12.06.2026
2026-njy ýylyň 11-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen-Awstriýa tegelek stol duşuşygy geçirildi.
Bu çäre ykdysady hyzmatdaşlygy täze şertlere
laýyklykda döwrebaplaşdyrmaga we iki ýurduň işewürlik wekilleriniň arasynda
anyk maýa goýum şertnamalaryny baglaşmaga gönükdirildi. Tegelek stoluň
başyndaky maslahat iki döwletiň
arasyndaky ykdysady köprini has-da berkitmekde möhüm ädim boldy.
Türkmenistanyň dokma, himiýa we gurluşyk
önümlerini Awstriýanyň hem-de Ýewropa Bileleşiginiň bazarlaryna eksport etmek
mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Awstriýanyň häzirki zaman senagat
enjamlaryny, derman senagaty önümlerini we awtomatlaşdyrylan ulgamlaryny
Türkmenistana getirmek boýunça täze şertnamalara garaldy.
Awstriýanyň ýokary tehnologik we sanly
çözgütler baradaky tejribesini Türkmenistanyň senagat binalaryna we önümçilik
ulgamlaryna ornaşdyrmak meselelerine seredildi.
Iki
ýurduň resmi wekilleri döwletara haryt dolanyşygynyň häzirki kuwwatynyň
ähmiýetini, import we eksport mümkinçiliklerini giňeltmegi ylalaşdylar.
Tegelek
stoluň başyndaky duşuşygyň dowamynda Türkmenistanyň ykdysady mümkinçiliklerini
açyp görkezýän wideoşekillere tomaşa edildi.
Soňra Türkmenistanyň we Awstriýanyň
öňdebaryjy hususy kompaniýalarynyň, senagatçylarynyň hem-de maýadarlarynyň
gatnaşmagynda B2B duşuşyklary guraldy.
Aşgabatda geçirilen Türkmen-Awstriýa
ykdysady tegelek stoly Hormatly Prezidentimiziň yzygiderli durmuşa geçirýän «Açyk gapylar»
syýasatynyň, dünýäniň ösen döwletleri bilen deňhukukly we özara bähbitli
ykdysady gatnaşyklary ösdürmek baradaky belent tagallalarynyň aýdyň miwesidir.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.