Düýn ýurdumyzda Bütindünýä
welosiped güni bellenildi. Bu halkara baýram mynasybetli paýtagtymyzda
geçirilen köpçülikleýin welosipedli ýörişe hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow gatnaşdy.
Berkarar
döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe milli senenamamyzda mynasyp orun
alan Bütindünýä welosiped güni ildeşlerimiziň sagdyn durmuş ýörelgelerine
ygrarlydygyny görkezmek bilen, raýdaşlyk ruhuny dabaralandyrýar.
Köpçülikleýin
bedenterbiýe we sport hereketi kuwwatly, jebisleşdiriji güýje eýe bolup, ilatyň
beden we ruhy taýdan saglygyny pugtalandyrmaga ýardam berýär. Bu hereketiň
çäklerinde dürli ýaşdaky we kärdäki adamlar umumy maksadyň daşynda
birleşýärler. Şeýle çäreler jemgyýetde özara düşünişmegi we dostlukly
gatnaşyklary ösdürmäge, watansöýüjilik, jogapkärçilik ýaly häsiýetleri
terbiýelemäge, ýaşlaryň arasynda sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge,
sport medeniýetini ösdürmäge, şeýle hem milli jebisligi berkitmäge ýardam
berýär.
Halkymyzyň
abadan durmuşy baradaky hemmetaraplaýyn alada Garaşsyz, Bitarap Watanymyzyň
döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugry hökmünde kesgitlenildi. Şunda ilatyň
saglygyny goramaga, köpçülikleýin bedenterbiýe-sagaldyş hereketini ösdürmäge,
sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmäge aýratyn üns berilýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň ýolbaşçylygynda işlenip taýýarlanan «Saglyk» Döwlet
maksatnamasyna laýyklykda, ilatyň saglygyny berkitmek, ynsan ömrüniň dowamlylygyny
uzaltmak, bedenterbiýäni we sporty ösdürmek, sagdyn durmuş ýörelgelerini
ornaşdyrmak ugrunda ýurdumyzda giň gerimli işler durmuşa geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň durmuşa geçirýän hem-de dostlugyň we
parahatçylygyň, sportuň hem-de ynsanperwerligiň belent ýörelgelerini
rowaçlandyrýan, halklaryň agzybirligini, jebisligini pugtalandyrýan döwlet
syýasatynyň netijesinde, ýurdumyz halkara sport çäreleriniň geçirilýän mekanyna
öwrüldi.
Türkmenistanyň
başlangyjy bilen, 3-nji iýunyň «Bütindünýä welosiped güni» diýlip yglan
edilmegi, Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasynyň 76-njy
sessiýasynyň 61-nji plenar mejlisinde «Durnukly ösüşi gazanmak üçin
köpçülikleýin welosiped sürmegi jemgyýetçilik ulag ulgamlaryna girizmek» atly Kararnamanyň
biragyzdan kabul edilmegi, şeýle hem Aşgabat şäherinde üstünlikli geçirilen
Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň degişli
Çözgüdine laýyklykda, Aşgabadyň «Arkalaşygyň täze sport mümkinçilikleriniň
şäheri» diýlip yglan edilmegi ýurdumyzda sporty ösdürmek boýunça durmuşa
geçirilýän işleriň halkara jemgyýetçiligiň ykrarnamasyna eýe bolýandygyny
görkezýär.
Sport
diplomatiýasyny we onuň mümkinçiliklerini herekete getirmegiň ýollary
Türkmenistanyň Halkara parahatçylyk we ynanyşmak ýylynyň dowamyndaky işleriniň
we ileri tutýan ugurlarynyň Konsepsiýasynda hem öz beýanyny tapdy. Konsepsiýa
laýyklykda, Türkmenistanyň hemişelik Bitaraplygynyň 30 ýyllygyna beslenýän şu
ýylda sport ulgamynda gatnaşyklary işjeňleşdirmek boýunça çäreleri alyp barmak,
halkara sport ýaryşlaryny, şol sanda ýurdumyzyň başlangyjy bilen öňe sürlen
BMG-niň oýunlaryny guramak göz öňünde tutulýar.
