Düýn türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasyna iş sapary bilen ugrady we şol
ýerde hormatly myhman hökmünde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI
halkara ykdysady forumyna gatnaşdy. Paýtagtymyzyň Halkara howa menzilinde
Gahryman Arkadagymyzy ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Russiýa
Federasiýasynyň iri sebitleri bilen netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek däp bolan
dostlukly türkmen-rus dialogynyň aýrylmaz bölegidir. Doganlyk Tatarystan bilen
köpýyllyk netijeli gatnaşyklar hem munuň aýdyň mysalydyr. Şol gatnaşyklar özara
bähbitlilik we uzak möhletleýinlik ýörelgeleri esasynda guralýar. Dürli
derejelerde yzygiderli geçirilýän duşuşyklardyr gepleşikler ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň ygtybarly binýadyny emele getirýär. Soňky ýyllarda köpugurly
türkmen-tatar gatnaşyklaryna hil taýdan täze itergi berildi. Özara
gatnaşyklaryň kuwwatyndan netijeli peýdalanmakda Söwda-ykdysady, ylmy-tehniki
we medeni hyzmatdaşlyk boýunça bilelikdäki iş toparyna möhüm orun degişlidir.
Onuň mejlislerinde hyzmatdaşlygyň derwaýys meseleleri, gazanylan ylalaşyklary
amala aşyrmak boýunça çäreler ara alnyp maslahatlaşylýar, häzirki döwrüň
ýagdaýlaryny hem-de täze mümkinçilikleri nazara almak bilen, özara
gatnaşyklaryň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyrylýar.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň Kazana bu gezekki sapary hem RF-niň Tatarystan
Respublikasy bilen netijeli hyzmatdaşlygy, umuman, Russiýa Federasiýasy bilen
gatnaşyklary mundan beýläk-de pugtalandyrmagyň ýolunda nobatdaky ädim bolar.
Ýurdumyzyň yslam dünýäsiniň döwletleri bilen hyzmatdaşlygy-da okgunly
ösdürilýär. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyzyň 2022-nji we 2024-nji
ýyllarda hormatly myhman hökmünde “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum” halkara
ykdysady forumlaryna gatnaşandygyny bellemek gerek. Ýurdumyzyň wekiliýeti-de
2009-njy ýyldan bäri her ýyl geçirilýän bu wekilçilikli duşuşyga ençeme gezek
gatnaşdy.
Türkmenistanyň,
Russiýa Federasiýasynyň hem-de Tatarystan Respublikasynyň Döwlet baýdaklary
bilen bezelen Kazan şäheriniň Gabdulla Tukaý adyndaky Halkara howa menzilinde
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowy Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň
Baştutany Rustam Minnihanow, beýleki resmi adamlar mähirli garşyladylar. Bu
ýerde Hormat garawuly nyzama düzüldi.
Myhmansöýerligiň
asylly däbine görä, Gahryman Arkadagymyza duz-çörek, milli tatar tagamy çak-çak
hödürlenildi we gül desseleri gowşuryldy. Soňra Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara
ykdysady forumynyň geçirilýän ýeri bolan “Kazan EKSPO” halkara sergi merkezine
geldi hem-de forumyň “Sanly ulgam: täze ýagdaýlar we hyzmatdaşlygy giňeltmek
üçin mümkinçilikler” atly plenar mejlisine gatnaşdy.
Geçen
ýyllaryň dowamynda bu giň gerimli forum özüni Russiýa Federasiýasynyň
subýektleriniň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasyna (YHG) agza ýurtlaryň özara
bähbitli hyzmatdaşlygynyň, bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň derwaýys
meselelerini ara alyp maslahatlaşmagyň açyk meýdançasy hökmünde görkezdi.
Plenar mejlisiň açylyşynda Yslam banklarynyň we maliýe edaralarynyň baş
geňeşiniň (CIBAFI) Baş sekretary Abdelila Belatik giriş sözi bilen çykyş etdi.
Ol belent mertebeli myhmanlary, wekiliýetleriň agzalaryny mübärekläp, netijeli
döwletara hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekde şu duşuşygyň uly ähmiýetini
belledi.
Russiýa
Federasiýasynyň Hökümetiniň Başlygynyň orunbasary, “Russiýa — Yslam dünýäsi:
KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň guramaçylyk komitetiniň başlygy
Marat Husnullin Russiýa Federasiýasynyň Prezidenti Wladimir Putiniň foruma
gatnaşyjylara iberen Ýüzlenmesini okady.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowa söz berildi.
