23.10.2025
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler Kabinetiniň nobatdaky
mejlisini geçirdi. Onda ýurdumyzyň döwlet durmuşyna degişli birnäçe meselelere
seredildi.
Ilki bilen, Mejlisiň Başlygy
D.Gulmanowa çykyş edip, milli kanunçylygy häzirki döwrüň talaplaryna laýyklykda
kämilleşdirmek boýunça wezipeleri ýerine ýetirmek maksady bilen alnyp barylýan
işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda Mejlisde döredilen iş toparlary tarapyndan ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmegiň maksatnamalaryndan we halkara hukugyň umumy ykrar edilen
kadalaryndan ugur alyp, adwokatura we adwokatlyk işi, ýerine ýetiriji
häkimiýetiň ýerli edaralary, ýerine ýetiriş önümçiligi we kazyýet ýerine
ýetirijileriniň hukuk ýagdaýy, hukuk namalary, notariat we notarial işi, şeýle
hem aw awlamak we aw baýlyklaryny goramak, howply önümçilik desgalarynyň
senagat howpsuzlygy bilen baglanyşykly häzirki wagtda hereket edýän
Türkmenistanyň Kanunlaryna döwrebap üýtgetmeleri hem-de goşmaçalary girizmek
boýunça işler alnyp barylýar.
Şunuň bilen birlikde, BMG-niň
Çagalar gaznasynyň durmuş ulgamy boýunça maslahatçysy bilen duşuşyk geçirildi.
Onuň barşynda bu ugurdaky kanunçylygyň meseleleri boýunça pikir alşyldy. Şeýle
hem Milletler Bileleşiginiň Adam hukuklary boýunça Ýokary komissarynyň
müdirliginiň Merkezi Aziýa boýunça sebit wekilhanasynyň guramagynda geçirilen
duşuşyga gatnaşyldy.
Mejlisiň wekilleri sirkulýar
ykdysadyýeti ösdürmekde hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça Gazagystan
Respublikasynyň Almaty şäherinde geçirilen sebitleýin parlamentara dialoga,
şeýle hem Ýewropada Howpsuzlyk we Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Demokratik
institutlar we adam hukuklary boýunça edarasynyň Polşa Respublikasynyň paýtagty
Warşawa şäherinde geçirilen her ýylky maslahatyna gatnaşmak üçin iş saparynda
boldular.
Döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etmegiň möhümdigini belledi.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow Daşoguz welaýatynyň Boldumsaz etrabynda
Pensiýa gaznasynyň bölüminiň täze edara binasyny gurmak boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň ähli sebitlerini durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmek, ilata edilýän döwlet hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak
boýunça zerur işleriň alnyp barylýandygyny belledi.Döwlet Baştutanymyz Daşoguz
welaýatynyň Boldumsaz etrabynda Pensiýa gaznasynyň täze edara binasyny gurmak
baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Amanow “Türkmengaz” döwlet konserni tarapyndan ýerine
ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, tebigy gazy
sarp edijilere ygtybarly ibermek hem-de gaz akdyryş ulgamlarynyň bökdençsiz
işledilmegini üpjün etmek, bu ugurda ýöriteleşdirilen düzümleriň
maddy-enjamlaýyn binýadyny pugtalandyrmak we olara halkara tejribäni
ornaşdyrmak boýunça zerur çäreler görülýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly
Prezidentimiziň garamagyna degişli teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda tebigy gazy sarp edijilere ygtybarly
ibermek boýunça netijeli işleriň amala aşyrylýandygyny aýtdy hem-de gaz akdyryş
ulgamlarynyň durnukly işlemegini üpjün etmek bilen bagly taýýarlanylan teklibi
makullap, wise-premýere bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalyk pudagynda hem-de
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy, şeýle hem Türkmen alabaýynyň
baýramy mynasybetli geçiriljek çärelere görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda ýurdumyzyň ekerançylyk meýdanlarynda ösdürilip ýetişdirilen pagta
hasylyny ýygnap almak işleri alnyp barylýar. Şonuň bilen bir hatarda, geljek
ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişini bellenen agrotehniki möhletlerde talabalaýyk
geçirmek üçin zerur çäreler görülýär. Ekiş geçirilen meýdanlarda gögeriş suwuny
tutmak işleri dowam etdirilýär.
Şeýle hem wise-premýer oktýabr
aýynyň soňky ýekşenbesinde ýurdumyzda giňden bellenilýän Türkmen alabaýynyň
baýramy mynasybetli sergini, halkara ylmy maslahaty, Halkara “Türkmen alabaý
itleri” assosiasiýasynyň V mejlisini, şeýle hem “Ýylyň türkmen edermen alabaýy”
atly halkara bäsleşigiň jemleýji tapgyryny guramaçylykly geçirmek boýunça
görülýän taýýarlyk işleri barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn ösdürmek
işlerini dowam etmegiň, bugdaý ekişini guramaçylykly alyp barmagyň,
ýetişdirilen pagta hasylyny ýitgisiz ýygnap almagyň möhümdigini belledi.
