Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Ýylyň iň garaşylan pudaklaýyn sergisi:Dokma dünýäsi Aşgabatda jemlendi

04.06.2026
34

     2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň binasynda ýylyň iň garaşylan pudaklaýyn çäreleriniň biri bolan «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi ýarmarkasy  öz işine başlady. Çäre  Hormatly Prezidentimiziň halkara sergi-ýarmarka gatnaşyjylara iberen Gutlag haty  bilen dabaraly ýagdaýda açyldy.

      Gutlagda bellenilişi ýaly, Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda geçirilýän bu halkara sergi-ýarmarka ýurdumyzyň dokma senagatynyň gazananlaryny giňden görkezmek, daşary ýurtly hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary mundan beýläk-de ösdürmek, täze maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmek hem-de innowasion tejribeleri alyşmak üçin uly mümkinçilikleri döredýär.

    Serginiň açylyş dabarasynda milli dokma pudagynyň gazananlary, innowasion tehnologiýalar, döwrebap enjamlar hem-de ekologiýa taýdan arassa önümler görkezildi. Bu ýerde dünýäniň iň meşhur moda öýleriniň ýolbaşçylary, tanymal dizaýnerleri we täsin milli lybaslarymyzy dünýä tanatmak isleýän ýerli brendlerimiz jemlendi.

    Aýdym-sazly moda görkezlişikler bilen utgaşýan «TurkmenTextile Expo — 2026» halkara sergi ýarmarkasy üç gün dowam eder.

 

 

 

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy. 


Bulary hem okaň