15.09.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow döwlet sapary bilen, şeýle hem “Merkezi Aziýa — Koreýa
Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmak üçin Koreýa Respublikasyna ugrady.
Döwlet
Baştutanymyz dostlukly ýurda ugramak üçin paýtagtymyzyň Halkara howa menziline
geldi. Bu ýerde hormatly Prezidentimizi ýurdumyzyň resmi adamlary ugratdylar.
Bitarap
Türkmenistan ählumumy abadançylyga gönükdirilen parahatçylyk söýüjilikli daşary
syýasaty durmuşa geçirip, dünýä döwletleri, şol sanda Aziýa — Ýuwaş umman
sebitiniň ýurtlary bilen dostlukly gatnaşyklary işjeň ösdürýär. Häzirki wagtda
Türkmenistan bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky ikitaraplaýyn gatnaşyklar
okgunly ösdürilip, strategik hyzmatdaşlyk derejesine çykarylýar. Soňky ýyllarda
ýokary derejedäki yzygiderli gatnaşyklaryň netijesinde döwletara dialog oňyn
häsiýeti bilen tapawutlanýar.
Türkmenistan
bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky diplomatik gatnaşyklar 1992-nji ýylda
ýola goýuldy. Bu gatnaşyklary hil taýdan täze derejä çykarmakda Gahryman
Arkadagymyzyň ägirt uly goşandyny bellemek gerek. Hormatly Prezidentimiziň şu
döwlet sapary bolsa türkmen halkynyň Milli Lideri tarapyndan binýady goýlan
türkmen-koreý hyzmatdaşlygynda täze sahypany açar.
Ýurtlarymyz
diňe bir ikitaraplaýyn görnüşde däl, eýsem, halkara guramalaryň çäklerinde-de
netijeli hyzmatdaşlyk edýärler. Birleşen Milletler Guramasynyň, beýleki halkara
guramalaryň çäklerinde ählumumy parahatçylygy we durnukly ösüşi üpjün etmäge
gönükdirilen başlangyçlaryň özara goldanylmagy munuň aýdyň mysalydyr.
Söwda-ykdysady gatnaşyklar türkmen-koreý hyzmatdaşlygynyň esasy ugry bolup
durýar. Şunda ýurdumyz bilen köp ýyllardan bäri hyzmatdaşlyk edip gelýän iri
koreý kompaniýalaryna uly orun degişlidir. Bu kompaniýalaryň gatnaşmagynda
milli ykdysadyýetimiziň nebitgaz, nebithimiýa, gazhimiýa pudaklarynda
bilelikdäki giň möçberli taslamalar üstünlikli durmuşa geçirilýär. Munuň özi
özara tejribe alyşmaga, öňdebaryjy tehnologiýalary ykdysadyýetimiziň pudaklaryna
ornaşdyrmaga ýardam berýär.
Ulag-logistika
ulgamy ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň möhüm ugry bolup durýar. Ýewraziýanyň
çatrygynda geografik taýdan amatly ýerleşýän Türkmenistan hem-de Koreýa
Respublikasy üstaşyr geçelgeleri döretmekde tagallalaryny utgaşdyrýarlar.
Medeni-ynsanperwer gatnaşyklar, däp bolşy ýaly, halklarymyzyň arasynda dostluk
köprüsi bolup hyzmat edýär. Döwletmämmet Azady adyndaky Türkmen milli dünýä
dilleri institutynda Patyşa Sejong adyndaky koreý dilini öwredýän okuw merkezi
hereket edýär. Ýurdumyzyň bir ýokary we orta okuw mekdebinde bolsa koreý dili
öwredilýär. Ylym-bilim ulgamynda iki ýurduň akademiki toparlarynyň arasynda
göni gatnaşyklar pugtalandyrylýar. Akademiki alyşmalar, işgärleriň hünär
derejesini ýokarlandyrmak boýunça maksatnamalar amala aşyrylyp, bilim işine
döwrebap standartlar, sanly tehnologiýalar ornaşdyrylýar. Bu bolsa ýurdumyzyň
senagat we tehnologik ösüşi üçin işgärler kuwwatyny kemala getirýär.
Ýurtlarymyz
ekologiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy işjeň ösdürip, “ýaşyl” tehnologiýalary
ornaşdyrmak, howanyň üýtgemegine garşy göreşmek, suw serişdelerinden netijeli
peýdalanmak meselelerine aýratyn üns berýärler.
Türkmenistan
bilen Koreýa Respublikasynyň arasyndaky gatnaşyklar sebit derejesindäki
köptaraplaýyn görnüşde, hususan-da, “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy”
hyzmatdaşlyk forumynyň çäklerinde üstünlikli alnyp barylýar. Bu forum 2007-nji
ýylda koreý tarapynyň başlangyjy esasynda iki sebitiň arasynda ynamy berkitmek
we hyzmatdaşlygy giňeltmek boýunça hereket etjek köptaraplaýyn konsultatiw
meýdança hökmünde döredildi. 2024-nji ýyla çenli bu forumyň işi daşary işler
ministrleri derejesindäki mejlisler görnüşinde alnyp baryldy. 2023-nji ýylda
Türkmenistan bu forumda başlyklyk etdi. “Merkezi Aziýa — Koreýa Respublikasy” hyzmatdaşlyk
forumynyň 16-njy mejlisi Aşgabatda geçirildi. Hormatly Prezidentimiziň Koreýa
Respublikasyna amala aşyrýan döwlet saparynyň çäklerinde “Merkezi Aziýa —
Koreýa Respublikasy” ilkinji sammitine gatnaşmagy ýurdumyzyň sebit ösüşiniň
möhüm meselelerini çözmekde eýeleýän işjeň ornuny aýdyň görkezer.
...Birnäçe
sagatdan döwlet Baştutanymyzyň uçary iki ýurduň Döwlet baýdaklary bilen bezelen
Seulyň ýokary derejeli myhmanlary kabul ediş howa menziline gelip gondy.
Haly
düşelen ýodajygyň iki tarapynda Hormat garawulynyň esgerleri nyzama düzülipdir.
Belent mertebeli türkmen myhmanynyň gelmegi mynasybetli hormat topy atyldy. Bu
ýerde döwlet Baştutanymyzy Koreýa Respublikasynyň hem-de ýurdumyzyň resmi
adamlary mähirli garşyladylar.
Hormatly
Prezidentimiziň Koreýa Respublikasyna döwlet sapary dowam edýär.
tdh.gov