Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ýaponiýa saparynyň çäklerinde “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde
Türkmenistanyň Milli güni mynasybetli dabaraly çärelere gatnaşdy.
Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda Türkmenistan oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk
söýüjilik, hoşniýetli goňşuçylyk, sebit we dünýä derejesinde deňhukukly
hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasat strategiýasyny üstünlikli
durmuşa geçirýär. Şunda dünýäniň ýurtlary bilen söwda-ykdysady gatnaşyklary
giňeltmäge möhüm ähmiýet berilýär. Ýurdumyzyň “EKSPO — 2025” sergisine
gatnaşmagy hem munuň aýdyň güwäsidir.
Bütindünýä
“EKSPO” sergisi ýurtlary, kompaniýalary we guramalary öz gazananlary, täze
tehnologiýalar, medeniýetler bilen tanyşdyrmak üçin bir ýere jemleýän özboluşly
halkara çäredir. Ilkinji Bütindünýä sergisi 1851-nji ýylda Londonda geçirildi.
Şondan bäri hem bu gözden geçirilişler tejribe alyşmak, gazanylan üstünlikler
bilen tanyşmak üçin netijeli meýdança bolup hyzmat edýär.
“EKSPO
— 2025” Bütindünýä sergisi Osakadaky Ýumeşima emeli adasynda 2025-nji ýylyň
13-nji aprelinden 13-nji oktýabryna çenli dowam eder. Uzynlygy 2 kilometre
golaý, ini 30 metr, beýikligi 12 metrden 20 metre çenli ýetýän uly halka
şekilindäki agaç desga sergi toplumynyň esasy bölegi bolup durýar. Desganyň
içinde esasy pawilýonlar, şol sanda milli pawilýonlar, şeýle hem halkara
guramalaryň, iri kompaniýalaryň pawilýonlary ýerleşýär. Osaka sergisi
“Ýaşaýşymyz üçin geljegiň jemgyýetini döredýäris” diýen esasy mowzukda guralyp,
ol “Durmuşy halas etmek”, “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek”, “Durmuşy
birleşdirmek” atly üç kiçi mowzuga bölünýär. Bütindünýä sergisiniň “Durmuşy
halas etmek” mowzugynda saglyk, howpsuzlyk, daşky gurşawy goramak meselelerine
aýratyn üns berilýär. “Durmuş mümkinçiliklerini giňeltmek” mowzugy
tehnologiýalaryň, bilimiň we innowasiýalaryň adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge
ýetirýän täsiri bilen tanyşdyrýar. “Durmuşy birleşdirmek” mowzugynda bolsa
medeniýete, bilelikdäki döredijilige üns berilýär.
Serginiň
“Adamzadyň durmuş barlaghanasy” konsepsiýasy bilelikde täze pikirleri döretmek
we ählumumy meseleleriň çözgüdini işläp taýýarlamak üçin hyzmatdaşlyk
meýdançasyny göz öňünde tutýar. Onda öňdebaryjy tehnologiýalar, şol sanda 5G
aragatnaşyk ulgamy, emeli aň, uçýan awtoulaglar, daşky gurşawa zyýansyz
infrastrukturalar, terjimeçi robotlar, ylmyňdyr tehnikanyň soňky gazananlary
tanyşdyrylar. Bütindünýä sergisiniň çäklerinde howanyň üýtgemegi we azyk
howpsuzlygy ýaly möhüm meseleler ara alnyp maslahatlaşylar. Adam bilen
tehnologiýalaryň özara baglanyşygyna aýratyn üns çekiler. Bilimiň hilini
ýokarlandyrmaga, adamlaryň mümkinçiliklerini giňeltmäge gönükdirilen täze işläp
taýýarlamalar tanyşdyrylar. Wirtual hakykat, emeli aň, robotlaşdyrylan ulgamlar
durmuşyň dürli ulgamlaryny özgertmek babatda uly kuwwaty açyp görkezer. Şeýle
hem sergide ekologik durnuklylyga möhüm üns berler. Myhmanlar gaýtadan
dikeldilýän energetika, galyndylary gaýtadan işlemek, durnukly oba hojalygy
ýaly ulgamlarda innowasion çözgütler bilen tanşyp bilerler.
...Ir
bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň awtoulag kerweni “EKSPO —
2025” Bütindünýä sergisiniň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş binasynyň
merkezi girelgesiniň öňüne geldi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy Ýaponiýanyň
“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka, “EKSPO — 2025”
Bütindünýä sergisiniň Baş komissary Haneda Koji, Ýapon-türkmen parlamentara
dostluk toparynyň başlygy Endo Toşiaki mähirli garşyladylar. Binanyň foýesinde
döwlet Baştutanymyz “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň Hormatly myhmanlar
kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Soňra
hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi boýunça
ministri dabaranyň geçirilýän ýerine — “Milli günler” binasyna barýarlar. Bu
ýerde Türkmenistanyň hem-de Ýaponiýanyň Döwlet senalary ýaňlanýar, iki ýurduň
Döwlet baýdaklary galdyrylýar. Türkmenistanyň şu gezekki Bütindünýä sergisinde
ilkinjileriň biri bolup öz Milli gününi geçirýändigini bellemek gerek.
