«Türkmenistanyň 2021 ─ 2030-njy ýyllar üçin daşary söwda Strategiýasyna» hem-de «Türkmenistanyň sergileri, ýarmarkalary we maslahatlary guramak işini 2020 ─ 2025-nji ýyllarda ösdürmegiň Strategiýasyna» laýyklykda, ýurduň önümlerini dünýä bazarlarynda giňden tanatmak boýunça göz öňünde tutulan çäreleri ýerine ýetirmek babatda degişli işler alnyp barylýar. Bu çäreleriň hatarynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda degişli ministrlikleriň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda döredilen pudagara iş topary tarapyndan «Türkmenistanda öndürildi» milli haryt nyşanynyň şekili hem-de milli haryt nyşany baradaky Düzgünnamanyň taslamasy işlenilip taýýarlanyldy.
Bu barada 2024-nji ýylyň 26-njy ýanwarynda sanly ulgam arkaly geçirilen Ministrler Kabinetiniň nobatdaky mejlisinde hasabat berildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.