Düýn Ulan-Batorda hormatly Prezidentimiziň Mongoliýa amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde iki dostlukly ýurduň döwlet Baştutanlary Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda gepleşikler geçirildi.
Ir
bilen hormatly Prezidentimiziň awtoulag kerweni Mongoliýanyň Döwlet köşgüne
geldi. Köşgüň öňündäki Suhe-Bator meýdanynda belent mertebeli myhmany resmi
garşylamak dabarasy boldy.
Prezident
Uhnaagiýn Hurelsuh türkmen kärdeşini mähirli garşylaýar. Türkmenistanyň we
Mongoliýanyň Baştutanlary dostlarça salamlaşýarlar.
Bu
ýerde milli mongol lybasly gyzjagaz hormatly Prezidentimize türkmen dilinde
“Hoş geldiňiz!” sözleri bilen ýüzlenýär hem-de gül dessesini gowşurýar. Soňra
döwlet Baştutanlary dostlukly ýurduň ýaş nesliniň wekili bilen bilelikde
ýadygärlik surata düşýärler.
Soňra
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh ýörite münbere
barýarlar.
Hormat
garawulynyň serkerdesi dabaraly hasabat berýär. Türkmenistanyň we Mongoliýanyň
Döwlet senalary ýaňlanýar.
Prezidentler
Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň goşun tugrasyny
sarpalaýarlar we Hormat garawulynyň esgerleriniň nyzamynyň öňünden geçýärler.
Hormat garawulynyň esgerleri
dabaraly ýöriş bilen geçýärler.
Soňra
iki ýurduň döwlet Baştutanlary Türkmenistanyň we Mongoliýanyň resmi
wekiliýetiniň agzalary bilen tanyşýarlar, şeýle hem Mongoliýada işleýän
diplomatik we halkara guramalaryň wekilhanalarynyň ýolbaşçylaryny
mübärekleýärler.
Dabara
tamamlanandan soň, Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh
Mongoliýanyň Döwlet köşgüne barýarlar. Köşgüň eýwanynda döwlet Baştutanymyz
Hormatly myhmanlar kitabynda ýadygärlik ýazgy galdyrdy.
Iki
ýurduň Döwlet baýdaklarynyň öňünde resmi surata düşmek dabarasyndan soňra,
Prezidentler Serdar Berdimuhamedowyň we Uhnaagiýn Hurelsuhyň arasynda çäkli
düzümde ýokary derejedäki gepleşikler geçirildi.
Dostlukly
ýurduň Baştutany belent mertebeli myhmany mongol topragynda mähirli mübärekläp,
Mongoliýa döwlet sapary bilen gelmäge çakylygy kabul edendigi üçin tüýs
ýürekden hoşallyk bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha bildirilen
myhmansöýerlik üçin tüýs ýürekden minnetdarlygyny beýan etdi. Döwlet
Baştutanymyz pursatdan peýdalanyp, mongol kärdeşine türkmen halkynyň Milli
Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowyň
salamyny we iň gowy arzuwlaryny ýetirdi hem-de Gahryman Arkadagymyzyň
Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala
aşyran döwlet saparyny we onuň Magtymguly Pyragynyň doglan gününiň 300
ýyllygyna bagyşlanan halkara foruma işjeň gatnaşandygyny ýakymly duýgular bilen
ýatlaýandygyny aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň Mongoliýa bilen
syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygy
ösdürmegi we giňeltmegi ugur edinýändigini tassyklady. Döwlet Baştutanymyz bu
saparyň ikitaraplaýyn gatnaşyklara täze itergi bermäge gönükdirilendigini
aýdyp, bilelikdäki tagallalaryň netijesinde bu ugurdaky maksatlara
ýetiljekdigine ynam bildirdi.
Prezident
Uhnaagiýn Hurelsuh geçen ýyl Aşgabatda geçirilen ýokary derejedäki
gepleşikleriň ähmiýetini belläp, onuň dowamynda gazanylan ylalaşyklaryň
döwletara gatnaşyklary ösdürmekde möhüm ädim bolandygyny belledi we
mümkinçilikden peýdalanyp, türkmen halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk
Maslahatynyň Başlygy Gurbanguly Berdimuhamedowa mähirli salamyny beýan etdi.
