2024-nji ýylyň 16-njy awgustynda
Türkmenistanyň Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň Orunbasary, Daşary işler
ministri Raşid Meredowyň BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary, BMG-niň Daşky
gurşaw boýunça maksatnamasynyň (UNEP) Ýerine ýetiriji direktory hanym Inger
Andersen bilen wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygy geçirildi.
Taraplar ählumumy ekologiýa meselelerini
çözmek ugrunda halkara, sebit we milli derejelerde tagallalary utgaşdyrmagyň
möhümdigini tassykladylar.
Duşuşygyň barşynda söhbetdeşler Türkmenistanyň
daşky gurşawy goramak boýunça başlangyçlary bilen baglanyşykly birnäçe möhüm
meseleleri, hususan-da ştab-kwartirasy Aşgabatda ýerleşjek Merkezi Aziýa
ýurtlary üçin Howanyň üýtgemegi bilen bagly tehnologiýalar boýunça sebit
merkezini döretmek meselesini ara alyp maslahatlaşdylar.
Şeýle-de taraplar Türkmenistanyň BMG-niň
Howanyň üýtgemegi baradaky Çarçuwaly konwensiýasyna (COP-28) gatnaşyjy
taraplaryň 28-nji maslahatynda goşulan Ählumumy metan borçnamasynyň iş ýüzünde
durmuşa geçirilmegi barada pikir alyşdylar.
MARS ulgamy arkaly ýüze çykarylan zyňyndylar
barada täze maglumatlaryň yzigederli berilmeginiň mehanizmini işläp taýýarlamak
maksady bilen, Metan zyňyndylary boýunça halkara obserwatoriýasy (IMEO) bilen
bilelikdäki taslamanyň çäginde işleriň başlanandygy bellenildi.
Söhbetdeşler Hazar meselesine
hem degip geçdiler. Türkmenistanyň Prezidenti tarapyndan BMG-niň Baş
Assambleýasynyň 78-nji mejlisinde öňe sürlen «Hazar ekologik başlangyjyny»
işläp taýýarlamak boýunça Türkmenistan bilen UNEP-iň arasyndaky gatnaşyklary
giňeltmegiň mümkinçiliklerine garaldy.
Duşuşygyň
ahyrynda hanym Inger Andersen şu ýylyň noýabr aýynda Türkmenistan tarapyndan
halkara guramalary bilen bilelikde geçirilmegi meýilleşdirilýän Howanyň üýtgemegi şertlerinde azyk howpsuzlygy
meseleleri boýunça sebitleýin maslahatyna gatnaşmaga çakylygy üçin türkmen
tarapyna sagbolsun aýtdy.
mfa.gov