PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

“Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergisi.

19.05.2023
Card image cap

Geljek hepdäniň dowamynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Ak şäherim Aşgabat” atly köpugurly halkara sergisi geçiriler.

Ol sergä jemi 100 gowrak gatnaşyjy gatnaşyp, olar ministrlikler we pudaklaýyn dolandyryş edaralary, ýurdumyzyň hususyýetçileri we daşary ýurt kompaniýalary.

“Ak şäherim Aşgabat” atly XXII köpugurly halkara sergisinde şu aşakdaky ugurlar boýunça ýetirilen sepgitler we häzirki güne çenli alynyp barlan işler barada sergiler görkeziler we olar mahabatlandyrylar:

  • Şäher gurluşyk, arhitektura, dizaýn;
  • Ýol, köpri gurluşygy
  • Energetika
  • Dürli görnüşde senagat önümçiligi;
  • Elektronika önümçiligi;
  • Himiýa senagaty;
  • Nebit-gaz, nebit himiýa;
  • Maşyn gurluşygy
  • Aragatnaşyk;
  • IT hyzmatlar;
  • Dokma, deri önümçiligi;
  • Halyçylyk;
  • Öý-otag dizaýny we mebel;
  • Bilim;
  • Saglyk;
  • Sport;
  • Medeniýet;
  • Jemgyýet iýmiti;
  • Azyk senagatynyň önümleri we olary gaýtadan işlemek.

Serginiň açylyş/ýapylyş dabarasy:
2023-nji ýylyň 24-nji maýynda sagat 10:00-da - Açylyş
2023-nji ýylyň 25-nji maýynda sagat 18:00-da - Ýapylyş


Bulary hem okaň