýyklykda
kämilleşdirmegiň, döwletimizde hukuk üpjünçiligini amala aşyrmagyň,
kadalaşdyryjy hukuk namalaryny taýýarlamak boýunça ýerine ýetirilýän işleriň
möhüm ähmiýetini belläp, ministre birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Döwlet gümrük gullugynyň başlygy M.Hudaýkulyýew ýolbaşçylyk edýän düzüminiň işini kämilleşdirmek, maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak, sanly ulgamy we iň täze tehnologiýalary ornaşdyrmak maksady bilen, hasabat döwründe amala aşyrylan işler barada hasabat berdi. Şeýle-de ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysynyň ýokary hünärli gullukçylary taýýarlamak boýunça beren tabşyryklarynyň ýerine ýetirilişi barada aýdyldy.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, gümrük nokatlarynda alnyp barylýan işleriň, hususan-da,
ýurdumyza getirilýän harytlaryň bellenen talaplara laýyk gelýändigine
gözegçiligiň has-da kämilleşdirilmeginiň, gullugyň işine ösen dünýä tejribesini
ornaşdyrmagyň zerurdygyny aýtdy hem-de bu babatda birnäçe görkezmeleri berdi.
Döwlet migrasiýa gullugynyň
başlygy A.Sazakow ýolbaşçylyk edýän düzümleriniň şu ýylyň ýanwar — oktýabr
aýlarynda amala aşyran işleriniň netijeleri, gullugyň maddy-enjamlaýyn
binýadyny döwrebaplaşdyrmak, ony ösdürmegiň maksatnamasyny üstünlikli ýerine
ýetirmek üçin görlen çäreler barada hasabat berdi. Şeýle hem migrasiýa
ulgamynda öňdebaryjy tejribäni öwrenmek arkaly harby gullukçylaryň hünär
derejesini ýokarlandyrmak babatda guralýan çäreler barada aýdyldy.
Ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň
Belent Serkerdebaşysy hasabaty diňläp, migrasiýa kanunçylygynyň talabalaýyk
berjaý edilişine gözegçilik etmegiň möhümdigini belledi we gullugyň
ýolbaşçysyna bu babatda birnäçe anyk tabşyryklary berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow mejlisiň jemini jemläp, Türkmenistanyň diňe goranyş häsiýetine
eýe bolan Harby doktrinasynyň talaplaryna laýyklykda, Garaşsyz, hemişelik
Bitarap Watanymyzyň harby howpsuzlygyny we bitewüligini ýokary derejede üpjün
etmek boýunça çäreleriň durmuşa geçirilýändigini belledi. Şunda ýurdumyzyň
goranyş ukybyny pugtalandyrmaga, Watan goragçylarynyň, olaryň maşgala
agzalarynyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini has-da gowulandyrmaga uly üns berilýär
diýip, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy aýtdy we bu
ugurdaky işleriň geljekde-de dowam etdiriljekdigini nygtady.
Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
mejlisinde başga-da birnäçe möhüm meselelere garaldy we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Mejlisiň ahyrynda Türkmenistanyň Prezidenti, ýurdumyzyň Ýaragly Güýçleriniň Belent Serkerdebaşysy goşun generaly Serdar Berdimuhamedow oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň bähbidine alyp barýan jogapkärli gulluklarynda uly üstünlikleri arzuw etdi.