Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmenistan ─ Singapur: özara hyzmatdaşlygyň ugrunda

20.01.2024
Card image cap

     2024-nji ýylyň 18-nji ýanwarynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda   Edaranyň hem-de Singapur döwletiniň Söwda we Senagat ministrliginiň wekilleriniň arasynda  wideoaragatnaşyk arkaly duşuşyk geçirildi.

   Wideoaragatnaşyk arkaly duşuşygyň dowamynda iki ýurduň işewürleriniň arasynda söwda-ykdysady hyzmatdaşlyga gyzyklanma bildirilýändigine aýratyn ähmiýet berlip, onuň gerimini giňeltmegiň mümkinçilikleri hakynda durlup geçildi. Duşuşykda ikitaraplaýyn söwda hyzmatdaşlygyny ýola goýmakda  Türkmenistanyň ulag-logistika ulgamynyň hyzmatlaryndan peýdalanmagyň ugurlary ara alnyp maslahatlaşyldy.  

    Türkmenistan ─ Singapur: özara hyzmatdaşlygyň ugrunda akylly şäher, ýaşyl energetika, telekommunikasiýa, lukmançylyk we bilim ulgamlaryndaky hyzmatlar we tejribeler boýunça teklipler hödürlenildi.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň 

  Metbugat gullugy.



Bulary hem okaň