Ýaponiýanyň
“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisi boýunça ministri Ito Ýoşitaka dabarany açyp,
Türkmenistanyň Milli gününiň dabarasynyň geçirilmegi mynasybetli Ýaponiýanyň
Hökümetiniň adyndan gutlaglaryny beýan etdi hem-de serginiň ilkinji Milli
gününi Onuň Alyhezreti, Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň
gatnaşmagynda Türkmenistan bilen bilelikde bellemegiň özi üçin uly hormatdygyny
aýtdy. “Hormatly Türkmenistanyň Prezidenti we türkmen halkynyň Milli Lideri,
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow iki
dostlukly ýurduň arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmäge uly ähmiýet berýärler”
diýip, Ito Ýoşitaka nygtady hem-de Ýaponiýanyň we dünýäniň dürli künjeklerinden
gelen adamlaryň Türkmenistanyň pawilýonyna baryp görjekdiklerine hem-de
ýurdumyzyň özüne çekijiligi baradaky maglumatlar bilen giňden tanyşjakdyklaryna
ynam bildirdi.
Soňra
hormatly Prezidentimize söz berilýär. Döwlet Baştutanymyz dabara gatnaşyjylary
“EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy
bilen tüýs ýürekden gutlap, sergä gatnaşyjylara uly üstünlikleri arzuw etdi
hem-de döredilen ajaýyp şertler üçin guramaçylara çuňňur minnetdarlygyny
bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz “EKSPO — 2025” Bütindünýä sergisiniň döwletleriň, halkara
guramalaryň, ykdysady we maliýe institutlarynyň, işewürleriň arasynda
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga ýardam edýändigini, ykdysady, maýa goýum
gatnaşyklary üçin netijeli ugurlary, öňdebaryjy ideýalary, tehnologik
çözgütleri öňe sürýändigini belledi.
Häzirki
Bütindünýä sergisiniň Türkmenistan üçin aýratyn ähmiýeti bardyr. Bu sergi
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 2025-nji ýyly «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýip yglan etmegi bilen gabat gelýär.
Parahatçylyk, ynanyşmak, deňhukuklylyk bütindünýä ykdysady gatnaşyklarynyň
esasyny düzmelidir diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we Türkmenistanyň Milli
gününi açmak bilen, ýurdumyzyň dünýä döwletleri bilen hyzmatdaşlyga, dürli
ugurlarda bilelikdäki başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardygyny tassyklady.
Bellenilişi
ýaly, dünýäniň energetika taýdan öňdebaryjy döwletleriniň biri hökmünde
Türkmenistan energiýa serişdelerini halkara bazarlara ibermek üçin iri
taslamalary öňe sürýär. Hyzmatdaşlar bilen bilelikde möhüm ähmiýetli
taslamalary amala aşyrmaga gatnaşýar. Türkmenistanyň sergisine gelýänler
ýurdumyzyň senagaty, oba hojalygy, dokma, himiýa senagaty, syýahatçylyk
pudaklarynda we beýleki ugurlarda ýeten sepgitleri bilen tanşyp bilerler. Bu
üstünlikleriň ählisi dürli pudaklarda milli ykdysadyýetimizi döwrebaplaşdyrmaga
gönükdirilen düýpli özgertmeleriň netijeleridir.
Oýlanyşykly
alnyp barylýan daşary ykdysady syýasat döwletimiziň üstünlikli we durnukly
ösüşiniň möhüm bölegi bolup durýar. Türkmenistan daşary ykdysady gatnaşyklaryny
yzygiderli ösdürýär. Ýurdumyz halkara söwda, maýa goýum we tehnologik işlere
gatnaşýar. Osakada geçirilýän şu günki dabara hem Ýaponiýa bilen netijeli
hem-de dostlukly hyzmatdaşlygy ýola goýandygymyzy görkezýär diýip, Arkadagly
Gahryman Serdarymyz aýtdy hem-de ýurdumyzyň Ýaponiýa uzak möhletli, ygtybarly
we durnukly hyzmatdaş hökmünde garaýandygyny nygtady.
Döwlet
Baştutanymyz Ýaponiýanyň köp sanly işewür toparlarynyň ýurdumyzyň
ýangyç-energetika, gurluşyk, ulag pudaklarynda iri maýa goýum taslamalaryny
durmuşa geçirmäge işjeň gatnaşýandyklaryny belläp, bu işleri amala aşyrmakda
uly tagallalary edýändikleri üçin Ýaponiýanyň Hökümetine we işewürlerine
minnetdarlyk bildirdi hem-de hyzmatdaşlygyň mundan beýläk-de berkidiljekdigini
aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Ýaponiýada Türkmenistanyň milli sergisini görkezmegiň ýurdumyz
üçin uly hormatdygyny, şu günki dabaranyň Bütindünýä sergisiniň açylyşynyň
ilkinji günlerinde geçirilýändigini aýratyn belläp, Türkmenistanyň milli
sergisiniň işewür gatnaşyklary ýola goýjakdygyna, hyzmatdaşlyk üçin täze
mümkinçilikleri açjakdygyna berk ynam bildirdi we hemmeleri “EKSPO — 2025”
Bütindünýä sergisinde Türkmenistanyň Milli gününiň açylmagy bilen ýene-de bir
gezek tüýs ýürekden gutlady.
Dabarada
Türkmenistanyň medeniýet we sungat ussatlarynyň joşgunly çykyşlary
ýaýbaňlandyryldy. Olaryň ýerine ýetiren aýdym-sazlarynda berkarar Watanymyzyň,
halkymyzyň bagtyýar durmuşynyň, baý taryhynyň, asylly däpleriniň waspy
ýetirildi.
Soňra
hormatly Prezidentimiz hem-de Ýaponiýanyň resmi adamlary Türkmenistanyň milli
pawilýonyna bardylar. Pawilýonyň öňünde medeniýet we sungat ussatlary çykyş
edýärler.