Ynanyşmak
we işjeňlik ýagdaýynda geçen gepleşikleriň dowamynda, uzak möhletli geljegi
hasaba almak bilen, hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlary anyklaşdyryldy.
Prezidentler Serdar Berdimuhamedow we Uhnaagiýn Hurelsuh şeýle hem
söwda-ykdysady gatnaşyklary işjeňleşdirmek üçin köpugurly mümkinçilikleriň
bardygyny aýdyp, iki ýurduň halklarynyň has-da ýakynlaşmagyna ýardam berýän
medeni-ynsanperwer gatnaşyklaryň pugtalandyrylmagynyň möhümdigini aýtdylar.
Duşuşygyň
dowamynda taraplar özara gyzyklanma bildirilýän sebit we halkara gün tertibiniň
möhüm ugurlary boýunça pikir alyşdylar.
Soňra
gepleşikler iki ýurduň resmi wekiliýetleriniň gatnaşmagynda giňişleýin düzümde
dowam etdirildi.
Prezident
Uhnaagiýn Hurelsuh döwlet Baştutanymyz Serdar Berdimuhamedowy we Türkmenistanyň
wekiliýet agzalaryny ýene bir gezek tüýs ýürekden mübärekläp, Mongoliýanyň
Türkmenistan bilen ýola goýlan dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmaga, şeýle
hem ähli ulgamlarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge we ösdürmäge
ygrarlydygyny tassyklady. Şunda ýokary derejedäki özara saparlaryň iki ýurduň halklarynyň
arasyndaky dostluk gatnaşyklaryny has-da pugtalandyrmaga ýardam etjekdigine
ynam bildirildi.
Soňra
döwlet Baştutanymyza söz berildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow mähirli kabul edilendigi we myhmansöýerlik
üçin Türkmenistanyň wekiliýetiniň adyndan Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn
Hurelsuha ýene bir gezek minnetdarlyk bildirip, şu duşuşygyň Mongoliýanyň
Prezidentiniň geçen ýylyň güýzünde Türkmenistana amala aşyran döwlet saparynyň
barşynda geçirilen gepleşikleriň özboluşly dowamydygyny belledi. Şunuň bilen
baglylykda, türkmen-mongol gatnaşyklarynyň ulgamlaýyn we yzygider häsiýete eýe
bolýandygy hem-de durnukly özara bähbitli hyzmatdaşlyk derejesine çykýandygy
bellenildi.
Döwlet
Baştutanymyz şu gezekki ýokary derejedäki duşuşygyň gün tertibine syýasy,
ykdysady, söwda, medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlyk etmek meseleleriniň
giň toplumynyň girizilendigini hem-de resminamalaryň uly toplumyna gol
çekiljekdigini aýtdy.
Türkmenistan
bitaraplyga esaslanýan daşary syýasy ugruny hem-de Birleşen Milletler
Guramasynyň we beýleki abraýly halkara düzümleriň çäklerinde öňe sürýän halkara
başlangyçlaryny goldaýandygy üçin mongol tarapyna minnetdarlyk bildirýär. Öz
gezeginde, ýurdumyz mundan beýläk-de Mongoliýanyň halkara ähmiýetli
tekliplerini goldar.
Soňky
ýyllarda parlament diplomatiýasy halkara giňişlikde aýratyn orny eýeleýär.
Döwlet
Baştutanymyz Türkmenistanyň Mongoliýa bilen söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy
işjeňleşdirmegi we ep-esli giňeltmegi maksat edinýändigini tassyklap, häzirki
döwürde bu ugurda hyzmatdaşlyga güýçli depgin we köpugurly häsiýet bermek üçin
ähli şertleriň bardygyna ynam bildirdi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň belleýşi ýaly, şu günki gepleşikleriň
jemleri boýunça hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny ulgamlaýyn ösdürmäge
gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlyk boýunça Hökümetara topary döretmek
hakynda Ylalaşyga gol çekmek göz öňünde tutulýar.