...Baýramçylyk
mynasybetli guralýan welosipedli ýörişiň badalga alýan ýeriniň —
paýtagtymyzdaky Saglyk ýolunyň sagdyn durmuş ýörelgelerini wagyz etmekde möhüm
ähmiýetini bellemek gerek. Bu ýere Mejlisiň Başlygy, Hökümet agzalary, harby we
hukuk goraýjy edaralaryň, ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň, şäher häkimliginiň, jemgyýetçilik guramalarynyň, ýokary okuw
mekdepleriniň, köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň ýolbaşçylary
ýygnandylar. Ýörişe daşary döwletleriň we halkara guramalaryň ýurdumyzdaky
wekilhanalarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri hem gatnaşýarlar. Bu ýere
ýygnananlaryň hatarynda Döwletliler köşgünde terbiýelenýänler, Ýaş
olimpiýaçylary taýýarlaýyş mekdebiniň, umumybilim berýän orta mekdepleriň
okuwçylary, Türkmenistanyň welosport boýunça ýygyndy toparynyň türgenleri,
talyplar, jemgyýetçilik wekilleri-de bar.
Hemmeler
uly ruhubelentlik bilen hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy
mübärekleýärler.
Ýurdumyzyň
sungat ussatlary Watanymyzy, sporty, sagdyn durmuş ýörelgelerini, ajaýyp
zamanamyzy wasp edýän aýdym-sazly kompozisiýalar bilen çykyş edýärler.
Soňra
döwlet Baştutanymyz köpçülikleýin welosipedli ýörişe badalga berdi.
Hormatly
Prezidentimiziň göreldesine eýerip, hemmeler ak mermerli paýtagtymyzyň Arçabil
we Bitarap Türkmenistan şaýollarynyň ugry bilen ýola düşdüler.
Häzirki
wagtda welosportuň dünýädäki muşdaklarynyň sany barha artýar. Ýurtlary we
halklary jebisleşdirýän baýram bolan Bütindünýä welosiped güni hem sportuň bu
görnüşiniň giňden wagyz edilmegine, jemgyýetde ekologik medeniýetiň
ilerledilmegine ýardam berýär.
Welosipediň
esasy ulag serişdesi hökmünde ulanylmagy daşky gurşawa kömürturşy gazynyň
zyňyndylaryny azaltmaga ýardam berýär. Bu bolsa, öz gezeginde, ekologik
abadançylygy üpjün etmäge ýardam edýär. Howanyň üýtgeýän häzirki şertlerinde
ulagyň ekologiýa taýdan arassa görnüşlerine geçmek möhüm wezipeleriň biri bolup
durýar. Şunuň bilen baglylykda, welosiped ulagyň iň netijeli we elýeter
görnüşleriniň biri bolup, birnäçe artykmaçlyklara eýedir.
Welosport
fiziki işjeňligi arassa howada dynç almak bilen utgaşdyrmaga mümkinçilik berip,
syýahatçylyk üçin täze gözýetimleri açýar. Sportuň bu görnüşi ähli ýaşdaky
adamlar üçin elýeterlidir. Welosport bilen yzygiderli meşgullanmak ýürek we gan
aýlanyş ulgamyny, bedeniň umumy çydamlylygyny berkitmäge ýardam berýär.
Welosiped
sporty hem-de welosipedli gezelençler maşgala ýa-da dostlar bolup dynç almak
üçin ajaýyp mümkinçilikdir. Ol ýylyň islendik wagtynda arassa howada wagtyňy
hoş geçirmäge amatly şertleri döredýär.
