Düýn Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryna iş saparynyň çäklerinde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy mynasybetli Baş
Assambleýanyň ýokary derejeli plenar mejlisine gatnaşdy.
Mejlisiň
öňüsyrasynda BMG-niň Baş Assambleýasynyň zalynda Maýkl Tilmanyň ýolbaşçylygynda
“Umyt üçin aýdym” atly ýaşlar horunyň, “Metropoliten” horunyň, pianinoçy Dewid
Wotkinsiň çykyşlaryna tomaşa edildi. Konsertden soňra, BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 80-nji sessiýasynyň Başlygy hanym Annalena Berbok çykyş etdi.
Soňra Milletler Bileleşiginiň 80 ýyllygyna bagyşlanan wideofilm görkezildi.
Wideofilm
tamamlanandan soň, BMG-niň Baş sekretary Antoniu Guterriş çykyş etdi. Şeýle hem
mejlisiň dowamynda Liberiýanyň ozalky Prezidenti hanym Elen Jonson-Serlif,
Norwegiýanyň ozalky Premýer-ministri hanym Gru Harlem Bruntlan, parahatçylyk
boýunça Nobel baýragynyň eýesi hanym Mariýa Ressa parahatçylygy, howpsuzlygy,
durnukly ösüşi we adam hukuklaryny üpjün etmekde Birleşen Milletler Guramasynyň
orny barada çykyş etdiler. Parahatçylyk boýunça ilçi, şahyr hanym Marýam Bukar
Hassanyň çykyşy çärä aýratyn many-mazmun berdi.
Türkmenistan
Bitarap döwlet hökmünde parahatçylygy, durnuklylygy we halkara hyzmatdaşlygy
pugtalandyrmaga gönükdirilen daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Ýurdumyzyň bu
hukuk ýagdaýy ählumumy howpsuzlyga işjeň goşant bolmak bilen, Watanymyzyň
halkara giňişlikde öňe sürýän möhüm başlangyçlarynda öz beýanyny tapýar.
Gahryman Arkadagymyzyň 19-njy sentýabrda geçirilen Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň mejlisinde belleýşi ýaly, Türkmenistanyň Bitaraplygy diňe bir
türkmen halkynyň däl, eýsem, bütin adamzadyň gymmatlygydyr. Bitaraplyk biziň
parahatçylygy we hyzmatdaşlygy ündeýän, halklary dost-doganlyga, agzybirlige
çagyrýan işlerimizi dünýä ýaýýan taglymatdyr. Bu taglymat eziz Watanymyzyň
beýik geljeginiň şanyna döredýän we gurýan merdana halkymyza täze üstünlikleri
gazanmaga güýç-kuwwat berýär. Ýurdumyzyň döwletleriň arasynda parahatçylygy,
ynanyşmagy berkitmäge gönükdirilen başlangyçlary halkara bileleşikde giň
goldawa eýe bolýar. Muňa eziz Watanymyzyň hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň
Birleşen Milletler Guramasy tarapyndan üçünji gezek ykrar edilmegi hem şaýatlyk
edýär. Dünýäde üç gezek ykrar edilen Bitarap ýurt eziz Watanymyz
Türkmenistandyr.
Parahatçylygy
we howpsuzlygy pugtalandyrmak boýunça başlangyçlary öňe sürmek Türkmenistanyň
parahatçylyk döredijilikli syýasatynyň esasy ugurlarynyň biridir. Ýurdumyz
gapma-garşylyklaryň öňüni almaga we döwletleriň arasynda dialogy goldamaga
gönükdirilen başlangyçlary işjeň ilerledýär. Bu ugurdaky tagallalar
Türkmenistanyň BMG-niň ýörelgelerine ygrarlydygyny, ählumumy meseleleri
çözmekde bu guramanyň ygtybarly hyzmatdaşy hökmünde çykyş edýändigini
görkezýär. BMG-niň Baş Assambleýasynyň Türkmenistanyň başlangyjy esasynda kabul
eden Kararnamalary parahatçylyk meseleleri boýunça halkara gün tertibini emele
getirmekde möhüm orny eýeleýär. 2023-nji ýyly “Parahatçylygyň kepili hökmünde
dialogyň halkara ýyly” diýip yglan etmek baradaky Kararnama şolaryň iň
ähmiýetlileriniň biri bolup, onda gapma-garşylyklary çözmek üçin netijeli
dialogyň möhümdigi nygtalýar. Türkmenistanyň bu başlangyjy BMG-ä agza döwletler
tarapyndan giň goldawa eýe boldy.
Türkmenistanyň
başlangyjy bilen kabul edilen ýene bir wajyp resminama 2025-nji ýyly “Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly” diýip yglan etmek hakyndaky Kararnamadyr. Bu
başlangyç hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow tarapyndan öňe sürlüp,
BMG-niň Baş Assambleýasynda biragyzdan goldanyldy. Bu resminamanyň kabul
edilmegi Türkmenistanyň parahatçylyk döredijilikli taglymlary ilerletmäge
goşýan goşandynyň ykrarnamasy bolup, ýurdumyzyň dünýä ýurtlaryny umumy
gymmatlyklaryň daşynda jebisleşdirmäge ukyply bitarap döwlet hökmünde eýeleýän
ornuny alamatlandyrýar.
2025-nji
ýylda iki sany möhüm sene — Türkmenistanyň Bitaraplygynyň 30 ýyllygy we BMG-niň
esaslandyrylmagynyň 80 ýyllygy bellenilýär. Bu iki ýubileý senäniň gabat
gelmegi Türkmenistan bilen BMG-niň arasyndaky taryhy arabaglanyşygy görkezýär.