Döwlet
Baştutanymyz ulag ulgamyndaky hyzmatdaşlyga ünsi çekip, bu ugurda tagallalary
birleşdirmek üçin uly mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Mälim bolşy ýaly,
Türkmenistan ýurtlaryň ençemesiniň çäklerini öz içine alýan utgaşdyrylan
ulag-logistika geçelgelerini döretmek boýunça iri taslamalary durmuşa geçirmegi
maksat edinýän «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» başlangyjyny öňe sürdi. Bu
taslamalar deňze çykalgasy bolmadyk ýurtlaryň meseleleri bilen gönüden-göni
baglanyşyklydyr.
Şu
ýylyň awgust aýynda Hazar deňziniň türkmen kenarynda Döwlet we Hökümet
Baştutanlarynyň derejesinde Birleşen Milletler Guramasynyň deňze çykalgasy
bolmadyk ösüp barýan ýurtlar boýunça üçünji maslahaty geçiriler. Bu maslahat
«Hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny goldamak arkaly ösüşe ýardam bermek» atly şygar
bilen geçiriler diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Mongoliýany
bu maslahatyň işine gatnaşmaga çagyrdy. Bu ugurda Türkmenistanyň mongol tarapy
bilen bir maksada gönükdirilen dialogyň dowam etdirilmegine bil baglaýandygy
bellenildi.
Döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam edip, Türkmenistanyň şu ýylyň aprel aýynda «Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek
hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» resmi taýdan goşulandygyny belledi hem-de
türkmen tarapynyň Ulan-Batorda ýerleşýän bu merkez bilen işjeň özara
hyzmatdaşlyk etmäge taýýardygyny tassyklady.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow energetika pudagynyň hyzmatdaşlygyň ýene-de
bir ugrudygyny belläp, Türkmenistanyň bu ugurda anyk özara hyzmatdaşlyk üçin
mümkinçilikleri görýändigini aýtdy.
Şunuň
bilen baglylykda, biziň ýurdumyz mongoliýaly hyzmatdaşlaryň tekliplerine
seretmäge, telekeçileriň göni gatnaşyklaryny ýola goýmakda goldaw bermäge,
özara söwda amallaryny amala aşyrmak üçin amatly hukuk şertlerini döretmäge
taýýardyr.
Döwlet
Baştutanymyz medeni-ynsanperwer ulgamda hem bilelikde iş alyp barmak üçin giň
mümkinçilikleriň bardygyny aýtdy. Mundan başga-da, syýahatçylyk ulgamynda
hyzmatdaşlyk etmek üçin amatly mümkinçilikleriň bardygyny belledi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sporty hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlarynyň
hatarynda kesgitläp, Mongoliýanyň 2017-nji ýylda Aşgabatda geçirilen Aziýa
oýunlaryna gatnaşyp, üstünlikli çykyş edendigini belledi hem-de sport alyşmalar
däbini dowam etmek teklibini öňe sürdi.
Şu
ýyl Türkmenistan üçin aýratyn ýyldyr. Şu ýyl ýurdumyzyň Bitaraplygynyň şanly 30
ýyllygy bellenilýär. Şeýle hem 2025-nji ýyl Türkmenistanyň başlangyjy boýunça
Birleşen Milletler Guramasynyň Baş Assambleýasy tarapyndan «Halkara
parahatçylyk we ynanyşmak ýyly» diýlip yglan edildi. Bu wakalaryň şanyna şu
ýylyň 12-nji dekabrynda Aşgabatda halkara forum geçiriler diýip, hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow aýtdy we Prezident Uhnaagiýn Hurelsuhy bu
dabaralara gatnaşmaga çagyrdy.
Döwlet
Baştutanymyz sözüniň ahyrynda netijeli gepleşikler, hoşniýetlilik we iki halkyň
hem-de döwletiň arasyndaky gatnaşyklary mundan beýläk-de berkitmäge taýýarlyk
üçin, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuha we mongol wekiliýetiniň ähli agzalaryna
tüýs ýürekden minnetdarlyk bildirdi.
Soňra
Mongoliýanyň Baştutany çykyş edip, gepleşikleriň netijeli bolandygyny, olaryň
barşynda döwletara gatnaşyklarda ýetilen sepgitleriň ara alnyp
maslahatlaşylandygyny aýtdy. Şeýle hem Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh ykdysady
ugurlara ünsi çekmek bilen, hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine hem-de
ileri tutulýan ugurlaryna garalandygyny belledi.