Gahryman
Arkadagymyz çykyşynyň başynda «Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025» XVI
halkara ykdysady forumyna gatnaşyjylary mähirli mübärekledi we Tatarystan
Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowa halkara ähmiýetli bu möhüm çärä
gatnaşmaga çakylyk üçin minnetdarlyk bildirdi.
Milli
Liderimiziň belleýşi ýaly, häzirki dünýä ösüşiniň esasy meýilleri, täze
geoykdysady hakykatyň, ugurlaryň we görnüşleriň döredilmegi yslam dünýäsiniň
öňünde birnäçe uly wezipeleri goýýar. Olary çözmek üçin düýpli oýlanmak
zerurdyr. Käbir ýagdaýlarda bolsa onuň häzirki zaman ykdysady dünýä gurluşynda
biziň ýurtlarymyzyň orny we mümkinçilikleri barada täzeden pikirlenmegi, ileri
tutulýan ugurlary dogry saýlamagy, hakyky artykmaçlyklary doly ulanmagy, pugta
amaly esasda mümkinçilikleri birleşdirmegi talap edýändigi aýdyňdyr. Gahryman
Arkadagymyz şular barada aýtmak bilen, häzirki wagtda yslam dünýäsiniň ählumumy
ykdysady ösüşde öňdebaryjylaryň biri hökmünde çykyş etmegi üçin ähli
mümkinçilikleriň bardygyna ynam bildirdi. Biziň ýurtlarymyz demografiýa, tebigy
serişdeler, geografik ýerleşiş ýaly ugurlarda ajaýyp görkezijilere eýedir.
Tehnologik dereje gyşarnyksyz ösdürilýär. Maliýe we guramaçylyk mümkinçilikleri
ýokarlandyrylýar, ylym-bilim binýady berkidilýär. Bularyň ählisi dürli ugurlarda
iri, ösüş maksatly taslamalary öňe sürmekde gowy şertler bolup durýar, ählumumy
ykdysady we maýa goýum giňişliginde yslam dünýäsine degişli ýurtlaryň ornuny
hem-de ähmiýetini artdyrýar.
Türkmenistanyň
halkara ykdysady hyzmatdaşlyga garaýşy energetika, ulag-logistika we tehnologik
ugurlary ileri tutmaga esaslanýar. Şunuň bilen baglylykda, Gahryman Arkadagymyz
yslam döwletleriniň Ýewraziýanyň Aziýa — Ýuwaş umman sebitinden Ýakyn Gündogar
we Ýewropa ýurtlaryna çenli yklymy baglanyşdyrýan bitewi energetika, ulag we
tehnologik guşagyny döredip biljekdiklerini belledi. Hyzmatdaşlygyň şeýle
görnüşi amala aşyrylan ýagdaýynda, energiýa serişdeleriniň, harytlaryň,
hyzmatlaryň gysga ýol arkaly eltilmegi üpjün ediler. Şonuň netijesinde, uly
giňişlikler, kuwwatly senagat we çig mal merkezleri birleşdiriler. Strategik
babatda şeýle guşak ählumumy özara gatnaşyklaryň köprüsi bolup biler. Munuň
bolsa haryt-nyrh syýasatyna, umuman, dünýä ykdysadyýetiniň ähli ýagdaýyna oňyn
täsir edip biljekdigi gürrüňsizdir. Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistan öz
teklip eden «Beýik Ýüpek ýoluny täzeden dikeltmek» strategiýasyny iş ýüzünde
işjeň ilerledýär diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Biziň
ýurdumyzyň parahatçylyga, durmuş adalatlylygyna we gadymdan gelýän
gymmatlyklara eýermegi şeýle döredijilikli usulyň möhüm şerti bolup çykyş
edýär. Munuň özi biziň üçin ahlak esaslarynyň özeni we daýanjydyr. Ol ykdysady
we täjirçilik soraglarynda-da öz beýanyny tapýar. Şunuň bilen baglylykda,
Gahryman Arkadagymyz bu babatda yslam dünýäsiniň hyzmatdaşlygyň netijeli, özüne
çekiji nusgalaryny görkezip biljekdigine ynam bildirdi. Şu maksatlara ýetmek
üçin yslam ýurtlarynyň ylalaşylan energetika syýasatyny alyp barmagy, halkara
üstaşyr geçelgeleriň netijeliligini ýokarlandyrmagy we ony ýeňilleşdirmek
soraglaryny utgaşdyrmagy, logistika baglanyşygyny berkitmegi zerur bolup
durýar. Şunda Milli Liderimiz Türkmenistanyň garaýşynyň hemişe deňhukukly
gatnaşyklara hem-de ählumumy we sebit ýagdaýlaryna ähli gatnaşyjylaryň
bähbitleriniň ykrar edilmegine esaslanýandygyny aýtdy. Hususan-da, biziň
ýurdumyz hyzmatdaşlygyň syýasylaşdyrylmagyna, energetika, ulag akymlarynyň
birtaraplaýyn çäklendirilmegine garşy berk çykyş edýär. Olaryň diwersifikasiýa
ýoly bilen ösdürilmeginiň we giň halkara gatnaşyjylar üçin elýeterli bolmagynyň
zerurdygynyň tarapdary bolup durýar.
