Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi
zalynda üç günläp dowam eden «Agro-Pak Türkmenistan ─ 2023» halkara sergisi üstünlikli
tamamlandy. Bu giň möçberli çärä Türkmenistandan we dünýä ýurtlaryndan azyk
önümçiligi, oba hojalygy we gaýtadan işleýän senagaty, gaplaýyş pudaklarynda iş
alyp barýan kompaniýalar gatnaşyp, bu ugurlardaky häzirkizaman ösüşleri, ylmy-tehniki
gazanylanlar, ýokary tehnologiýalar bilen tanyşdyrdylar.
Ygtybarly hyzmatdaşlar
bilen duşuşmak we täze şertnamalar baglaşmak üçin giň mümkinçilik döredilen bu
halkara çäresi dünýäniň onlarça ýurdundan oňa gatnaşan kompaniýalara daşarky
maýa goýumlary üçin açyk bolan türkmen bazarynda orun almaga uly itergi berdi.
Ýakyn işewürlik gatnaşyklarynyň ýola goýulmagyna ýardam
eden bu halkara sergisiniň çäklerinde özara bähbitli söwda-ykdysady
hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirýänleriň arasynda işewürlik duşuşyklary geçirilip,
özara tejribeleri paýlaşmaga, häzirki zaman gazanylanlar we innowasiýa işläp
taýýarlamalar bilen tanyşmaga, geljekki taslamalary ara alyp maslahatlaşmaga we
hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny ýola goýmak boýunça birek-birek bilen pikir
alyşmaga ähli mümkinçilikler we şertler döredildi.
Hormatly Prezidentimiziň karary bilen «Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar ýylynda» geçirilen Azyk önümçiliginiň döwrebap tehnologiýalarynyň
«Agro-Pak Türkmenistan ─ 2023» atly halkara sergisi dünýä jemgyýetçiliginiň ösüşlerinde ileri tutulýan möhüm ugurlaryň biri bolan azyk
howpsuzlygyny üpjün etmek babatda halkara gatnaşyklaryny mundan beýläk-de
ilerletmekde uly ähmiýete eýe boldy.
Halkara sergisiniň ahyrynda oňa işjeň gatnaşyjylara ýörite şahadatnamalaryň gowşurylyş dabarasy boldy. Dabaranyň ahyrynda oňa gatnaşyjylar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.