26.09.2026
2026-njy ýylyň 25-nji
sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy Indoneziýa
Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi jenap
Rolliansýah Soemiratyň ýolbaşçylygyndaky wekiliýet bilen duşuşyk geçirdi.
Duşuşyk
Indoneziýa Respublikasynyň wekiliýetiniň ýurdumyza amala aşyrýan iş saparynyň
çäklerinde geçirildi. Saparyň esasy maksady Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35
ýyllygy mynasybetli Aşgabat şäherinde geçiriljek dabaraly çärelere gatnaşmak,
şeýle hem türkmen-indonez gatnaşyklarynyň söwda-ykdysady ugurlary boýunça hyzmatdaşlygyň
geljekki mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat boldy.
Duşuşygyň
dowamynda Türkmenistan bilen Indoneziýanyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary
ösdürmegiň, işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary pugtalandyrmagyň,
özara söwda dolanyşygynyň möçberini artdyrmagyň hem-de täze bilelikdäki
başlangyçlary durmuşa geçirmegiň mümkinçilikleri barada pikir alşyldy.
Şeýle
hem iki ýurduň telekeçileriniň arasynda işewür gatnaşyklary giňeltmekde
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we Indoneziýanyň degişli işewür
düzümleriniň hyzmatdaşlygynyň ähmiýeti bellenildi. Sergileriň, işewürlik
maslahatlarynyň we B2B duşuşyklarynyň geçirilmeginiň özara bähbitli
gatnaşyklary täze derejä çykarmaga ýardam berjekdigi nygtaldy.
Duşuşykda
taraplar türkmen-indonez hyzmatdaşlygynyň bar bolan mümkinçiliklerini netijeli
peýdalanmak, ikitaraplaýyn söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de
ösdürmek we täze ugurlarda özara bähbitli hyzmatdaşlygy ýola goýmak boýunça
gyzyklanmalaryny beýan etdiler.
Duşuşyk
özara hormat, ynanyşmak we netijeli hyzmatdaşlyk ýörelgelerine esaslanýan
türkmen-indonez gatnaşyklaryny täze mazmun bilen baýlaşdyrmakda möhüm ädim
boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.