Türkmenistan
ählumumy we sebit derejesinde yzygiderli, durnukly ykdysady ösüşi gazanmakda
bilelikde işlemek üçin iň amatly şertleriň döredilmeginiň yslam dünýäsiniň örän
möhüm wezipesi bolup durýandygyny belleýär. Şunuň bilen baglylykda,
Türkmenistan yslam ýurtlarynyň bähbitleriniň utgaşykly bolmagyny, olaryň özara
düşünişmegini gazanmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň bähbitlidigine we geljeginiň
uludygyna düşünmek üçin diplomatiýany gural hökmünde netijeli ulanmagyň
mümkinçiliklerinden ugur alýar diýip, hormatly Arkadagymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistan bu kadalary iş ýüzünde durmuşa geçirýär, ilkinji nobatda, olary
Aziýada giň möçberli we uzak möhletleýin energetika, ulag hem-de üpjünçilik
ulgamlaryna degişli taslamalary amala aşyranda ulanýar. Bu ýerde gürrüň
Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisi, Türkmenistan —
Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik geçiriji we optiki-süýümli
aragatnaşyk ulgamlary, Merkezi we Günorta Aziýany Ýakyn hem-de Uzak Gündogar
bilen baglanyşdyrýan demir ýollar ýaly halkara ähmiýetli desgalaryň gurluşygy
barada barýar.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy bu agzalan taslamalaryň durmuşa geçirilmeginiň
energetika howpsuzlygynyň derejesini düýpli ýokarlandyrmaga mümkinçilik
berjekdigine, energiýa çig malynyň çeşmeleriniň köp ýurtlara elýeterli
bolmagyny üpjün etjekdigine, şeýle hem esasy ulag ýollaryna çykmaga, dürli
söwda we täjirçilik gatnaşyklaryny ösdürmäge, täze iş orunlaryny döretmäge, köp
durmuş soraglaryny çözmäge şert döretjekdigine ynam bildirdi. Bu bolsa, ahyrky
netijede, syýasy ýagdaýy durnuklylaşdyrmaga, töwekgelçiliklerdir howplaryň
azalmagyna, döwletara gatnaşyklarda ynanyşmagy we aç-açanlygy ýokarlandyrmaga
ýardam eder.
Gahryman
Arkadagymyzyň nygtaýşy ýaly, häzirki wagtda Türkmenistan hem ylalaşylan
kadalarda we ölçeglerde işleýän, Ýewropa we Aziýa — Ýuwaş umman sebitlerini
birleşdirýän, Hazar we Gara deňizleriniň sebitleriniň çäklerinden geçýän
Ýewraziýa multimodal ulag ugurlaryny durmuşa geçirmegiň üstünde netijeli iş
alyp barýar. Munuň özi guramaçylyk, hukuk, ykdysady, maliýe hem-de tehnologik
soraglaryň toplumyny çözmekde ulgamlaýyn işleri talap edýär. Elbetde, bu
tagallalar düýpli syýasy-diplomatik goldawy, Birleşen Milletler Guramasynyň
derejesinde çözgütleriň goldanylmagyny we kabul edilmegini talap edýär. Türkmen
halkynyň Milli Lideri bu babatda yslam ýurtlarynyň raýdaşlyk ornunyň möhüm ähmiýete
eýe boljakdygyna ynam bildirdi. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Arkadagymyz
yslam maliýe we ykdysady institutlaryna, maýa goýum gaznalaryna ýurtlarymyzyň
gatnaşýan halkara ykdysady taslamalaryna iş ýüzünde giňden ýardam bermegi,
şeýle hem BMG-niň we beýleki abraýly halkara düzümleriň derejesinde kabul
edilýän strategik çözgütleri amala aşyrmaga gatnaşmagy teklip etdi.