Türkmenistanyň
pawilýonynyň aýlawly üçburçluk görnüşindäki şekili täzelenişi, durnukly ösüşi
alamatlandyrýar. Binanyň üçegi türkmen halkynyň gadymy şaý-sepleriniň biri
bolan gülýakadan, daşky görnüşi bolsa Garagum sährasyndan ylham alnyp
döredilipdir. Şeýle hem binanyň daşky bezeginde türkmen halysynyň gölleri, ady
äleme dolan ahalteke bedewiniň şekili, gözel tebigatymyzyň ajaýyp keşbi öz
beýanyny tapýar. Türkmenistanyň milli pawilýony gadymy däp-dessurlaryň we
döwrebaplygyň jemlenýän ýeri bolup, haýran galdyryjy görnüşleri bilen
myhmanlaryň ünsüni özüne çekýär. Haly gölleri ata-babalarymyzyň şöhratly taryhy
barada habar berýän bolsa, Garagum sährasy türkmen tebigatynyň gözelligini we
köpdürlüligini beýan edýär. Pawilýonyň gurluşygynda ekologik taýdan arassa
serişdeler ulanylypdyr.
Dabara
gatnaşyjylaryň şowhunly el çarpyşmalary astynda döwlet Baştutanymyz milli
pawilýonyň toý bagyny kesýär. Hormatly Prezidentimiz we Ýaponiýanyň resmi
adamlary binanyň içine geçýärler. Bu ýerde belent mertebeli myhmanlara pawilýon
barada giňişleýin maglumat berilýär.
Pawilýon
üç gatdan ybarat bolup, onuň döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün edilen birinji
gatynda Türkmenistanyň taryhy, medeniýeti, ykdysady ösüşleri we tebigy
baýlyklary bilen tanyşdyrýan immersiw görkezme zaly ýerleşýär. Bölümde täze
tehnologiýalaryň, multimedia enjamlarynyň giňden ulanylmagy ösüşiň, rowaçlygyň
ýoly bilen ynamly gadam urýan Türkmenistanyň köpugurly ykdysady hem-de medeni
kuwwaty, ösüşiniň ileri tutulýan ugurlary, geljegi barada aýdyň düşünje we doly
maglumat almaga mümkinçilik berýär.
Pawilýon
bilen tanyşlyk ýurdumyzyň taryhyny, gözel tebigatyny, milli baýlyklaryny,
Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe ýeten belent sepgitlerini
beýan edýän, 3D animasiýa görnüşinde taýýarlanan wideoşekile tomaşa etmek bilen
başlanýar. Soňra hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň wekilleri ikinji
gata barýarlar we ol ýerde Arkadag şäheriniň, ýurdumyzyň ministrlikleriniň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň sergi eksponatlary bilen tanyşýarlar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy we hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň tagallalary bilen Köpetdagyň ajaýyp
künjeginde bina edilen, sebitde deňi-taýy bolmadyk Arkadag şäheriniň keşbinde
milli binagärligiň iň gowy däpleri binagärlik we bezeg babatda häzirki zaman
meýilleri bilen sazlaşykly utgaşýar. “Akylly” şäherde halkara ölçeglere laýyk
gelýän toplumlaýyn infrastrukturanyň döredilmegi şäher ýaşaýjylary üçin oňaýly
ýaşaýyş-durmuş şertlerini üpjün edýär. Şäheriň köçelerinde jemgyýetçilik
ulagynyň ekologik taýdan arassa görnüşleri — elektrobuslar hem-de
elektrotaksiler hereket edýär.
“Akylly”
öý tehnologiýalary ulanylyp gurlan döwrebap 5, 7, 9 gatly ýaşaýyş jaýlary, 2
gatly kottejler Arkadag şäheriniň aýratynlygydyr. Öýi dolandyrmagyň
intellektual ulgamy internet tory arkaly öýleriň durmuş üpjünçiliginiň,
howpsuzlygynyň ähli ugurlarynyň awtomatik we sazlaşykly işini üpjün edýär.
Şunuň netijesinde, öýleri, hojalyk işlerini aralykdan, mysal üçin, smartfonyň
kömegi bilen dolandyryp bolýar. Täze şäherde optiki-süýümli kommunikasion
ulgamyň ornaşdyrylmagy ýokary tizlikli interneti ulanmaga mümkinçilik berdi.
Ýokary hilli öýjükli aragatnaşygy üpjün etmek üçin 4G enjamlarynyň toplumy işe
girizildi.
Arkadag
şäheri adamlaryň ýaşamagy, zähmet çekmekleri, dynç almaklary üçin iň kämil we
amatly, döwrüň talaplaryna laýyk gelýän şäherleriň birine öwrüldi. Häzirki
wagtda şäheriň ikinji tapgyrynyň gurluşygy batly depginler bilen dowam edýär.
Taslamanyň çäklerinde azyk harytlaryny, senagat, derman serişdelerini,
lukmançylyk önümlerini öndürjek önümçilik hem-de hyzmat ediş desgalary
gurulýar. Arkadag şäherinde lukmançylyk klasteriniň önümçilik toplumlaryny
kemala getirmegiň konsepsiýasynyň çäklerinde «Arkadag Medisina Klasteri
Menejment» kärhanasy döredildi. Kärhanada saglygy goraýyş ulgamynda gündelik
peýdalanylýan lukmançylyk serişdeleriniň görnüşleri, şol sanda ýokary ekologik
talaplara laýyk gelýän pamyklar, dokalmadyk matadan bir gezeklik agyz-burun
örtükleri, başgaplar, halatlar, ýorgan-düşek daşlyklary, aýakgap örtükleri,
hassahanalar üçin zerur bolan saglyk maksatly serişdeler öndürilýär. Häzirki
wagtda kärhana tarapyndan öndürilýän önümleriň görnüşlerini artdyrmak babatda
ylmy taýdan esaslandyrylan işler alnyp barylýar.
