06.06.2026
2026-njy ýylyň 5-nji iýunynda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynda Germaniýanyň
organiki dokma önümçiligi boýunça öňdebaryjy «it fits» kompaniýasynyň hem-de
Şweýsariýanyň ýokary inženerçilik we tehnologik çözgütlerini hödürleýän
«SYNBELLE GmbH» kompaniýasynyň wekilleri bilen duşuşyk geçirildi. Duşuşygyň esasy maksady milli dokma pudagynda
ikitaraplaýyn eksport we tehnologik hyzmatdaşlyk mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň dowamynda Ýewropadan gelen myhmanlar Türkmenistanyň dokma
senagatynyň häzirki zaman ösüşine, önümçilik kuwwatyna we taýýar harytlaryň
ekologik taýdan arassa hem-de ýokary hiline örän ýokary baha berdiler. Olar bilelikdäki
taslamalary durmuşa geçirmäge uly gyzyklanma bildirýändiklerini tassykladylar.
Duşuşykda
Türkmenistanyň ýokary hilli pagta önümlerini, ýüplüklerini we matalaryny
Ýewropanyň, hususan-da Germaniýanyň we Şweýsariýanyň dokma bazarlaryna göni
eksport etmekde hyzmatdaşlyk etmek barada pikir alyşyldy.
Dokma dizaýny, önümiň hiline gözegçilik we
durnukly önümçilik boýunça Germaniýanyň hem-de Şweýsariýanyň ösen tejribesini
öwrenmek maksady bilen, Aşgabatda ýerli hünärmenler üçin ussatlyk sapaklaryny
we okuw maslahatlaryny gurnamak mümkinçilikleri hem ara alnyp maslahatlaşyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
daşary ýurtly hyzmatdaşlara ýurduň iň döwrebap dokma kärhanalary bilen göni
gatnaşyklary ýola goýmakda we ähli guramaçylyk işlerinde doly goldaw bermäge
taýýardygyny tassyklady.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.