Şeýle hem döwlet Baştutanymyz
wise-premýere Türkmen alabaýynyň baýramy mynasybetli dabaraly çäreleri ýokary
derejede geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň
kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek boýunça ýerine ýetirilýän
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda gurluşyk işiniň döwlet tarapyndan düzgünleşdirilmegini we
dolandyrylmagyny kämilleşdirmek, düýpli maýa goýumlaryň netijeliligini
gazanmak, gurluşyk pudagynda kabul edilen maksatnamalary bellenen möhletlerde
netijeli durmuşa geçirmek, ilatly ýerleriň durnukly ösdürilmegini yzygiderli
amala aşyrmak, paýly gurluşygyň meselelerini has-da düzgünleşdirmek hem-de
gurulýan desgalaryň we binalaryň öz wagtynda, ýokary hilli ulanmaga
tabşyrylmagyny üpjün etmek maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň
bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda gurluşyk babatynda hereket edýän
degişli kanunlary döwrebaplaşdyrmak boýunça netijeli işleriň alnyp
barylýandygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň gurluşyk ulgamynyň
kanunçylyk-hukuk binýadyny has-da kämilleşdirmek bilen bagly taýýarlanan
teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmenistan bilen Eýran Yslam
Respublikasynyň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmek boýunça amala
aşyrylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, iki
dostlukly ýurduň arasyndaky söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekde köpugurly
sergilere möhüm orun degişlidir. Şundan ugur alnyp, häzirki wagtda Eýran Yslam
Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň edara-kärhanalarynyň gatnaşmagynda eksport
mümkinçiliklerine ýöriteleşdirilen sergini geçirmek üçin taýýarlyk işleri alnyp
barylýar. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklip hödürlenildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň goňşy döwletler bilen söwda-ykdysady
gatnaşyklarynyň yzygiderli ösdürilýändigini, Eýran Yslam Respublikasynyň hem
ýakyn goňşy döwletlerimiziň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, döwlet Baştutanymyz wise-premýere Balkan welaýatynyň Balkanabat şäherinde
Eýran Yslam Respublikasynyň Gülüstan welaýatynyň eksport mümkinçilikleriniň
sergisini geçirmäge ýokary derejede taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa şu ýylyň noýabr aýynda geçiriljek esasy
çäreleriň Tertibi barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, geljek aýda
Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýyly, Gurluşyk we senagat toplumynyň
işgärleriniň güni hem-de Hasyl toýy mynasybetli maslahatlaryň, döredijilik
duşuşyklarynyň, sergileriň we baýramçylyk konsertiniň, şeýle hem täze
desgalaryň açylyş dabaralarynyň geçirilmegi meýilleşdirilýär.
Şunuň bilen bir hatarda,
noýabr aýynda Türkmenistanyň halk ýazyjysy, Magtymguly adyndaky döwlet
baýragynyň eýesi Gurbannazar Ezizowyň doglan gününiň 85 ýyllygy mynasybetli
aýdym-sazly dabara guralar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet
Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda bellenýän baýramlar bilen bagly
noýabr aýynda geçiriljek esasy çärelere gowy taýýarlyk görmegiň, ulanmaga
berilýän desgalaryň açylyş dabaralaryny ýokary derejede geçirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary B.Orazdurdyýewa “Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we
ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň we ileri tutýan ugurlarynyň
Konsepsiýasyna” laýyklykda, şeýle hem bilim ulgamy boýunça kabul edilen
maksatnamalarda we konsepsiýalarda bellenen wezipeleri durmuşa geçirmek maksady
bilen, şu ýylyň noýabr-dekabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde
geçiriljek halkara bilim olimpiadalary we bäsleşikleri, şeýle hem halkara
ylmy-amaly maslahatlar barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, sanly ulgam
arkaly hem-de utgaşykly görnüşde geçirilmegi meýilleşdirilýän bu olimpiadalara,
ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary,
professor-mugallymlary bilen birlikde dünýäniň iri ýokary okuw mekdepleriniň,
ylmy merkezleriniň, halkara guramalaryň wekilleriniň gatnaşmagy göz öňünde
tutulýar. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna
degişli teklibi hödürledi.