Gurluşyk-senagat
toplumy milli ykdysadyýetimiziň iň çalt ösýän pudaklarynyň biridir. Häzirki
döwürde ýurdumyzyň ähli künjeklerinde öňdebaryjy enjamlar bilen üpjün edilen
binagärlik desgalary, döwrebap edara ediş binalary, amatly ýaşaýyş jaýlary, iri
önümçilik kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Olaryň gurluşygynda bildirilýän
talaplara laýyklykda, ýerli howa şertlerine, ekologik kadalara gabat gelýän
ýokary hilli gurluşyk serişdeleri ulanylýar. Daşary ýurtlardan getirilýän
harytlaryň ornuny tutýan, eksport ugurly önümleriň öndürilýän möçberini
artdyrmak boýunça öňde goýlan wezipelere laýyklykda, içerki bazary ýerli çig
malyň esasynda öndürilýän gurluşyk serişdeleri bilen üpjün etmek meselelerine
aýratyn üns berilýär. Türkmenistanda öndürilýän önümleriň ýokary hilini,
bäsdeşlige ukyplylygyny gazanmak maksady bilen, pudagyň maddy-enjamlaýyn
binýady yzygiderli pugtalandyrylýar, döwrebap kärhanalar gurulýar.
Türkmenistany
senagatlaşdyrmak boýunça ýaýbaňlandyrylan maksatnamalaryň çäklerinde iri
senagat kärhanalarydyr desgalar ulanmaga berilýär. Ýurdumyzyň ähli sebitlerinde
dünýä belli önüm öndürijileriň iň kämil enjamlary bilen enjamlaşdyrylan
döwrebap gaz turbinaly elektrik stansiýalary, elektrik geçiriji ulgamlar,
elektrik paýlaýjy beketler gurulýar, paýtagtymyzyň, beýleki şäherleriň, ilatly
ýerleriň energiýa üpjünçilik ulgamy täzelenýär.
Soňky
ýyllarda energetika senagatynyň önümçilik kuwwatynyň ep-esli artmagy
döwletimiziň energetika kuwwatyny pugtalandyrmak bilen birlikde, elektrik
energiýasyny goňşy döwletlere eksport etmek mümkinçiliklerini-de düýpli
giňeldýär. Durmuşa geçirilýän iri halkara taslamalar, şol sanda Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan ýokary woltly elektrik geçiriji ulgamynyň çekilmegi hem
şu maksatlara gönükdirilendir. Bu taslama tutuş sebitiň durmuş-ykdysady taýdan
durnukly ösmegine ýurdumyzyň goşan uly goşandy bolar.
Milli
himiýa senagatynyň ösdürilmegine-de uly üns berilýär. Pudagy ösdürmegiň
strategiýasy ýerli çig mallary netijeli peýdalanmaga, içerki bazarda we daşary
ýurtlarda uly isleg bildirilýän ýokary hilli önümleri öndürmäge
gönükdirilendir. “Türkmenhimiýa” döwlet konserni tarapyndan önümçilik
kuwwatlyklaryny artdyrmak, öňdebaryjy tehnologiýalary ornaşdyrmak, pudagy
ýokary derejeli hünärmenler bilen üpjün etmek boýunça yzygiderli işler durmuşa
geçirilýär.
“Türkmenhaly”
döwlet birleşiginiň diwarlygynda ÝUNESKO-nyň Adamzadyň maddy däl medeni
mirasynyň sanawyna girizilen türkmen milli halyçylyk sungaty bilen
tanyşdyrylýar. Bu sungat halkymyzyň dünýägaraýşyny, taryhyny özünde jemleýär.
Nesilden-nesle geçip gelýän ruhy gymmatlyklarymyzy aýawly saklamak maksady bilen,
täze taryhy döwürde dünýäniň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegine öwrülen gadymy
sungatymyzy wagyz etmek babatda giň gerimli işler amala aşyrylýar. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe gadymy halyçylyk sungatyny ösdürmäge
täze itergi berildi. Pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny mundan beýläk-de
pugtalandyrmak, işiň netijeliligini ýokarlandyrmak maksady bilen, täze
kärhanalar açylýar, olarda netijeli zähmet çekmek üçin ähli şertler döredilýär.
Milli
ykdysadyýetimiziň çalt depginler bilen ösýän pudaklarynyň ýene biri dokma
senagatydyr. Onuň ýokary hilli önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly
isleg bildirilýär. Türkmenistanyň Dokma senagaty ministrliginiň düzüminde
ýokary tehnologiýaly önümçilik kärhanalaryny döretmek, ýerli çig maldan öndürilýän
bäsdeşlige ukyply önümleriň görnüşlerini, möçberini artdyrmak boýunça uly işler
amala aşyrylýar. «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň döredilmegi
halkara bazarlarda bäsdeşlige ukyply önümleri öndürýän ýurt hökmünde
Watanymyzyň abraýyny has-da belende galdyrmaga, onuň eksport kuwwatynyň
artmagyna ýardam berýär. Pagta süýüminden ýüplükleri taýýarlaýan, dürli
matalary dokaýan, tikinçilik önümlerini öndürýän kärhanalar ykdysadyýetimiziň
depginli ösmegine saldamly goşant goşýar. Häzirki döwürde ýokary hilli,
ekologik taýdan arassa «Gala», «Ýeňiş», «Goza», «Wada», «Nusaý», «Bedew»,
«Bürgüt», «Akpamyk», «Merw», «Jeýtun», «Mäne» ýaly haryt nyşanly dokma
önümlerine içerki we daşarky bazarlarda uly isleg bildirilýär.
