Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň

Baş sahypa

Täzelikler

Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherinde «Merkezi Aziýa-Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumy geçirildi


2023-nji ýylyň 29-njy awgustynda  Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynyň wekilleri Özbegistan Respublikasynyň Samarkand şäherindäki «Hilton Garden Inn» myhamanhanasynda  geçirilen «Merkezi Aziýa-Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumyna gatnaşdy. Bu foruma Koreýa tarapyndan 20-den gowrak wekil gatnaşdy. «Merkezi Aziýa-Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumynyň geçirilmeginiň esasy maksady, Koreýanyň Pusan şäheriniň Merkezi Aziýa ýurtlary bilen söwda, syýahatçylyk, lukmançylyk, logistika ugurlary boýunça  hyzmatdaşlygy ýola goýmakdan ybaratdyr. 

«Merkezi Aziýa-Pusan» ykdysady hyzmatdaşlyk forumyna   türkmen, gazak, täjik we  özbek wekilliýetleri işjeň gatnaşdylar.

www.cci.gov.tm