Welosiped
sürmek çagalaryň sagdyn ösüşine-de oňyn täsirini ýetirýär. Ol çagalaryň durmuşa
uýgunlaşmagyna, bilelikde gezelenç edip, ondan galan täsirleri paýlaşyp biljek
täze dostlary tapynmaklaryna şert döredýär.
Türkmenistanda
çagalaryň saglygyny berkitmek meselelerine möhüm ähmiýet berilýär. Hususan-da,
döwlet goldawyna mätäç ýaşajyk raýatlarymyz uly üns-alada bilen gurşalýar.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyjy bilen döredilen Gurbanguly Berdimuhamedow
adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça haýyr-sahawat
gaznasynyň bu babatda giň gerimli işleri alyp barýandygy bellenilmäge
mynasypdyr.
Welosiped
diňe bir ulag serişdesi bolman, eýsem, durnukly we ekologiýa taýdan arassa
durmuş ýörelgesiniň nyşanydyr. Onuň yzygiderli ulanylmagy daşky gurşawa
ýetirilýän zyýany azaltmaga we ilatyň saglygyny berkitmäge mümkinçilik berýär.
Ählumumy ekologiýa wehimleri bilen baglylykda, ulag serişdesi hökmünde
welosipede geçilmegi hemmeler üçin has arassa, howpsuz we sagdyn geljegi
döretmegiň ýolunda möhüm ädim bolup durýar. Şeýle köpçülikleýin çäreler
welosporta we ekologiýa meselelerine ünsi çekmek bilen, adamlary ulagyň bu
netijeli we peýdaly görnüşini saýlap almaga ruhlandyrýar.
Türkmen
halky asyrlaryň dowamynda tebigata aýawly çemeleşmegiň, onuň bilen sazlaşykly
ýaşamagyň özboluşly ýörelgelerini kemala getiripdir. Her ýyl geçirilýän
köpçülikleýin bag ekmek çäreleriniň netijesinde, paýtagtymyzda we tutuş
ýurdumyzda ýaşyl zolaklaryň çägi barha giňelýär. Döredilýän seýilgählerdir
seýilbaglar, tokaý zolaklary ýerli howa ýagdaýyna oňyn täsirini ýetirýär.
Gahryman
Arkadagymyzyň ýurdumyzda ekologik abadançylygy üpjün etmek boýunça asylly
başlangyçlarynyň häzirki wagtda Arkadagly Gahryman Serdarymyzyň baştutanlygynda
üstünlikli durmuşa geçirilmegi netijesinde, Watanymyzyň tebigatyny we onuň
gözelligini aýawly saklamak, daşky gurşawy, ilatyň ýaşaýyş-durmuş şertlerini
has-da gowulandyrmak döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biri bolup
durýar.
Milli
hem-de ählumumy derejede ekologik abadançylygy üpjün etmek maksady bilen,
ýurdumyzda toplumlaýyn we uzak möhletleýin Milli tokaý maksatnamasy üstünlikli
amala aşyrylýar. Onda senagat düzüminiň, ulag-kommunikasiýa ulgamynyň okgunly
ösmegi, şäherleriň we täze ilatly ýerleriň geriminiň giňelmegi bilen baglylykda,
ýaşyl zolaklaryň, tokaýlaryň döredilmegi göz öňünde tutulýar. Soňky ýyllarda
Diýarymyzyň dürli künjeklerinde, şol sanda paýtagtymyzyň töwereginde
köpçülikleýin bag nahallaryny ekmek asylly däbe öwrüldi. Halk köpçüliginiň
işjeň gatnaşmagynda ýaz hem-de güýz pasyllarynda geçirilýän ählihalk bag ekmek
dabaralarynyň dowamynda her ýylda millionlarça düýp bag nahaly ekilýär.
Türkmenistan
ekologiýa babatda halkara hyzmatdaşlygy hem işjeň ösdürýär. Birleşen Milletler
Guramasynyň daşky gurşaw boýunça konwensiýalarynyň onlarçasyna goşulyşan
ýurdumyz durnukly ösüş babatda dünýä jemgyýetçiliginiň öňünde durýan meseleleri
çözmäge jogapkärçilikli çemeleşýär.