Azyk
howpsuzlygyny üpjün etmegi-de hyzmatdaşlygymyzyň wajyp ugry hasap edýäris. Bu
wezipe häzir Ýer ýüzüniň birnäçe sebitinde bolup geçýän, ýeňil bolmadyk
geosyýasy we ykdysady ýagdaýlarda aýratyn möhümdir diýip, türkmen halkynyň
Milli Lideri Gurbanguly Berdimuhamedow belledi. Türkmenistan Azyk howpsuzlygy
boýunça yslam guramasyna gatnaşyjy ýurt hökmünde ylalaşylan syýasatyň alnyp barylmagy
ugrunda çykyş edýär. Şeýle hem dürli sebäplere görä, azyk önümleriniň we
durmuşda zerur bolan beýleki harytlaryň ýetmezçiligi bilen ýüzbe-ýüz bolan
yslam ýurtlarynyň bähbitlerini goramagyň tarapdary bolup durýar. Biziň ýurdumyz
bu kadalary iş ýüzünde amala aşyrýar. Hususan-da, Türkmenistan owgan halkyna
raýdaşlyk bildirip, köp ýyllaryň dowamynda azyk önümlerini, çaga iýmitini, ýyly
egin-eşikleri, derman serişdelerini, hususy arassaçylyk serişdelerini
ynsanperwerlik kömegi hökmünde doganlyk goňşy ýurda iberýär. Biz bu işlerimizi
geljekde hem dowam etdireris diýip, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
sözüniň üstüni ýetirdi.
Milli
Liderimiziň belleýşi ýaly, tehnologiýalar hyzmatdaşlygyň ýene-de bir möhüm ugry
bolup durýar. Biziň ýurtlarymyz, aýratyn-da, soňky ýyllarda ýokary
tehnologiýalar, innowasion işläp taýýarlamalar, emeli aň ulgamynda uly tejribe
topladylar. Bu mümkinçilikler dünýä hojalyk gatnaşyklaryna doly deňhukukly
goşulmak üçin ösüşiň öňdebaryjy orunlaryna çykmakda yslam dünýäsiniň döwletleriniň
umumy tagallalarynda ulanylyp bilner we ulanylar. Şunuň bilen baglylykda,
Gahryman Arkadagymyz döwletlerimiziň tehnologik kooperasiýalarynyň ugurlaryny,
tejribe alyşmagy, ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamagy, bilelikdäki
köpugurly innowasion maksatnamalary we tejribe ähmiýetli düýpli barlaglaryň
taslamalaryny işe girizmegi ulgamlaýyn, yzygiderli esasda ýola goýmagynyň
maksadalaýyk hasaplanýandygyna ünsi çekdi.
Kazanda
bolmak bilen, Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň doganlyk Tatarystan
Respublikasynyň hyzmatdaşlygynda ýetilen sepgitleri we bitirilen hyzmatlary
aýratyn bellemek isleýärin. Tatarystanly kärdeşlerimiz bilen gatnaşyklar biziň
ýurdumyzyň Russiýa, onuň sebitleri bilen söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer
gatnaşyklaryny ösdürmekde netijeli hyzmatdaşlygyň nusgalyk mysaly bolup durýar
diýip, Milli Liderimiz aýtdy. Şunda Tatarystan kuwwatly tehnologik, serişde we
senagat mümkinçilikleri babatda hem, Türkmenistan bilen taryhy gatnaşyklary
babatda hem aýratyn orny eýeleýär.
Biziň
ýurdumyz Tatarystan Respublikasy bilen energetika pudagynda, senagat, ulag,
söwda we beýleki birnäçe ugurlar boýunça bilelikdäki işleri alyp barýar.
Gahryman Arkadagymyz bu babatda Russiýa Federasiýasynyň ýolbaşçylary we
Hökümeti tarapyndan berilýän goldawy aýratyn belläp, şeýle garaýyş üçin
minnetdarlyk bildirdi hem-de onuň Türkmenistanyň we Russiýanyň halklarynyň uzak
möhletleýin, düýpli bähbitlerine laýyk gelýändigine ynam bildirdi. Bu bolsa iki
ýurduň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň ruhuna, mazmunyna doly laýyk gelýär.