Prezident
Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň beýan eden
ähli tekliplerini goldap, Mongoliýanyň we Türkmenistanyň Hökümetleriniň hem-de
ugurdaş düzümleriniň arasynda gol çekiljek resminamalaryň möhüm ähmiýetini
nygtady. Şunda gepleşikleriň dowamynda türkmen-mongol gatnaşyklarynyň hukuk
binýadyny mundan beýläk-de pugtalandyrmak, şeýle hem söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer ulgamlarda hyzmatdaşlygyň many-mazmunyny baýlaşdyrmak we
giňeltmek barada ylalaşyk gazanylandygy bellenildi.
Şunuň
bilen birlikde, ulag gatnawlaryny hem-de logistikany ösdürmek maksady bilen,
Awtomobil ulagy boýunça bilelikdäki komitetiň, şeýle hem oba hojalygy,
weterinariýa hem-de maldarçylyk boýunça degişli komitetleriň döredilmeginiň
möhümdigi nygtaldy.
Mongoliýanyň
Baştutany özara söwda dolanyşygynyň hem-de harytlaryň görnüşleriniň artmagy
bilen baglylykda, ýeňil senagat pudagynda taslamalary we maksatnamalary
bilelikde durmuşa geçirmek hakynda gazanylan ylalaşyklaryň ähmiýetini belledi.
Şunuň
bilen birlikde, bilim, ylym we medeniýet ulgamlarynda, iki ýurduň ýokary okuw
mekdepleriniň ugry boýunça, ýokary derejeli işgärleri taýýarlamakda
Mongoliýanyň Türkmenistan bilen gatnaşyklary çuňlaşdyrmaga taýýardygy beýan
edildi.
Dostlukly
döwletiň Baştutany şeýle hem Türkmenistan bilen halkara we sebitleýin
guramalaryň çäklerinde mundan beýläk-de işjeň hyzmatdaşlyga ygrarlydygyny
tassyklady. Bu ugurda biziň ýurtlarymyz birek-biregiň tekliplerini we
başlangyçlaryny özara goldaýarlar.
Prezident
Uhnaagiýn Hurelsuh Mongoliýanyň başlangyjy bilen işlenip taýýarlanylan «Deňze
çykalgasy bolmadyk ösüp barýan ýurtlar üçin Halkara barlag merkezini döretmek
hakynda köptaraplaýyn ylalaşyga» goşulandygy üçin Türkmenistana tüýs ýürekden
hoşallyk bildirdi.
Sözüniň
ahyrynda dostlukly döwletiň Baştutany Mongoliýanyň ýurdumyz bilen köpugurly
netijeli hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmegi ugur edinýändigini ýene bir
gezek tassyklady.
Giňişleýin
düzümdäki gepleşikler tamamlanandan soňra, ikitaraplaýyn resminamalara gol
çekmek dabarasy boldy.
Türkmenistanyň
Prezidenti Serdar Berdimuhamedow we Mongoliýanyň Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuh
ýygnananlaryň el çarpyşmalary bilen Bilelikdäki Beýannama gol çekýärler.
