2024-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary institutynda
Magtymguly Pyragynyň gyrgyz diline terjime edilen goşgular ýygyndysynyň
tanyşdyrylyş dabarasy geçirildi.
Çärä Türkmenistanyň DIM-iň, Türkmenistanda
işleýän diplomatik wekilhanalarynyň we halkara guramalarynyň wekilleri,
edebiýatşynaslar, alymlar, žurnalistler, institutyň professor-mugallymlary we
talyplary, şeýle-de KHBS-iň wekilleri gatnaşdylar. Çäräniň barşynda Gyrgyz
Respublikasynyň alymlarynyň we jemgyýetçilik işgärleriniň wideoaragatnaşyk
arkaly çykyşlary diňlenildi.
Institutyň baş binasynyň eýwanynda Merkezi
Aziýa ýurtlarynyň medeni mirasynyň sergisi guraldy. Sergide neşir önümleri,
milli şekillendiriş we amaly-haşam sungatynyň eserleri, muzeý eksponatlary
görkezildi. Suratkeşleriň we heýkeltaraşlaryň işleri çärä gatnaşyjylarda uly
täsir galdyrdy. Bu ýerde ýaňlanan ajaýyp aýdym-sazlar dabara aýratyn öwüşgin
çaýdy.
Tanyşdyrylyş dabarasynda çykyş edenler
ynsanperwer ulgamyň hemişe döwletara gatnaşyklarynyň möhüm ugry bolup
durýandygyny nygtadylar. Türkmenistanyň we Gyrgyz Respublikasynyň halklaryny
birleşdirýän medeni-ruhy mirasyň we ahlak gymmatlyklarynyň umumylygy bu ulgamda
netijeli özara gatnaşyklary çuňlaşdyrmak üçin berk binýat bolup hyzmat edýär.
Şu nukdaýnazardan, täze neşiriň çapdan çykmagy dostlukly ýurduň edebi durmuşynda
ýatdan çykmajak waka öwrüldi.
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen ýurdumyza iş sapary bilen gelen Gyrgyz
Respublikasynyň Prezidenti Sadyr Žaparowyň duşuşygynyň barşynda belent
mertebeli myhmanyň Magtymguly Pyragynyň gyrgyz dilinde neşir edilen goşgular
ýygyndysyny türkmen halkynyň Milli Liderine sowgat berendigini bellemek zerur.
Tanyşdyrylyş dabarasyna gatnaşyjylaryň
belleýşi ýaly, ýüzýyllyklaryň geçendigine garamazdan, Magtymgulynyň eserleri
täze röwüşde ýaňlanýar we Türkmenistanyň çäklerinden has uzaklarda-da barha
meşhurlyga eýe bolýar. Akyldar şahyryň goşgulary Watana söýginiň,
ynsanperwerligiň, parahatçylygyň, dost-doganlygyň, raýdaşlygyň, dürli
medeniýetleriň we halklaryň arasynda özara ynanyşmagyň, hormat goýmagyň
çagyryşy bolup çykyş edýär.
Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar täze
neşiriň üsti bilen gyrgyz dilli okyjylaryň Magtymguly Pyragynyň edebi
döredijiligi bilen has ýakyndan tanyşmaga mümkinçilik alandyklaryna ynam
bildirdiler. Munuň özi okyjylara XVIII asyryň görnükli gündogar şahyrynyň
döredijiligine has gowy düşünmäge we baha bermäge ýardam berer.
mfa.gov