Elbetde,
yslam ýurtlarynyň we Russiýanyň arasynda dostlugy, özara düşünişmegi,
ynanyşmagy, hyzmatdaşlygy berkitmekde Tatarystan Respublikasynyň, hut hormatly
Baştutan Rustam Nurgaliýewiç Minnihanowyň netijeli we döredijilikli ornuny bellemegi
wajyp hasaplaýaryn. Bu möhüm wezipe Tatarystan Respublikasynyň hem-de onuň
ýolbaşçylarynyň diňe bir yslam döwletlerinde däl, eýsem, bütin dünýäde-de uly
abraý gazanandygyny görkezdi diýip, türkmen halkynyň Milli Lideri nygtady.
Çykyşynyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyz yslam dünýäsiniň bir bölegi hökmünde
Türkmenistanyň onuň ähli halklary bilen doganlyk, raýdaşlyk we hormat goýmak
gatnaşyklaryna düýpli eýerýändigini, bu gatnaşyklary ösdürmäge hem-de
berkitmäge, biziň ýurtlarymyzyň parahatçylyk, abadançylyk we gülläp ösüş bilen
bagly işlerine öz goşandyny goşmaga taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň
Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň çykyşy uly gyzyklanma we
üns bilen diňlenildi.
Soňra
Malaýziýanyň Premýer-ministri Anwar Ibrahim çykyş edip, Kazanda geçýän forumyň
ähmiýetini nygtady. Şunda türkmen halkynyň Milli Lideriniň beýan eden, ýokary
tehnologiýalar ulgamyndaky mümkinçilikleri, häzirki wagtda aýratyn ähmiýete eýe
bolan innowasion işläp taýýarlamalary, emeli aňy ulanmaga degişli teklipleriniň
derwaýysdygy bellenildi.
Soňra
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanow
ýygnananlara ýüzlendi. Ol Gahryman Arkadagymyza çuň manyly çykyşy we umumy
abadançylygyň, ösüşiň bähbidine döwletara gatnaşyklary okgunly ilerletmäge
gönükdirilen oňyn başlangyçlary üçin tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
“Kazan
EKSPO” halkara sergi merkezinden Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedowyň we Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynyň Baştutanynyň bilelikdäki awtoulag kerweni Kazan Kremline tarap
ugrady. Bu taryhy-binagärlik toplumynyň çäginde Tatarystanyň Baştutanynyň resmi
kabulhanasy ýerleşýär.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy
Gurbanguly Berdimuhamedow bilen Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasynyň Baştutany Rustam Minnihanowyň duşuşygy boldy.
R.Minnihanow
Milli Liderimizi ýene-de bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, belent mertebeli
myhmana “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady
forumyna gatnaşmak üçin Kazana gelmek baradaky çakylygy kabul edendigi, şeýle
hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak boýunça beýan eden başlangyçlary üçin
hoşallyk bildirdi.
Tatarystanyň
Baştutany Türkmenistan bilen Tatarystan Respublikasynyň arasyndaky
hyzmatdaşlygyň ähli ugurlar boýunça okgunly ösdürilýändigini aýdyp, netijeli
ikitaraplaýyn gatnaşyklary pugtalandyrmakda Gahryman Arkadagymyzyň uly
goşandyny aýratyn belledi. Mümkinçilikden peýdalanyp, R.Minnihanow hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa mähirli salamyny we iň gowy arzuwlaryny
beýan etdi.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly
Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we ýurdumyzyň wekiliýetine bildirilen
myhmansöýerlik üçin minnetdarlyk bildirip, Tatarystanyň Baştutany bilen Kazanda
duşuşýandygyna örän şatdygyny belledi hem-de oňa hormatly Prezidentimiziň
mähirli salamyny ýetirdi.
Gahryman
Arkadagymyz “Russiýa — Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady
forumyna gatnaşmaga çakylygy üçin hoşallygyny bildirip, meýilleşdirilen ähli
çäreleriň üstünlikli geçmegini arzuw etdi.