Hususan-da, Myrat Garryýew
adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi
boýunça IV halkara internet olimpiadasyny, Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara
nebit we gaz uniwersitetinde “Sanly innowasion tehnologiýalaryň geljegi we
ylym-bilim ulgamyna ornaşdyrylyşy” atly halkara ylmy-amaly maslahaty,
S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde “Agrosenagat
toplumynyň durnukly ösüşi” atly halkara ylmy-amaly maslahaty we IV açyk halkara
internet ekologiýa olimpiadasyny, Aba Annaýew adyndaky Halkara atçylyk
akademiýasynda “Halkara parahatçylyk we ynanyşmak — ykdysady ösüşleriň özeni”
atly halkara internet olimpiadasyny, Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş
institutynda “Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki
ugurlary” atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de maliýe dersi boýunça II
açyk halkara olimpiadany, Türkmen döwlet maliýe institutynda maliýe
hasabatlylygynyň halkara standartlary dersi boýunça II açyk halkara
olimpiadany, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynda fizika dersi boýunça V açyk halkara internet olimpiadasyny,
Türkmen döwlet medeniýet institutynda “Ýaşyl Zemin — abadan durmuş” atly ýaş
fotožurnalistleriň halkara döredijilik bäsleşigini, Türkmen oba hojalyk
institutynda “Oba hojalyk pudagynyň durnukly ösüşinde biotehnologiýalaryň orny”
atly II halkara ylmy-amaly maslahaty hem-de “Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň
röwşen ýoly” atly II halkara ylmy-taslama bäsleşigini, Türkmenistanyň
Inžener-tehniki we ulag kommunikasiýalary institutynda “Halkara ulag-logistiki
hyzmatdaşlygy berkitmekde Türkmenistanyň durnukly ulag syýasatynyň orny” atly
halkara ylmy-amaly maslahaty geçirmek teklip edilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzda ýaş nesliň zehin-başarnygyny
ösdürmäge, bu ugurda halkara hyzmatdaşlygy berkitmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini belledi.
Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň
degişli ýokary okuw mekdeplerinde sanly ulgam arkaly halkara maslahatlary
hem-de olimpiadalary geçirmek baradaky teklibi makullap, wise-premýere degişli
işleri geçirmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow hormatly Prezidentimiziň
Italiýa Respublikasyna boljak resmi saparyna taýýarlyk görlüşi barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, dünýäniň
döwletleri, şol sanda Ýewropa ýurtlary bilen hyzmatdaşlygy yzygiderli ösdürmek
Bitarap Watanymyzyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridir.
Şolaryň hatarynda Italiýa Respublikasy hem bar. Bu ýurt bilen diplomatik
gatnaşyklar 1992-nji ýylyň 9-njy iýunynda ýola goýuldy. Deňhukuklylyk,
birek-birege hormat goýmak we özara bähbitli hyzmatdaşlyk ýörelgeleri esasynda
ýola goýulýan döwletara dialog giň ugurlary öz içine alýar. Şu günki güne çenli
türkmen-italýan gatnaşyklarynyň hukuk binýady resminamalaryň 39-sy bilen
berkidildi.
Netijeli syýasy gatnaşyklary
ösdürmekde ýokary derejedäki saparlara we duşuşyklara möhüm orun degişlidir.
Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2009-njy ýylyň noýabr aýynda,
2015-nji ýylyň maý aýynda Italiýa Respublikasyna amala aşyran resmi we iş
saparlary hem-de Italiýanyň Premýer-ministriniň 2014-nji ýylyň noýabr aýynda
ýurdumyza amala aşyran iş sapary möhüm wakalar bolup durýar. Şeýle hem 2019-njy
ýylyň noýabr aýynda Türkmenistanyň Prezidentiniň Italiýa Respublikasyna sapary
amala aşyryldy. Ýokary derejedäki duşuşyklar we gepleşikler şu ýylyň maý aýynda
geçirilen “Merkezi Aziýa — Italiýa” birinji sammitiniň çäklerinde hem dowam
etdi.
Iki ýurduň arasynda
parlamentleriň, hökümetleriň we daşary syýasat edaralarynyň ugry boýunça-da
netijeli gatnaşyklar ýola goýuldy. Halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlyk
barada aýdylanda bolsa, Italiýa Respublikasy Türkmenistanyň başlangyjy bilen
BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan kabul edilen kararnamalaryň ählisini
goldady hem-de olaryň 10-syna döredijileriň biri bolup çykyş etdi. Ýurdumyz
hemişelik Bitaraplyk hukuk ýagdaýyndan ugur alyp, Italiýanyň başyny başlan
durnukly ösüş babatda halkara taslamalaryny we meýilnamalaryny goldaýar.