Iki
ýurduň döwlet Baştutanlarynyň gatnaşmagynda:
Ikitaraplaýyn
hyzmatdaşlyk boýunça topary döretmek hakynda Türkmenistanyň Hökümeti bilen
Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda Ylalaşyga; Türkmenistanyň Daşary işler
ministrligi bilen Mongoliýanyň Daşary işler ministrliginiň arasynda
2026-2027-nji ýyllarda hyzmatdaşlyk etmegiň Maksatnamasyna; Türkmenistanyň
Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň arasynda ykdysady hyzmatdaşlyk hakynda
Çarçuwaly Ylalaşyga; Türkmenistanyň Hökümeti bilen Mongoliýanyň Hökümetiniň
arasynda söwda, ykdysady we maýa goýumlar babatda hyzmatdaşlygy ösdürmek hakynda
2026 — 2028-nji ýyllar üçin orta möhletli Maksatnama; Türkmenistanyň Dokma
senagaty ministrligi bilen Mongoliýanyň Azyk, oba hojalygy we ýeňil senagaty
ministrliginiň arasynda ýeňil senagat babatda hyzmatdaşlyk etmek barada özara
düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Bilim ministrligi bilen Mongoliýanyň
Bilim ministrliginiň arasynda bilim babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda
Ylalaşyga; Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk
uniwersiteti bilen Mongol milli lukmançylyk ylymlary uniwersitetiniň arasynda
bilim we saglygy goraýyş babatda hyzmatdaşlyk etmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň Halkara gatnaşyklary instituty bilen
Mongoliýanyň Milli uniwersitetiniň Syýasy ylymlar, halkara gatnaşyklary we
jemgyýetçilik dolandyryşy mekdebiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Aşgabat şäher häkimligi bilen Ulan-Bator şäheriniň merliginiň arasynda Aşgabat
şäheriniň we Ulan-Bator şäheriniň arasynda doganlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak
hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet medeniýet merkeziniň Döwlet muzeýi bilen
Mongoliýanyň milli muzeýiniň arasynda özara düşünişmek hakynda Ähtnama;
Türkmenistanyň Ylymlar akademiýasy bilen Mongol ylymlar akademiýasynyň arasynda
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Telewideniýe, radiogepleşikler
we kinematografiýa baradaky döwlet komiteti bilen Mongoliýanyň Milli
telewideniýesiniň arasynda teleradioýaýlymlar babatda hyzmatdaşlyk etmek barada
özara düşünişmek hakynda Ähtnama; Türkmenistanyň Döwlet habarlar agentligi
(TDH) bilen «MONTSAME» Mongol milli habarlar agentliginiň arasynda özara
düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekilýär.
Gol
çekmek dabarasy tamamlanandan soňra, döwlet Baştutanlary köpçülikleýin habar
beriş serişdeleriniň wekillerine ýüzlenme bilen çykyş etdiler.
Mongoliýanyň
Prezidenti çakylygy kabul edip, sapar bilen gelendigi üçin hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowa ýene bir gezek tüýs ýürekden hoşallyk
bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, iki ýurduň döwlet Baştutanlarynyň özara saparlary dostlukly gatnaşyklary
ösdürmäge we ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy giňeltmäge bolan umumy maksadyň aýdyň
beýanydyr. Iki ýurduň arasynda diplomatik gatnaşyklar ýola goýlanyndan soň
geçen döwrüň dowamynda Türkmenistanyň Prezidentiniň dostlukly ýurda amala
aşyran ilkinji döwlet sapary Mongoliýanyň we Türkmenistanyň gatnaşyklarynyň
taryhynda täze sahypany açýar.
Prezident
Uhnaagiýn Hurelsuh hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň döwlet
saparynyň dowamynda Mongoliýanyň Prezidentiniň Türkmenistana 2024-nji ýylda
amala aşyran döwlet saparynyň çäklerinde gol çekilen hyzmatdaşlyk baradaky
resminamalaryň durmuşa geçirilmegi bilen baglanyşykly meselelere hem-de
ýurtlarymyzyň arasynda hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçiliklerine garalandygyny
belledi. Şunuň bilen baglylykda, Prezident Uhnaagiýn Hurelsuh şu günki
geçirilen gepleşikleriň netijeleri boýunça Bilelikdäki Beýannama gol
çekilendigini belledi hem-de bu resminamanyň hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny
kesgitlejekdigine, özara gatnaşyklaryň ösdürilmegine uly goşant goşjakdygyna
ynam bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, Mongoliýanyň Prezidentiniň geçen ýyl Türkmenistana amala aşyran döwlet
saparynyň dowamynda howa we halkara awtomobil gatnawlary hakynda hökümetara
Ylalaşyklara, Maldarçylyk pudagy, weterinariýa boýunça hyzmatdaşlyk etmek
hakynda Ylalaşyga, şeýle hem ulag-logistika, syýahatçylyk, oba hojalyk
pudaklarynda hyzmatdaşlygyň esasyny düzýän beýleki resminamalara gol çekildi.