Milli
Liderimiziň belleýşi ýaly, her ýyl Kazanda şeýle möhüm ähmiýetli çäreleriň geçirilmegi
Tatarystanyň ýokary abraýyna hem-de oňa uly halkara gyzyklanmanyň
bildirilýändigine şaýatlyk edýär. Bu çäreler Russiýa Federasiýasynyň yslam
dünýäsiniň ýurtlary bilen ykdysady gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge
gönükdirilendir. Gahryman Arkadagymyz Türkmenistanyň wekiliýetiniň şu saparynyň
we dürli meýdançalarda geçiriljek duşuşyklaryň türkmen-rus strategik
hyzmatdaşlygynyň möhüm bölegi bolup durýan ikitaraplaýyn gatnaşyklary
giňeltmäge saldamly goşant boljakdygyna ynam bildirdi.
Duşuşygyň
dowamynda türkmen-tatar hyzmatdaşlygynyň häzirki ýagdaýy we geljegi ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, halklarymyzyň arasyndaky doganlyk
gatnaşyklaryň däp-dessurlaryň, dilleriň meňzeşligine, medeniýetleriň
umumylygyna, özara hormat goýmaga, deňhukuklylyga esaslanýandygy nygtaldy.
Ýokary derejede yzygiderli geçirilýän duşuşyklar netijeli ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlygyň möhüm şertleriniň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutanynyň şu ýyl Türkmenistana
amala aşyran saparynyň ähmiýetine üns çekildi. Saparyň barşynda onuň hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow hem-de Gahryman Arkadagymyz bilen
duşuşyklary boldy. Şunda duşuşyklaryň çäklerinde gazanylan ylalaşyklaryň
türkmen-tatar gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirildi. Şeýle-de
Türkmenistanyň we Tatarystanyň söwda-ykdysady ulgamda, şol sanda nebitgaz
pudagynda, gämi gurluşygynda, awiasiýa, awtomobil ýük daşaýjy tehnikalaryň
iberilmeginde netijeli hyzmatdaşlyk edýändigi kanagatlanma bilen bellenildi.
Medeni-ynsanperwer ulgamdaky gatnaşyklar hem okgunly ösdürilýär.
Duşuşygyň
ahyrynda Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we
Tatarystanyň Baştutany Rustam Minnihanow köpugurly türkmen-tatar gatnaşyklarynyň
Türkmenistan bilen Russiýa Federasiýasynyň arasyndaky strategik hyzmatdaşlygyň
çäklerinde mundan beýläk-de pugtalandyryljakdygyna ynam bildirip, birek-birege
berk jan saglyk, işlerinde üstünlikleri, doganlyk halklarymyza bolsa
abadançylyk, rowaçlyk arzuw etdiler.
Soňra
türkmen halkynyň Milli Lideriniň hormatyna Tatarystan Respublikasynyň
Baştutanynyň adyndan günortanlyk nahar berildi. Bu ýerde Gahryman Arkadagymyz
we Tatarystanyň Baştutany hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Döwlet
geňeşçisi Mintimer Şaýmiýew söhbetdeş boldular. Söhbetdeşligiň dowamynda
türkmen-tatar gatnaşyklarynyň ýokary derejesi kanagatlanma bilen bellenildi
hem-de onuň kuwwatynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmek üçin amatly
mümkinçilikleri döredýändigi aýdyldy. Şunda Türkmenistanyň we Tatarystanyň
halklarynyň umumy abadançylygynyň bähbidine laýyk gelýän gatnaşyklaryň mundan
beýläk-de ösdüriljekdigine ynam bildirildi.
Soňra
Gahryman Arkadagymyz hem-de RF-niň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany Kazanyň
iň meşhur teatrlarynyň biri bolan Galiasgar Kamal adyndaky Tatar döwlet
akademiki teatryna baryp gördüler. Teatryň şu ýyl açylan täze binasynda we içki
bezeglerinde tatar halkynyň medeni däpleri bilen binagärligiň häzirki zaman
meýilleri sazlaşykly utgaşdyrylypdyr. Milli Liderimiz we Tatarystanyň Baştutany
bu ýerde teatr zallarynyň enjamlaşdyrylyşy, döredijilik toparynyň netijeli
işlemegi hem-de tomaşaçylar üçin döredilen şertler bilen tanyşdylar.
Soňra
Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedow we Russiýa
Federasiýasynyň Tatarystan Respublikasynyň Baştutany bilelikde Gabdulla Tukaý
adyndaky Halkara howa menziline ugradylar.
Gahryman
Arkadagymyz we Rustam Minnihanow Türkmenistanyň hem-de Tatarystanyň däp bolan
dostlukly, köpugurly, netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny ýene-de bir gezek
tassyklap, mähirli hoşlaşdylar we iki doganlyk halka iň gowy arzuwlaryny beýan
etdiler.
