02.10.2026
2026-njy ýylyň 2-nji oktýabrynda
Aşgabat şäherinde iki günüň dowamynda geçirilen Türkmenistanyň Maýa goýum
forumy – 2026 (TIF 2026) öz işini tamamlady. Ýurdumyzda halkara maýa goýum
hyzmatdaşlygyny ösdürmäge, täze işewür gatnaşyklary ýola goýmaga we geljegi uly
taslamalary durmuşa geçirmäge gönükdirilen forum möhüm halkara işewürlik
meýdançasyna öwrüldi.
Forumyň
dowamynda döwlet edaralarynyň, halkara maliýe guramalarynyň, daşary ýurtly
kompaniýalaryň hem-de işewür toparlaryň wekilleri Türkmenistanyň ykdysadyýetiniň
ileri tutulýan ugurlary boýunça pikir alyşdylar. Maksatnamanyň çäklerinde
ykdysadyýeti diwersifikasiýalaşdyrmak, halkara maliýe hyzmatdaşlygy, sanly
ykdysadyýet, maliýe tehnologiýalary, innowasiýalar, “ýaşyl” özgertmeler, maýa
goýumlaryň hukuk taýdan düzgünleşdirilişi ýaly möhüm ugurlara bagyşlanan
mejlisler geçirildi.
TIF
2026-nyň çäklerinde geçirilen ikitaraplaýyn duşuşyklarda özara bähbitli
hyzmatdaşlygyň täze ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem
Türkmenistanyň döwlet edaralary we hususy kärhanalary bilen daşary ýurtly
hyzmatdaşlaryň arasynda hyzmatdaşlygyň dürli ugurlaryna degişli birnäçe möhüm
resminamalara gol çekildi.
Forumyň
jemleri Türkmenistanyň halkara maýa goýum hyzmatdaşlygyny giňeltmäge, täze
işewür gatnaşyklary pugtalandyrmaga hem-de geljegi uly maýa goýum taslamalaryny
durmuşa geçirmek üçin netijeli dialogy dowam etdirmäge bolan gyzyklanmasynyň
ýokarydygyny görkezdi.
Türkmenistanyň
Maýa goýum forumy – 2026 halkara hyzmatdaşlygyň täze mümkinçiliklerini ara alyp
maslahatlaşýan, özara bähbitli işewür gatnaşyklary ösdürýän möhüm meýdança
hökmünde öz işini üstünlikli tamamlady.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.