Telekeçiligi
ösdürmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda durmuşa geçirilýän ykdysady
strategiýanyň esasy ugurlarynyň biridir. Häzirki döwürde hususy pudagyň öňünde
azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak, import edilýän harytlaryň ornuny tutýan
önümleriň öndürilýän möçberini artdyrmak, söwda hyzmatlaryny kämilleşdirmek
ýaly wezipeler durýar. Ýurdumyzyň telekeçileri döwletimiz tarapyndan döredilýän
giň mümkinçiliklerden netijeli peýdalanyp, döwrebap tehnologiýalar bilen üpjün
edilen kärhanalarda öndürilen ýokary hilli, bäsdeşlige ukyply önümleriň
eksportyny yzygiderli artdyrýarlar we halkara söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
ösdürmäge mynasyp goşant goşýarlar.
Medeniýet
ulgamy hem türkmen jemgyýetiniň ösüşiniň möhüm ugurlarynyň biridir. Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda bu ulgamy döwrebaplaşdyrmak, taryhy we medeni
desgalary goramak hem-de aýawly saklamak boýunça toplumlaýyn işler durmuşa
geçirilýär. Döredilen ygtybarly maddy-enjamlaýyn binýat medeniýet ulgamynyň
edaralarynyň işini kämilleşdirmäge ýardam edýär. Ýurdumyzyň ähli künjeklerinde
teatrlar, kitaphanalar, muzeýler, kinoteatrlar, kinokonsert merkezleri, sergi
zallary, açyk sahna meýdançalary hereket edýär. Ýaşlaryň döredijilik
ukyp-başarnyklaryny kämilleşdirmek, täze zehinleri ýüze çykarmak, olaryň
mümkinçiliklerini açmak üçin zerur şertleri döretmek boýunça giň gerimli işler
alnyp barylýar. Her ýylda geçirilýän döredijilik bäsleşikleri ýaşlaryň
halkymyzyň bahasyna ýetip bolmajak ruhy hazynasyna, baý aýdym-saz medeniýetine
gyzyklanmalaryny artdyrýar.
Türkmenistanyň
energetika syýasaty milli ykdysadyýetimiziň esasy pudaklarynyň biri bolan
nebitgaz senagatyny hemmetaraplaýyn ösdürmäge we onuň halkara energetika
ulgamyna okgunly goşulyşmagyny üpjün etmäge gönükdirilendir. Munuň özi
ýurdumyzyň eksport mümkinçilikleriniň artmagyna ýardam edýär. Diýarymyzyň
ýangyç-energetika toplumyny ösdürmekde ägirt uly “Galkynyş” gaz käniniň
tapgyrlaýyn özleşdirilmegine aýratyn ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda
uglewodorod çig malyny gaýtadan işlemek boýunça iň täze enjamlar bilen
enjamlaşdyrylan gazy gaýtadan işleýän toplumlar hereket edýär.
Türkmenistan
— Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň taslamasy Türkmenistanyň
energetika strategiýasyny amala aşyrmakda nobatdaky anyk ädim bolup,
ýangyç-energetika toplumyny döwrebaplaşdyrmak, geljegi nazara almak bilen, onuň
kuwwatyny artdyrmak, energiýa serişdelerini dünýä bazaryna çykarmagyň täze
ulgamlaryny döretmek üçin ygtybarly binýat bolup hyzmat eder. Bu iri taslama
türkmen tebigy gazynyň Günorta Aziýa ýurtlaryna iberilmegini üpjün etmek bilen
çäklenmän, eýsem, sebitde ykdysady hyzmatdaşlygy berkitmegiň, parahatçylygy we
durnuklylygy pugtalandyrmaga ýardam bermegiň hem esasy şerti bolup durýar.
Ýurdumyzda
azyk bolçulygyny üpjün etmek hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýän döwlet syýasatynyň möhüm ugurlarynyň biridir.
Şunuň bilen baglylykda, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn we ylmy esasda
ösdürmäge, pudagyň ykdysady netijeliligini ýokarlandyrmaga gönükdirilen giň
gerimli işler alnyp barylýar. Dünýäniň öňdebaryjy tejribesi milli ekerançylyk
däpleri bilen utgaşdyrylyp, önümçilige ornaşdyrylýar. Seçgiçilik, tohumçylyk
ugrunda işleýän ylmy edaralar bilen netijeli hyzmatdaşlyga aýratyn ähmiýet
berilýär. Oba hojalykçy alymlaryň, ugurdaş hünärmenleriň işleri, ekerançylaryň
yhlasly zähmeti netijesinde oba hojalyk ekinleriniň hasyllylygy ýokarlanyp,
berkarar döwletimiziň azyk binýady ygtybarly üpjün edilýär.