Şunuň
bilen bir hatarda, Türkmenistanyň Prezidentiniň Mongoliýa döwlet saparynyň
dowamynda söwda-ykdysady, ýeňil senagat, ylym-bilim, medeniýet we saglygy
goraýyş ulgamlarynda iki ýurduň arasyndaky gatnaşyklary pugtalandyrmaga
gönükdirilen 14 resminama gol çekilendigi bellenildi.
Mongoliýanyň
Baştutany hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň dostlukly döwletara
dialogy ösdürmäge hem-de giňeltmäge goşýan şahsy goşandyna, tagallalaryna
ýokary baha berdi we pursatdan peýdalanyp, tüýs ýürekden hoşallyk bildirdi.
Bellenilişi
ýaly, gepleşikleriň barşynda Mongoliýa we Türkmenistan BMG-niň hem-de beýleki
halkara guramalaryň çäklerinde hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy maksat
edinýändiklerini tassykladylar. Şu ýyl BMG tarapyndan Türkmenistanyň hemişelik
Bitaraplyk hukuk ýagdaýynyň ykrar edilmegine 30 ýyl bolýandygy bellenildi.
Pursatdan peýdalanyp, Mongoliýanyň Prezidenti döwlet Baştutanymyz Serdar
Berdimuhamedowy hem-de dostlukly türkmen halkyny bu şanly sene mynasybetli tüýs
ýürekden gutlady.
Mongoliýanyň
Baştutany iki ýurduň, olaryň halklarynyň abadançylygynyň, gülläp ösüşiniň
bähbidine döwletara dialogyň mundan beýläk-de ösdüriljekdigine we
giňeldiljekdigine, dostluk gatnaşyklarynyň berkidiljekdigine ynandyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň we Mongoliýanyň
wekiliýetleriniň arasynda geçirilen ýokary derejedäki gepleşikleriň jemlerini
beýan edip, olaryň dostlukly, ynanyşmak ýagdaýynda geçendigini aýtdy.
Ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň ähli esasy ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy,
halkara syýasatyň möhüm meseleleri boýunça pikir alşyldy.
Biziň
ýurtlarymyz bütin dünýäde we sebitde parahatçylygy, durnuklylygy gorap
saklamakda we berkitmekde bilelikdäki işleri dowam ederler. Türkmenistan we
Mongoliýa Durnukly ösüş maksatlaryna ýetmek, şeýle hem ekologiýa we azyk gün
tertibi, energetika howpsuzlygy, özara ulag baglanyşygy boýunça hyzmatdaşlyk
ederler.
Mongoliýanyň
Türkmenistanyň Bitaraplygyny, ählumumy howpsuzlygy we hyzmatdaşlygy üpjün
etmäge gönükdirilen halkara başlangyçlarymyzy goldaýandygy, döwletara
gatnaşyklarda ynanyşmak dialogyny ilerledýändigi üçin, jenap Prezidente
minnetdarlyk bildirdim diýip, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
belledi.
Gepleşikleriň
dowamynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga ileri tutulýan orun berildi. Şunda
Aziýadan Ýewropa çenli halkara ulag geçelgelerini döretmek boýunça bilelikdäki
işlerde iki ýurduň tagallalaryny birleşdirmegiň geljeginiň uludygy bellenildi.
Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Türkmenistanyň «Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek» boýunça başlangyjynyň ähmiýetini
belledi. Energetikada we kommunikasiýa ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmak üçin
şertleriň bardygy bellenildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow şeýle hem gepleşikleriň dowamynda
parlamentara hyzmatdaşlyk meselelerine hem garalandygyny aýdyp, bu
gatnaşyklaryň döwletara hyzmatdaşlygyň sütünleriniň biri bolmalydygyny belledi
we medeni-ynsanperwer, ylym, bilim, sport ulgamlarynda hyzmatdaşlygy giňeltmek
babatda ylalaşyklaryň gazanylandygyny habar berdi.
Bellenilişi
ýaly, gepleşikleriň jemleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň uly toplumyna
gol çekildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow duşuşyklaryň we gepleşikleriň dowamynda
bildirilen açyklyk, hyzmatdaşlyk etmäge taýýarlyk üçin, Prezident Uhnaagiýn
Hurelsuha hem-de mongol wekiliýetiniň ähli agzalaryna minnetdarlyk bildirdi.