...Bellenilen
ugra görä, welosipedçileriň kerweni öz ýoluny paýtagtymyzyň giň şaýollary bilen
dowam etdi. Ir säheriň jana şypaly howasy, Köpetdagyň dag etekleriniň gözel
görnüşleri, Aziýanyň merjen şäheri hökmünde tanalýan, dünýäniň ýaşamak üçin iň
amatly we gözel şäherleriniň biri bolan Aşgabadyň ajaýyp binagärlik keşbi
welosipedli ýörişe gatnaşýanlaryň ruhuny belende göterýär.
Sport
bilen meşgullanmak adamlara wagtyny has netijeli peýdalanmaga ýardam berýär.
Beden maşklary adamyň aňyna, pikirlenmek ukybyna we ýatkeşligine oňyn täsir
edip, tutanýerlilik, zähmetsöýerlik ýaly häsiýetleri terbiýeleýär. Saglyk diňe
bir adam däl, eýsem, tutuş jemgyýet üçin hem uly gymmatlykdyr.
Sport
Watanymyzyň geljegi bolan sagdyn ýaş nesli kemala getirmekde uly ähmiýete
eýedir. Ýurdumyzda ýaýbaňlandyrylýan şeýle giň gerimli sport çärelerine
hormatly Prezidentimiziň gatnaşmagy olaryň ähmiýetini has-da artdyrýar.
Ýörişiň
dowamynda hormatly Prezidentimiz, hemişe bolşy ýaly, ýokary beden hem-de sport
taýýarlygyny görkezdi.
Jemgyýetde
sagdyn durmuş ýörelgelerini berkitmegi döwlet syýasatynyň strategik ugurlarynyň
biri hökmünde kesgitlän Gahryman Arkadagymyz we hormatly Prezidentimiz sportuň
dürli görnüşleri bilen yzygiderli meşgullanyp, ildeşlerimize görelde bolýarlar.
Munuň özi türgenleri halkara ýaryşlarda ýeňiş gazanmaga ruhlandyrýar. Olaryň
üstünlikleri ýurdumyzda bu ugurda durmuşa geçirilýän çäreleriň netijeli
häsiýete eýedigini tassyklaýar hem-de Türkmenistanyň halkara sport
giňişligindäki abraýyny pugtalandyrýar.
Türkmenistanyň
Milli Olimpiýa komitetiniň Prezidenti, döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedow ýurdumyzda Olimpiýa hereketiniň ösdürilmegine hem möhüm ähmiýet
berýär.
Bitarap
Türkmenistanyň parahatçylyk söýüjilikli syýasatyny, hormatly Prezidentimiziň
başlangyçlaryny häzirki döwrüň Olimpiýa hereketini esaslandyryjy Pýer de
Kuberteniň «Sporta waspnamasyndaky» meşhur sözleriniň aýdyň beýany hökmünde
häsiýetlendirmek bolar. Bu senada parahatçylygyň, döredijiligiň, ösüşiň,
şatlygyň we sagdyn durmuş ýörelgeleriniň maksatlary, ýaşlygyň, ýeňşe bolan
ymtylmanyň ruhy «Eý, sport! Sen — parahatçylyk!» diýen sözler bilen wasp
edilýär. Olimpiýa oýunlarynyň «Bilelikde has çalt, has ýokary, has güýçli»
diýen şygary sportuň adamlaryň arasynda raýdaşlygy, dostlugy pugtalandyrmakda
möhüm ähmiýete eýedigini tassyklaýar.