Häzirki
wagtda halkymyzyň baý medeni mirasyny, şol sanda behişdi bedewleri ösdürip
ýetişdirmek we seýislemek baradaky köpasyrlyk däplerini aýawly saklamak,
öwrenmek, wagyz etmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe müňýyllyklaryň jümmüşinden gözbaş
alýan atçylyk sungatymyza kuwwatly itergi berildi. Gahryman Arkadagymyzyň bu
ugurda başyny başlan giň möçberli işleri Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
baştutanlygynda üstünlikli dowam etdirilýär. Ajaýyp ahalteke bedewleri okgunly
ösýän Garaşsyz, baky Bitarap Watanymyzyň düýpli özgertmeler ýolunda gazanýan
üstünlikleriniň aýdyň nyşanydyr. Behişdi bedewleriň gözelligi, çydamlylygy,
asyllylygy, wepalylygy, duýgurlygy, türkmen atşynaslarynyň, seýisleriniň,
seçgiçileriniň ýokary ussatlyk derejesi hemmeleri haýran galdyrýar. Ahalteke
bedewleriniň watany bolan Türkmenistan bilen atçylyk ulgamynda özara gatnaşyk
etmäge gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň sany barha artýar.
2010-njy ýylda Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen we
ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşýän Halkara ahalteke atçylyk assosiasiýasynyň
işi-de şu maksatlara gönükdirilendir.
Alabaýlar
hem ahalteke bedewleridir nepis halylar ýaly, halkymyzyň buýsanjy we
şöhratydyr, milli gymmatlygydyr. Milli Liderimiziň başlangyçlary, hormatly
Prezidentimiziň taýsyz tagallalary esasynda ýurdumyzda türkmen alabaýlarynyň
dünýädäki şan-şöhratyny has-da belende götermek, olary gorap saklamak we
köpeltmek, bu ugurda geçirilýän işleri halkara derejede wagyz etmek boýunça giň
möçberli çäreler amala aşyrylýar. Alabaýlaryň taryhy gelip çykyşyny, häzirki
günlere gelip ýetişini, aýratynlyklaryny ylmy esasda öwrenmek üçin ähli zerur
şertler döredilýär. Halkara «Türkmen alabaý itleri» assosiasiýasy alabaýlaryň
tohum arassalygyny gorap saklamak, dünýäde giňden wagyz etmek, welaýatlarymyzda
we Aşgabat şäherinde gurlan merkezlerde türkmen alabaýlaryny ösdürip
ýetişdirmek, köpeltmek, tohumçylyk-seçgiçilik işlerini alyp barmak, ýurdumyzda,
daşary ýurtlarda türkmen alabaýlarynyň sergilerini, bäsleşiklerini guramak
boýunça giň gerimli işleri alyp barýar.
Döwletimiziň
ykdysady we tehniki kuwwatyny pugtalandyrmak, aň-paýhas mümkinçiliklerini
ýokarlandyrmak, halkymyzyň abadançylygynyň bähbidine ylym-bilim ulgamyny
hemmetaraplaýyn ösdürmek hormatly Prezidentimiziň alyp barýan döwlet
syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir. Ylmy-barlag institutlarynda,
ýokary okuw mekdeplerinde, beýleki ugurdaş düzümlerde düýpli we amaly ylmy
barlaglary geçirmek, olaryň gerimini giňeltmek üçin ähli zerur şertler
döredilýär. Şunda ylmyň, bilimiň, önümçiligiň özara arabaglanyşygyna aýratyn orun
berilýär. Ýaşlary ylym bilen meşgullanmaga çekmäge, zehinli alymlaryň täze
neslini höweslendirmäge we goldamaga, dünýäniň ylmy jemgyýetçiligi bilen
netijeli hyzmatdaşlygy berkitmäge uly üns berilýär. Pawilýonyň çäginde
Türkmenistanyň bilim ulgamynyň gazanan üstünlikleri bilen tanyşdyrýan
diwarlykda Gahryman Arkadagymyzyň jöwher zehininden dörän ajaýyp kitaplara giň
orun berlipdir.
Saglygy
goraýyş we sport ulgamlarynda soňky ýyllarda gazanylan uly üstünlikler
ýurdumyzda ilatyň saglygyny goramak boýunça amala aşyrylýan işleriň aýdyň
beýanydyr. Milli Liderimiziň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk»
Döwlet maksatnamasy häzirki wagtda hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwrüniň
özgertmeler maksatnamalarynyň çäklerinde soňky ýyllarda ähli welaýatlarymyzda
Merkezi Aziýa sebitinde deňi-taýy bolmadyk häzirki zaman lukmançylyk merkezleri
gurlup, saglygy goraýyş ulgamynyň infrastrukturasy döwrebaplaşdyrylýar. Bularyň
ählisi ilata halkara standartlara laýyk gelýän ýokary hilli lukmançylyk
hyzmatlaryny hödürlemäge ýardam berýär.
Ýurdumyzyň
ähli künjeklerinde döwrebap sport infrastrukturasy döredilip, iri ugurdaş
desgalar yzygiderli gurlup ulanmaga berilýär. Bedenterbiýe-sagaldyş hereketine,
ýokary netijeli sporta döwlet tarapyndan goldaw berilmegi bilen, halkara
ýaryşlarda Türkmenistana wekilçilik edýän ýaş türgenleriň täze nesli kemala
gelýär.