Türkmenistan
we Mongoliýa uzak geljegi göz öňünde tutup, gatnaşyklary yzygiderli ösdürmegi
we berkitmegi berk maksat edinýändigini tassykladylar diýip, döwlet
Baştutanymyz aýtdy we mümkinçilikden peýdalanyp, Mongoliýanyň dostlukly halkyna
parahatçylyk, abadançylyk baradaky arzuwlaryny beýan etdi.
Şol
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow saparyň çäklerinde
Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen
duşuşdy.
Türkmenistanyň
Prezidenti Mongoliýa döwlet saparyny tamamlap, Ulan-Bator şäheriniň
“Buýant-Uhaa” Halkara howa menziline geldi we bu ýerden Watanymyza ugrady.
Birnäçe
sagatdan soň, döwlet Baştutanymyzyň uçary paýtagtymyzyň Halkara howa menziline
gondy. Bu ýerde hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowy resmi adamlar
mähirli garşyladylar.
***
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde şu
gün Türkmen-mongol işewürler forumy geçirildi.
Şu
gezekki duşuşyk döwletara dialogyň täze tapgyrynda söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygyň möhüm ugurlaryny kesgitlemäge, maýa goýum hyzmatdaşlygynyň we
bilelikdäki taslamalary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir
alyşmaga bagyşlandy. Foruma Mongoliýanyň we Türkmenistanyň ugurdaş döwlet
edaralarynyň hem-de işewür toparlarynyň ýolbaşçylarydyr wekilleri gatnaşdylar.
Mongoliýanyň
Milli Söwda-senagat edarasynyň maslahatlar zalynda geçirilen duşuşyga
gatnaşyjylar, ilki bilen, Türkmenistanyň milli amaly-haşam sungatynyň
eserleriniň we türkmen halysynyň sergi-ýarmarkasy bilen tanyşdylar. Halkymyzyň
milli senetleriniň özboluşly we dürli görnüşli önümleri, çeper elli halyçylar
tarapyndan dokalan ajaýyp halylar Mongoliýanyň wekillerinde ýurdumyzyň täsin
medeni mirasyna uly gyzyklanma döretdi.
Mongoliýanyň
Milli Söwda-senagat edarasynyň wekili hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedowyň döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Bator şäherine gelen türkmen
myhmanlaryny mähirli garşy aldy.
Duşuşygyň
dowamynda çykyş edenler Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky däp bolan
dostlukly gatnaşyklaryň täze ösüşi başdan geçirýändigini hem-de anyk netijelere
gönükdirilen ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň okgunly häsiýete eýedigini
kanagatlanma bilen bellediler.
Mongoliýanyň
Prezidenti Uhnaagiýn Hurelsuhyň geçen ýylyň oktýabr aýynda Türkmenistana amala
aşyran döwlet saparynyň dowamynda resminamalaryň birnäçesine gol çekilmegi,
şeýle hem hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň Mongoliýa häzirki
döwlet sapary taraplaryň netijeli hyzmatdaşlygy giňeltmäge we
diwersifikasiýalaşdyrmaga taýýardygynyň aýdyň güwäsidir.
Uly
monitorda iki ýurduň ykdysady we maýa goýum mümkinçilikleri barada wideofilm
görkezildi. Onda iki ýurduň maýa goýum ýagdaýy, kanunçylygy we döredilýän
ýeňillikler barada giňişleýin maglumat berilýär.
Mongol
hyzmatdaşlar şu gezekki duşuşygyň hyzmatdaşlygyň esasy ugurlaryny ara alyp
maslahatlaşmak we netijeli ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmak üçin amatly
mümkinçilikleri döredýändigini bellediler. Merkezi Aziýanyň ykdysady taýdan
çalt depginler bilen ösýän döwletleriniň biri, baý tebigy baýlyklara we uly
ykdysady kuwwata eýe bolan Türkmenistan daşary ýurtly, şol sanda mongol işewür
toparlary üçin uly gyzyklanma döredýär. Ýurdumyzyň daşary ýurtly maýadarlar
üçin hödürleýän amatly ýeňillikleri bu gyzyklanmany has-da artdyrýar.