Ýurdumyz Bitaraplyga eýe bolan wagtyndan bäri geçen taryhy döwürde bu halkara
hukuk derejesiniň parahatçylyga ýardam bermek üçin netijeli gural bolup
durýandygyny subut etdi. Türkmenistan deňhukuklylyk, beýleki döwletleriň
özygtyýarlylygyna hormat goýmak, içerki işlerine goşulmazlyk ýörelgelerine
esaslanýan açyk daşary syýasaty durmuşa geçirýär. Bu syýasat ýurdumyza dürli
döwletler, şol sanda sebitdäki goňşy ýurtlar bilen sazlaşykly gatnaşyklary alyp
barmaga mümkinçilik berýär.
“Dialog
— parahatçylygyň kepili” başlangyjy Türkmenistanyň BMG bilen hyzmatdaşlykdaky
iň möhüm başlangyçlarynyň biri bolup, ol gapma-garşylyklaryň öňüni almak,
halklaryň arasynda ynanyşmagy pugtalandyrmak üçin esasy gural hökmünde dialogy
ösdürmäge gönükdirilendir. Türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gahryman Arkadagymyz tarapyndan halkara gatnaşyklaryň täze
filosofiýasy hökmünde öňe sürlen bu başlangyç dünýä jemgyýetçiliginiň giň
goldawyna eýe boldy. Häzirki wagtda ýurdumyzyň bu başlangyjy ösmegini dowam
etdirýär we Türkmenistan ony ählumumy derejede ilerletmek üçin Milletler
Bileleşigi bilen ýakyndan hyzmatdaşlyk edýär.
“Dialog
— parahatçylygyň kepili” başlangyjy diňe bir syýasy ugurlary däl, eýsem, özara
düşünişmäge ýardam berýän medeni alyşmalary hem öz içine alýar. Türkmenistan
BMG bilen hyzmatdaşlykda dürli çäreleri geçirip, milli medeniýetimizi
parahatçylyk döredijiligiň guraly hökmünde görkezýär. Munuň özi ählumumy
raýdaşlygy pugtalandyryp, parahatçylygy üpjün etmekde medeniýetiň eýeleýän
ornuny nygtaýar. Birleşen Milletler Guramasy bilen hyzmatdaşlygyň çäklerinde
Türkmenistan guramanyň dürli edaralarynyň, şol sanda Baş Assambleýanyň we
Howpsuzlyk geňeşiniň işine işjeň gatnaşyp, öz parahatçylyk döredijilik işi barada
yzygiderli hasabatlary berýär, ählumumy gün tertibi boýunça täze pikirleri öňe
sürýär. Bu hyzmatdaşlyk diňe bir Türkmenistanyň abraýyny pugtalandyrmak bilen
çäklenmän, eýsem, BMG-niň parahatçylygy üpjün etmek boýunça maksatlaryny
durmuşa geçirmäge-de ýardam berýär.
Türkmenistan
bu düzümiň çäklerinde durnukly ösüş we ekologiýa boýunça Kararnamalary hem
ilerledýär. Bu resminamalar howanyň üýtgemegine garşy göreşmek boýunça ählumumy
tagallalaryň maksatlaryna laýyk gelip, ýurdumyzyň parahatçylyk döredijilik syýasatynyň
diňe bir howpsuzlygy üpjün etmäge däl, eýsem, adamzadyň umumy öýüniň uzak
möhletleýin abadançylygyna hem gönükdirilendigini görkezýär.
Ýurdumyz
sebitde durnuklylygy üpjün etmek boýunça başlangyçlarda işjeň orny eýeleýär.
2022-nji ýylyň 28-nji iýulynda Türkmenistanyň başlangyjy boýunça BMG-niň Baş
Assambleýasy tarapyndan “Merkezi Aziýa — parahatçylyk, ynanyşmak we
hyzmatdaşlyk zolagy” atly Kararnamanyň kabul edilmegi diňe bir sebit üçin däl,
eýsem, halkara gatnaşyklaryň tutuş ulgamy üçin hem möhüm waka boldy.
Türkmenistan tarapyndan öňe sürlen bu resminama Ýewraziýanyň merkezinde uzak
möhletleýin hyzmatdaşlygyň we parahatçylygyň ýörelgelerini berkidýän
binýatlaýyn syýasy-hukuk resminamasy bolup durýar. Halkara Bitaraplyk gününi,
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyllaryny, Merkezi Aziýany parahatçylyk,
ynanyşmak we hyzmatdaşlyk zolagy diýip yglan etmek baradaky başlangyçlar
ýurdumyzyň çuňňur oýlanyşykly we yzygiderli daşary syýasat strategiýasynyň
netijeleridir. Türkmenistan diňe bir başlangyçlary öňe sürmek bilen çäklenmän,
eýsem, olaryň halkara giňişlikde ykrar edilmegini we iş ýüzünde durmuşa
geçirilmegini gazanmaga taýýardygyny görkezýär. Şeýle yzygiderlilik ýurdumyzyň
daşary syýasy ugruna ynamy has-da pugtalandyrýar.
Türkmenistanyň
tejribesi beýleki döwletler üçin nusgalyk görelde bolup, bitaraplyk
ýörelgeleriniň we öňüni alyş diplomatiýasynyň parahatçylygy hem-de durnuklylygy
üpjün etmek üçin netijeli gural bolup durýandygyny, ýurdumyzyň halkara
giňişlikdäki işjeň ornunyň bolsa ählumumy meseleleriň çözgüdine goşant goşmaga
mümkinçilik berýändigini görkezýär.
tdh.gov