Düýn hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow döwlet saparynyň çäklerinde Mongoliýanyň Beýik Döwlet
Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalan bilen duşuşdy.
Mongoliýanyň parlamentiniň ýolbaşçysy belent
mertebeli myhmany mähirli mübärekläp, sebitleýin we halkara hyzmatdaşlygyň
giňden ösdürilmegine gönükdirilen döredijilikli, parahatçylyk söýüjilikli
syýasaty durmuşa geçirýän hormatly Prezidentimiz bilen duşuşmagyň özi üçin uly
hormatdygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda, Ulan-Batorda geçirilen hem-de
döwletara dialogda täze möhüm tapgyry açan ýokary derejedäki ikitaraplaýyn
gepleşikleriň ähmiýeti nygtaldy.
Döwlet Baştutanymyz mähirli kabul edilendigi
üçin Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy Daşzegwiýn Amarbaýasgalana
minnetdarlyk bildirip, şu gezekki duşuşygyň biziň döwletlerimiziň arasynda, şol
sanda kanun çykaryjy edaralaryň çäklerinde özara düşünişmegi ösdürmäge hem-de
hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny ýola goýmaga ýardam etjekdigine ynam bildirdi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedowyň
belleýşi ýaly, geçen ýyl Mongoliýanyň Prezidenti Türkmenistana döwlet saparyny
amala aşyrdy. Bu saparyň çäklerinde Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda
döwletara gatnaşyklar we hyzmatdaşlyk hakynda Bilelikdäki Beýannama gol çekildi
hem-de gazanylan ylalaşyklary durmuşa geçirmek maksady bilen, 2025-2026-njy
ýyllar üçin “Ýol kartasy” işlenip taýýarlanyldy.
Döwlet Baştutanymyz parlamentara
hyzmatdaşlygyň ösdürilmeginiň iki ýurduň arasyndaky syýasy hyzmatdaşlygyň örän
möhüm ugurlarynyň biridigini belläp, Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasynda
ýola goýlan syýasy-diplomatik gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti
bilen goldamak hem-de ikitaraplaýyn esasda parlamentara dostluk toparlarynyň
işini guramak maksady bilen, Türkmenistanyň Mejlisinde Mongoliýanyň Beýik
Döwlet Huraly bilen parlamentara dostluk toparynyň döredilendigini aýtdy. Şunuň
bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz parlamentara dostluk toparlarynyň
arasynda gatnaşyklary ýola goýmagy, olaryň iş saparlaryny guramagy we ýaş
parlamentarileriň arasynda gatnaşyklary ýola goýmagy hem-de parlamentara
gatnaşyklarda zenanlaryň ornuny işjeňleşdirmegi esasy ugurlaryň hatarynda
görkezdi. Ugurdaş komitetleriň arasynda kanun çykaryjylyk işi boýunça tejribe
alyşmagy, şeýle hem Parlamentara Bileleşigi, Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň Parlament Assambleýasy ýaly iri halkara guramalaryň
maslahatlarynda Türkmenistanyň we Mongoliýanyň öňe sürýän başlangyçlaryny,
döwletara gatnaşyklary parlament diplomatiýasynyň üsti bilen goldamagy hem-de
dünýä jemgyýetçiligine ýetirmegi hem parlamentara gatnaşyklary ösdürmekde ileri
tutulýan ugurlar hökmünde belledi. Munuň bu ugurdaky gatnaşyklary has-da
giňeltmek üçin täze mümkinçilikleri açjakdygyna ynam bildirildi.
Mongoliýanyň Beýik Döwlet Huralynyň Başlygy
hormatly Prezidentimiziň beýan eden möhüm teklipleri üçin hoşallyk bildirip, bu
duşuşygyň mongol-türkmen gatnaşyklaryny hemmetaraplaýyn ösdürmäge gönükdirilen
parlamentara hyzmatdaşlygy çuňlaşdyrmak üçin täze gözýetimleri açýandygyny
belledi.
Duşuşygyň ahyrynda hormatly Prezidentimiz we
Mongoliýanyň ýokary kanun çykaryjy edarasynyň ýolbaşçysy türkmen we mongol
halklarynyň arasynda dostlukly gatnaşyklary, özara düşünişmegi pugtalandyrmagyň
möhüm şerti bolup çykyş edýän bu ugurdaky özara hyzmatdaşlygy goldamaga we
ösdürmäge iki ýurduň hem taýýardygyny tassykladylar.
tdh.gov