Ikitaraplaýyn söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyk energetika, ulag, hususy telekeçilik ulgamlarynda we beýleki
ugurlarda okgunly ösdürilýär. Ynsanperwer ulgamda hem gatnaşyklar netijeli
häsiýete eýedir, iki ýurduň wekilleriniň gatnaşmagynda dürli çäreler yzygiderli
geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň we Italiýanyň baý
taryhy-medeni mirasa eýedigi bellenildi. Italiýaly arheologlar 30 ýyldan gowrak
wagt bäri türkmen kärdeşleri bilen ýurdumyzyň taryhy ýadygärliklerinde
bilelikde gazuw-agtaryş işlerini alyp barýarlar. Medeni hyzmatdaşlyk boýunça
Türkmen-italýan iş topary hereket edýär. Häzirki wagtda 2025-nji ýylyň oktýabr
aýyndan 2026-njy ýylyň aprel aýyna çenli aralykda Rim şäherinde Türkmenistanyň
arheologiýa sergisini geçirmek boýunça işler alnyp barylýar.
Bilim ugry boýunça hem
ikitaraplaýyn gatnaşyklar yzygiderli ösdürilýär. Türkmen ýaşlarynyň wekilleri
Italiýanyň ýokary okuw mekdeplerinde okaýarlar. Ýurdumyzyň ýokary okuw
mekdepleriniň 3-sinde we orta mekdepleriniň 6-synda italýan dili öwredilýär.
1998-nji ýyldan bäri Türkmenistanyň we Italiýanyň ýokary okuw mekdepleri
Ýewropa Bileleşiginiň TEMPUS (ERASMUS) maksatnamalarynyň çäklerinde
hyzmatdaşlyk edýärler. Şeýle hem türkmen halkynyň Milli Lideri Gahryman
Arkadagymyzyň “Türkmeniň döwletlilik ýörelgesi” atly kitabynyň italýan diline
terjime edilip, çapdan çykarylandygy bellenildi.
Hormatly Prezidentimiziň
Italiýa Respublikasyna boljak resmi sapary döwletara gatnaşyklary mundan
beýläk-de giňeltmekde we pugtalandyrmakda möhüm ädime öwrüler. Häzirki wagtda
bu sapara taýýarlyk görmek maksady bilen, degişli işler alnyp barylýar. Saparyň
çäklerinde döwlet Baştutanlarynyň ikitaraplaýyn duşuşygy geçiriler. Şeýle hem
hormatly Prezidentimiziň Türkmen-italýan işewürlik maslahatyna hem-de Rimiň
Kapitoliý muzeýinde geçiriljek “Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýasy” atly
serginiň açylyş dabarasyna gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Saparyň netijeleri
boýunça hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryna degişli ikitaraplaýyn resminamalaryň
toplumyna gol çekmek meýilleşdirilýär.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, Türkmenistanyň Italiýa Respublikasy bilen
gatnaşyklary ösdürmäge uly ähmiýet berýändigini, iki ýurduň arasyndaky özara
bähbitli hyzmatdaşlygyň barha pugtalanýandygyny aýtdy.
Döwlet Baştutanymyz
wise-premýer, daşary işler ministrine Italiýa Respublikasyna boljak resmi
sapara gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary M.Çakyýew deňiz-derýa ulaglary pudagy üçin halkara
derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat
berdi.
Bellenilişi ýaly, ýurdumyzda
Halkara Deňiz Guramasynyň (IMO) degişli halkara konwensiýalarynyň talaplaryny
ýokary derejede üpjün etmek we bu ugurda deňizçileriň hünär derejesini
ýokarlandyrmak maksady bilen zerur işler alnyp barylýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow hasabaty diňläp, ýurdumyzyň deňiz söwda flotunyň işini
kämilleşdirmek, bu ugurda ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak boýunça
netijeli işleriň alnyp barylýandygyny belledi.
Döwlet Baştutanymyz Balkan
welaýatynyň Türkmenbaşy şäherinde Halkara Deňiz Guramasy we Halkara Gidrografik
Guramasy bilen bilelikde sebitleýin okuw maslahatyny geçirmek baradaky teklibi
makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Hormatly Prezidentimiz mejlise
gatnaşyjylara ýüzlenip, Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynda Birleşen
Milletler Guramasynyň döredilmegine 80 ýyl bolýandygyny, ýurdumyzyň hem şu ýyl
hemişelik Bitaraplygynyň şanly 30 ýyllyk baýramyny giňden belläp geçýändigini
aýtdy we bu wakalaryň örän uly syýasy ähmiýetini belledi.
Munuň özi berkarar
döwletimiziň, mähriban halkymyzyň halkara at-abraýyny has belent derejä
göterýär diýip, döwlet Baştutanymyz nygtady we pursatdan peýdalanyp, Ministrler
Kabinetiniň agzalaryny Birleşen Milletler Guramasynyň döredilmeginiň 80 ýyllygy
bilen tüýs ýürekden gutlady.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.