Mongoliýanyň
işewür toparlary Türkmenistanyň ykdysadyýetini ösdürmegiň ileri tutulýan
ugurlary hem-de bu babatda durmuşa geçirilýän toplumlaýyn maksatnamalar we
özgertmeler bilen tanyşdyryldy. Gahryman Arkadagymyz tarapyndan başy başlanan
we häzirki wagtda hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
baştutanlygynda üstünlikli durmuşa geçirilýän bu giň gerimli özgertmeleriň
ýurdumyzy senagat-innowasion taýdan ösdürmegi, önümçilik pudagyna ylmyň,
tehnikanyň gazananlaryny we ösen tehnologiýalary ornaşdyrmagy maksat
edinýändigi bellenildi.
Soňra
forumda dürli pudaklarda ýöriteleşen mongol we türkmen kompaniýalarynyň
birnäçesiniň wekilleri çykyş etdiler. Türkmenistanda hususy telekeçiligi
hemmetaraplaýyn goldamak we işewürligi höweslendirmek üçin amatly gurşawyň
hem-de degişli kanunçylyk-hukuk binýadynyň döredilendigi bellenildi.
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň agzalary bolan işewür
toparlar täze iş ugurlaryny üstünlikli özleşdirýärler, innowasion önümleri we
hyzmatlary döredýärler. Munuň özi özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ugurlarynyň
giňeldilmegine ýardam berýär, söwda dolanyşygyny işjeňleşdirmek we
eksport-import amallarynyň möçberlerini artdyrmak üçin täze mümkinçilikleri
döredýär.
Mongol
işewür toparlarynyň wekilleri türkmen hyzmatdaşlary bilen göni işewürlik
gatnaşyklaryny ýola goýmaga uly gyzyklanma bildirdiler. Şunuň bilen baglylykda,
wekiliýetleriň alşylmagynyň, ugurdaş forumlaryň, sergileriň we beýleki
çäreleriň yzygiderli guralmagynyň möhüm ähmiýeti bellenildi.
Foruma
gatnaşyjylar iki dostlukly döwletiň hem netijeli hyzmatdaşlygy pugtalandyrmagy
maksat edinýändigini tassyklap, bu hyzmatdaşlygyň ileri tutulýan ugurlaryny
kesgitlediler. Bu ugurlar türkmen-mongol söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň
mümkinçiliklerine bagyşlanan sessiýada ara alnyp maslahatlaşyldy.
Günüň
ikinji ýarymynda iki ýurduň döwlet düzümleriniň we hususy bölegiň wekilleriniň
arasynda gepleşikler geçirildi, olaryň dowamynda özara bähbitli hyzmatdaşlygy
giňeltmegiň we maýa goýum taslamalaryny durmuşa geçirmegiň meseleleri ara alnyp
maslahatlaşyldy. Şunuň bilen baglylykda, ýokary derejedäki gepleşikleriň
barşynda gazanylan ylalaşyklaryň hem-de gepleşikleriň jemleri boýunça gol
çekilen resminamalaryň möhümdigi we resminamalar toplumynyň dürli ugurlarda bar
bolan ägirt uly mümkinçilikleriň iş ýüzünde durmuşa geçirilmegine ýardam
berjekdigi nygtaldy.
Işewürler
forumynyň netijeleri boýunça ikitaraplaýyn resminamalaryň birnäçesine gol
çekildi.
Işewürler
forumyna gatnaşyjylar şu gezekki duşuşygyň türkmen-mongol ykdysady
gatnaşyklaryna täze itergi berjekdigine ynam bildirip, bilelikdäki şeýle
çäreleri geçirmek tejribesini dowam etdirmegi teklip etdiler.
***
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
Mongoliýa döwlet saparynyň çäklerinde Ulan-Batoryň Opera we balet döwlet
akademiki teatrynda iki ýurduň sungat ussatlarynyň bilelikdäki konserti boldy.
Bu köpöwüşginli döredijilik konserti döwletlerimiziň we halklarymyzyň däp bolan
dostlukly we netijeli hyzmatdaşlyga ygrarlydygynyň aýdyň nyşanyna öwrüldi.
Türkmenistanyň
wekiliýetiniň agzalary üçin Mongoliýanyň Milli muzeýine gezelenç hem guraldy.