Türkmen
halkynyň Milli Lideri uçarda Watanymyza ugrady.
***
“Russiýa
— Yslam dünýäsi: KazanForum 2025” XVI halkara ykdysady forumynyň çäklerinde
“Kazan EKSPO halkara sergi merkezinde “Russia Halal EXPO 2025” halkara sergisi
geçirilýär. Oňa Türkmenistan hem gatnaşýar. Serginiň maksady halal ulgamyny
wagyz etmekden we onuň mümkinçiliklerini görkezmekden, daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen söwda, ykdysady, durmuş-medeni gatnaşyklary ýola goýmakdan,
önüm öndürijilere öz önümlerini görkezmek, täze bazarlara çykarmak üçin
mümkinçilikleri hödürlemekden ybaratdyr. Bu giň gerimli maýa goýum we
infrastruktura taslamalarynyň sergisi häzirki döwrüň ýagdaýlaryny hem-de
geljegi nazara almak bilen, döwletara hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny
kesgitlemek, foruma gatnaşyjylaryň arasynda netijeli dialogy ösdürmek,
işewürlik gatnaşyklaryny höweslendirmek, işewürlik duşuşyklarynydyr
gepleşikleri geçirmek, dürli ulgamlarda özara tejribe alyşmak üçin açyk
meýdança bolup hyzmat edýär.
30
müň inedördül metr meýdanda Russiýa Federasiýasynyň subýektlerine we
sebitlerine, daşary ýurtlara, wekilçilik edýän döwlet we işewürlik düzümleriniň
pawilýonlary, şol sanda Türkmenistanyň hem milli pawilýony ýerleşýär. Bu ýerde
ykdysadyýetiň dürli pudaklarynyň gazananlary we önümleri, şol sanda azyk
harytlarynyň önümçiligi, oba hojalygy, senagat pudagy, hususan-da, ugurdaş
enjamlaryň, gurluşyk we timarlaýyş serişdeleriniň, mebelleriň, halkyň sarp
edýän harytlarynyň önümçiligidir hyzmatlar ulgamy, innowasion tehnologiýalar,
maliýe hem-de maýa goýum mümkinçilikleri görkezilýär. Şunuň bilen bir hatarda,
sergi ulag-kommunikasiýa, saglygy goraýyş, bilim-ylym, syýahatçylyk, sport ýaly
ulgamlarda öňdebaryjy işläp taýýarlamalar bilen tanyşmaga şert döredýär.
Ýurdumyzyň
bu iri gözden geçirilişe gatnaşmagy diňe bir Russiýanyň iri sebitleri we
beýleki sergä gatnaşýan döwletler bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmäge
itergi bermän, eýsem, Türkmenistanyň dünýäniň halal bazarynda eýeleýän ornuny
pugtalandyrmaga, maýa goýum gatnaşyklaryny işjeňleşdirmäge, geljegi uly
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmäge-de ýardam eder. Türkmenistanyň milli
pawilýony ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň ählisinde, şol sanda hususy pudakda
gazanylýan üstünlikler, uzak möhletli, özara bähbitli hyzmatdaşlyk üçin bar
bolan kuwwat bilen tanyşmaga mümkinçilik berýär.
Döwrebap
bazar gatnaşyklary esasynda ösdürilýän ýokary netijeli, köpugurly ykdysadyýeti
kemala getirmek, senagatlaşdyrmak, sanly ulgamy ornaşdyrmak, daşary ýurtlardan
getirilýän harytlaryň ornuny tutýan önümleri öndürmek bilen bagly wezipeleri
çözmek, eksport mümkinçiliklerini artdyrmak türkmen halkynyň Milli Lideri
Gurbanguly Berdimuhamedow tarapyndan başy başlanyp, Berkarar döwletiň täze
eýýamynyň Galkynyşy döwründe hormatly Prezidentimiziň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilýän öňdengörüjilikli strategiýanyň esasy maksadydyr.
Toplumlaýyn özgertmeler Watanymyzy okgunly ösdürmäge, öňdebaryjy ylmy işläp
taýýarlamalary, ýokary tehnologiýalary giňden ornaşdyrmaga gönükdirilendir.