Pawilýonyň
ikinji gatynyň merkezinde ýurdumyzyň dermanlyk ösümlikleriniň sergisine aýratyn
orun berlipdir. Türkmenistanyň dürli ekoulgamlary özünde jemleýän gaýtalanmajak
ösümlik dünýäsi bar. Dermanlyk ösümlikler türkmen tebigatynyň özboluşly
aýratynlyklarynyň biridir. Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasynyň akademigi,
lukmançylyk ylymlarynyň doktory Gahryman Arkadagymyzyň “Türkmenistanyň
dermanlyk ösümlikleri” atly köp jiltli ylmy-ensiklopedik eserinde ýurdumyzda
ösýän dermanlyk ösümlikleriň bejeriş häsiýetleri, olary ylmy we halk
lukmançylygynda peýdalanmagyň mümkinçilikleri giňişleýin beýan edilýär.
Türkmenistanyň dermanlyk ösümlikleriniň köpdürlüligi halk lukmançylygynyň baý
medeni we taryhy däpleriniň kemala gelmegine ýardam edipdir. Bu ösümlikler diňe
bir şypa çeşmesi bolmak bilen çäklenmän, eýsem nesilden-nesle geçirilip
gelinýän medeni mirasyň hem möhüm bölegi bolup durýar. Ekologiýanyň üýtgeýän
häzirki şertlerinde bu ösümlikleriň goralyp saklanmagy hem-de öwrenilmegi
aýratyn ähmiýete eýe bolup, lukmançylyk we farmakologiýa üçin täze gözýetimleri
açýar.
Maliýe-ykdysadyýet
toplumy tarapyndan milli ykdysadyýetimizi ösdürmek hem-de
diwersifikasiýalaşdyrmak, bäsdeşlige ukyplylygyny, innowasion ösüşini
ilerletmek boýunça giň gerimli işler amala aşyrylýar. Häzirki wagtda
Türkmenistany durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalar
üstünlikli durmuşa geçirilýär. Bank ulgamyny kämilleşdirmek boýunça döwlet
maksatnamasynda kesgitlenen çäreleriň çäklerinde bank amallarynyň täze
görnüşlerini girizmek we innowasion tehnologiýalary ornaşdyrmak, telekeçilik
işleriniň dolandyrylyşyny kämilleşdirmek, banklaryň maliýe hasabatlylygyny
halkara standartlaryň derejesine çykarmak, ulgamyň işgärleriniň hünär
derejesini ýokarlandyrmak boýunça anyk çäreler görülýär.
Hormatly
Prezidentimiziň baştutanlygynda ulag-aragatnaşyk pudagyny toplumlaýyn
döwrebaplaşdyrmak, ýurdumyzyň logistika mümkinçiliklerini giňeltmek boýunça hem
maksada gönükdirilen işler üstünlikli durmuşa geçirilýär. Ulag-kommunikasiýa
strategiýasynyň amala aşyrylmagy bilen, ýurdumyz sebit we halkara derejeli
möhüm ulag-logistika merkezi hökmünde eýeleýän ornuny barha pugtalandyrýar.
Türkmenistan gadymy döwürlerden bäri yklymyň söwda ýollarynyň möhüm çatrygynda
ýerleşip, halkara ulag ulgamyna goşulyşmaga, deňiz, howa, demir ýol, awtomobil
gatnawlaryny öz içine alýan Gündogar — Günbatar we Demirgazyk — Günorta halkara
ulag geçelgeleriniň döwrebap ulgamynyň döredilmegine möhüm ähmiýet berýär.
Munuň özi bu ugurlar boýunça ýolagçylary gatnatmagy, ýükleri daşamagy doly
üpjün etmäge mümkinçilik berer. Gatnawlaryň möçberini artdyrmak üçin demir we
awtomobil ýollarynyň gurluşygynyň taslamalary amala aşyrylýar. Howa, deňiz
ýollarynyň, gury portlaryň döwrebap infrastrukturasy döredilýär. Logistikany
sazlaşykly hem-de utgaşykly alyp barmak babatda giň gerimli işler durmuşa
geçirilýär.
Ýurdumyzyň
milli pawilýony bilen tanyşlygyň dowamynda Ýaponiýanyň wekilleri Türkmenistanyň
dürli ugurlarda ýeten belent sepgitleriniň Gahryman Arkadagymyzyň başyny başlan
çuňňur oýlanyşykly ykdysady strategiýasynyň hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýändigine şaýatlyk edýändiklerini bellediler.
Soňra
hormatly Prezidentimiz we dostlukly ýurduň wekilleri türkmen milli tagamlary we
bu ýerde gurnalan çaýhanada türkmen çaýynyň taýýarlanylyşy bilen tanyşdylar.
Gözbaşyny
gadymy döwürlerden alyp gaýdýan, özboluşlylygy bilen tapawutlanýan türkmen
aşhanasy halkymyzyň baý medeniýetini we taryhyny beýan edýän tagamlaryňdyr
däpleriň ajaýyp sazlaşygydyr, bereketli türkmen saçagy bolsa myhmansöýerligiň
nyşany bolup durýar. Milli aşhanamyzda gök çaýa aýratyn orun degişlidir.
Halkymyz çaý başynda söhbet etmegi adat edinipdir. Bu bolsa adamlaryň arasynda
dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga ýardam edýär. Mundan başga-da, gök çaý
adam saglygyna berýän peýdasy bilen meşhurdyr. Ol ruhubelentligiň we
güýç-kuwwatyň çeşmesi hasaplanýar. Adaty hem-de halk lukmançylygynda gök çaý
iýmit siňdiriş ulgamyny gowulandyrmak, bedeniň kesellere garşy durnuklylygyny
pugtalandyrmak üçin serişde hökmünde ulanylýar. Gahryman Arkadagymyzyň “Çaý — melhem
hem ylham” atly kitabynda belleýşi ýaly, çaý içmegi ata-babalarymyz nepesiňi
durlamak hasap edipdirler. Çaý içilende adamyň şähdiniň açylyp, onuň on iki
süňňüniň ynjalyk tapýandygyna ynanypdyrlar. Sähel ynjalyksyzlygy çaý içip ýeňip
bolýandygyna bil baglapdyrlar. Çaý hakyndaky täsin pikirlere, türkmen halk
döredijiliginde, edebiýatda ýygy-ýygydan gabat gelinýär. Şunuň bilen
baglylykda, Milli Liderimiziň bu ajaýyp eseriniň ýapon diline hem terjime
edilendigini bellemek gerek.