Aşgabatda
Merkezi Aziýada deňi-taýy bolmadyk Olimpiýa şäherçesiniň gurulmagy türkmen
sportunyň hil taýdan täze derejä çykmagyna goşant goşdy. Hut şu ýerde 2017-nji
ýylda Ýapyk binalarda we söweş sungaty boýunça V Aziýa oýunlary üstünlikli
geçirilip, milli sportuň taryhynda täze sahypany açdy. Bu waka Türkmenistanyň
ýokary derejeli ýaryşlary gurap bilýän ýurtlaryň hatarynda orun alandygyny
alamatlandyrdy, şeýle hem ählumumy parahatçylygyň, abadançylygyň bähbidine
durmuşa geçirilýän sport diplomatiýasynyň üstünligini görkezdi.
Häzirki
wagtda Türkmenistan ýokary derejeli hünärmenleri taýýarlamak, türgenleriň
ussatlygyny artdyrmak, sebit we dünýä derejesinde sport çärelerini geçirmek
üçin baý tejribä eýedir.
Taryhy-medeni
ýadygärlikleri, gözel tebigaty bilen meşhur Türkmenistanyň syýahatçylyk babatda
uly mümkinçilikleriniň bardygyny bellemek gerek. Özboluşly binagärlik keşbi bilen
haýran galdyrýan Aşgabat köp sanly daşary ýurtly jahankeşdeleri özüne çekýär.
Timarlanan seýilgählerdir seýilbaglar, suw çüwdürimleri türkmen paýtagtynyň
bezegi bolup durýar.
Welosipedli
ýörişiň dowamynda döwlet Baştutanymyz Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň oba
hojalyk toplumyna gözegçilik edýän orunbasary T.Atahallyýewe, ýurdumyzda
ekologiýa ýagdaýyny mundan beýläk-de gowulandyrmak maksady bilen, uzak
möhletleýin wezipeleri öz içine alýan Milli tokaý maksatnamasynyň durmuşa
geçirilişini hemişe üns merkezinde saklamagy tabşyrdy.
Ýolugra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň paýtagtymyza gözegçilik edýän orunbasary
B.Annamämmedow hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa paýtagtymyzy
mundan beýläk-de ösdürmek hem-de abadanlaşdyrmak boýunça görülýän çäreler
barada hasabat berdi.
Döwlet
Baştutanymyz Aşgabady ösdürmegiň konsepsiýasynda göz öňünde tutulan wezipeleriň
üstünlikli durmuşa geçirilmeginiň möhüm ähmiýetine ünsi çekip, şäher
infrastrukturasyny döwrebaplaşdyrmak, paýtagtymyzda ekologik abadançylygy üpjün
etmek, şäher ýaşaýjylary üçin amatly ýaşaýyş-durmuş şertlerini döretmek boýunça
alnyp barylýan işleri yzygiderli gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz welosipedli ýörişi tamamlap, paýtagtymyzdaky Ruhyýet köşgüniň
ýanyndaky pellehana bardy. Bu ýerde welosipedli ýörişe gatnaşyjylar
Türkmenistanyň başlangyjy bilen BMG-niň Baş Assambleýasy tarapyndan her ýylyň
3-nji iýunyny «Bütindünýä welosiped güni» diýip yglan etmek hakynda kabul
edilen Kararnamanyň ähmiýetini bellediler hem-de pursatdan peýdalanyp, hormatly
Prezidentimizi we Gahryman Arkadagymyzy bu şanly sene bilen tüýs ýürekden
gutladylar.
Soňra
döwlet Baştutanymyz Bütindünýä welosiped gününe bagyşlanyp geçirilen
köpçülikleýin sport çäresine gatnaşyjylar bilen mähirli hoşlaşyp, hemmelere
berk jan saglygyny, üstünlikleri arzuw etdi.
Şeýlelikde,
Birleşen Milletler Guramasynyň senenamasynda mynasyp orun alan bu halkara
baýram mynasybetli geçirilen şu gezekki welosipedli ýöriş jemgyýetimizi umumy
maksadyň daşynda jebisleşdirip, Türkmenistanyň sagdynlygyň we ruhubelentligiň
ýurdudygyny ýene bir gezek äşgär etdi.
tdh.gov