Şunda
hususy pudagy goldamaga uly ähmiýet berilýär. Häzirki wagtda bu ulgamyň
wekilleri dürli pudaklarda netijeli işleýärler. Türkmenistanyň Senagatçylar we
telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewür düzümleriň netijeli işlemegi
içerki bazarda haryt bolçulygyny üpjün etmäge, öndürilýän önümleriň bäsdeşlige
ukyplylygyny ýokarlandyrmaga, eksport ugurlaryny giňeltmäge ýardam edýär.
Häzirki wagtda “Türkmenistanda öndürildi” haryt nyşanly önümler daşary
ýurtlarda uly meşhurlyga eýedir.
Ýurdumyzyň
pawilýonynda ykdysadyýetiň esasy pudaklarynyň, şol sanda nebitgaz, himiýa,
azyk, dokma senagatynyň önümleri, gurluşyk, timarlaýyş serişdeleri görkezilýär.
Bu ýerde aýakgaplaryň, gön önümleriniň, beýleki senagat harytlarynyň
nusgalary-da goýlupdyr. Önümçiligiň diwersifikasiýalaşdyrylmagy hem-de sanly
ulgama geçilmegi esasynda, ýurdumyzyň elektron senagaty okgunly ösýär. Sergide
bu ulgamyň gazananlary elektron enjamlaryň dürli görnüşleri, kompýuter
tehnikalarynyň nusgalary arkaly giňden beýan edilýär. Şeýle hem
ulag-kommunikasiýa pudagy öz mümkinçiliklerini görkezýär.
Türkmen
halkynyň Milli Lideriniň başlangyjy boýunça “akylly” şäher konsepsiýasy
esasynda gurlan Arkadag şäheri ýurdumyzyň innowasion ösüşiniň, ylmy-tehniki
gazananlarynyň iş ýüzünde giňden ulanylýandygynyň aýdyň nyşany bolup durýar.
Türkmenistanyň pawilýonynda halkymyzyň medeni mirasynyň aýrylmaz bölegi bolup
durýan milli sungatyň däp bolan görnüşleriniň önümleri hem görkezilýär. Şolaryň
hatarynda meşhur türkmen halylary, ajaýyp şaý-sepler bar. Zehinli türkmen
halyçylarynyň, zergärleriniň döreden bu eserleri gözelligi, inçeligi bilen
tutuş dünýäde meşhurdyr. Şeýle hem bu ýerde milli saz gurallary görkezilýär.
Sergi bölüminde Gahryman Arkadagymyzyň we Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň
türkmen halkynyň baý taryhyna, medeniýetine, Watanymyzyň häzirki döwürde
gazanýan üstünliklerine bagyşlanan kitaplary-da aýratyn orun eýeleýär.
Şeýlelikde,
halkara ykdysady foruma we “Russia Halal EXPO” sergisine gatnaşýan döwletleriň
işewür toparlarynyň wekilleri ýurdumyzyň ägirt uly ykdysady kuwwaty bilen
ýakyndan tanyşmaga, türkmen kärdeşleri bilen özara gatnaşyklaryň geljegi uly
ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmaga mümkinçilik alýarlar. Türkmenistanyň bu
ýerdäki pawilýonynyň sergä gelen köp sanly myhmanlarda uly gyzyklanma
döredendigini bellemek gerek.
Halkymyzyň
asylly däplerine görä, myhmanlara şu ýyl zähmetsöýer ekerançylarymyz tarapyndan
ýetişdirilen ilkinji hasylyň naz-nygmatlary hödür edildi. Myhmanlar datly
miweleriň, gök-bakja ekinleriniň önümleriniň süýji tagamyna mynasyp baha
berdiler. Sergä gelenleriň arasynda Kazanyň ýokary okuw mekdeplerinde bilim
alýan türkmen talyplary-da bar. Elbetde, sahawatly türkmen topragynda
ýetişdirilen ir-iýmişlerden dadyp görmek mümkinçiligi ýaş watandaşlarymyzda uly
kanagatlanma duýgusyny döretdi.
Sergä
gatnaşyjylar Türkmenistanyň sergi bölüminiň guramaçylyk derejesine ýokary baha
berdiler. Bu iri gözden geçiriliş ýurdumyzyň gazanýan uly üstünliklerini
görkezýär hem-de gyzyklanma bildirýän daşary ýurtly hyzmatdaşlaryň ählisi bilen
netijeli gatnaşyklary ýola goýmak üçin giň mümkinçilikleri açýar.
tdh.gov