Soňra
döwlet Baştutanymyz we Ýaponiýanyň ýokary wezipeli wekilleri Türkmenistanyň
milli pawilýonynyň birinji gatyndaky sowgatlyk dükany bilen tanyşýarlar. Onda
milli senetçiligimiziň, sungatymyzyň we däp-dessurlarymyzyň özboluşlylygyny
beýan edýän dürli önümler ýerleşdirilipdir. Bu önümler sergä gelýän myhmanlara
halkymyzyň baý taryhy, senetçiliginiň çeperçilik aýratynlyklary bilen tanyşmaga
mümkinçilik berýär. Ýurdumyzda öndürilýän şeýle önümler alyjylaryň arasynda uly
islegden peýdalanýar. Sergide şeýle dükanyň göz öňünde tutulmagy medeni
mirasymyzy gorap saklamaga we giňden wagyz etmäge, bu ugurda ýetilen sepgitler
bilen tanyşdyrmaga, medeniýetleri özara baýlaşdyrmaga, halklary ýakynlaşdyrmaga
ýardam berýär.
Türkmenistanyň
milli pawilýony bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz Ýaponiýanyň
milli pawilýonyna baryp gördi. Bu ýerde döwlet Baştutanymyzy pawilýonyň
ýolbaşçylary mähirli garşylaýarlar hem-de bu desga barada umumy maglumat
berýärler.
Ýaponiýanyň
pawilýony ýaşaýşyň üznüksizligini alamatlandyrýan tegelek görnüşinde bolup,
ekologik taýdan arassa agaçlardan bina edilipdir. Sergi tamamlanandan soňra, bu
agaçlar beýleki binagärlik taslamalarynda ulanylar. Bu bolsa sirkulýasiýanyň
möhüm ähmiýetine ünsi çekýär. Pawilýon üç bölümden ybaratdyr. “Geçmiş” atly
birinji bölümde Ýaponiýanyň medeniýeti we däp-dessurlary, durmuş filosofiýasy
bilen tanyşdyrylýar. “Häzirki döwür” diýlip atlandyrylýan ikinji bölümde
Ýaponiýanyň tehnologiýalar, saglygy goraýyş, ulag we energetika ulgamlarynda
gazanan üstünlikleri beýan edilýär. “Geljek” atly üçünji bölümde bolsa emeli
aň, robototehnika ýaly geljegiň tehnologiýalary bilen tanyşdyrylýar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz bu ýerde ýaşaýyş-durmuş şertlerinde sirkulýasiýanyň, şol
sanda galyndylaryň gaýtadan işlenilmeginiň ähmiýetine bagyşlanan sergi
eksponatlary bilen tanyşdyrylýar. Netijeli sirkulýasiýa we galyndylaryň
gaýtadan işlenilmegi häzirki zaman jemgyýetinde möhüm ähmiýete eýedir. Munuň
özi diňe bir ekologik taýdan jogapkärçilikli çemeleşme bolmak bilen çäklenmän,
eýsem serişdeleri tygşytlamagyň hem wajyp şertidir. Serişdeleriň netijeli
peýdalanylmagy we gaýtadan işlenilmegi daşky gurşawa ýetirilýän zyýany
azaltmaga, ekologik abadançylygy üpjün etmäge ýardam berýär. Galyndylary
gaýtadan işlemegiň döwrebap tehnologiýalarynyň ornaşdyrylmagy sirkulýar
ykdysadyýet üçin täze mümkinçilikleri açýar hem-de tebigy serişdelere aýawly
çemeleşmek medeniýetini kemala getirmäge ýardam berýär. Ýaşaýyş-durmuş
şertlerinde sirkulýasiýa bir önümçilikdäki galyndylaryň beýleki bir önümçilikde
çig mal hökmünde ulanylmagyny göz öňünde tutýar. Munuň özi tebigata ýetirilýän
zyýany azaltmak bilen bir hatarda, täze önümçilikleri döretmek ýaly ykdysady
mümkinçilikleri hem açýar. Netijeli sirkulýasiýa durnukly ösüşiň möhüm şerti
bolmak bilen, tebigy serişdeleri gorap saklamaga, has sagdyn, sazlaşykly
jemgyýeti kemala getirmäge ýardam edýär.
Ýaponiýanyň
milli pawilýony bilen tanyşlykdan soňra, hormatly Prezidentimiz pawilýonyň
ýolbaşçylary bilen hoşlaşyp, bu ýerden ugrady.
Günüň
ikinji ýarymynda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Osakanyň Kansai
Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Tokio şäherine ugrady. Birnäçe
wagtdan soňra, döwlet Baştutanymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen
bezelen Tokionyň Haneda Halkara howa menziline gelip gondy. Bu ýerde döwlet
Baştutanymyz mähirli garşylanyldy.
Hormatly
Prezidentimiziň Ýaponiýa sapary dowam edýär.
tdh.gov