01.10.2026
2026-njy ýylyň 30-njy
sentýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy, Türkmenistanyň Senagatçylar
we telekeçiler birleşmesi hem-de Rumyniýanyň Söwda-senagat edarasynyň
wekilleriniň arasynda wideoaragatnaşyk arkaly işewür duşuşyk geçirildi.
Duşuşygyň
esasy maksady iki ýurduň işewür toparlarynyň arasynda täze gatnaşyklaryň ýola
goýulmagyna, özara bähbitli hyzmatdaşlygyň ösdürilmegine we bilelikdäki işewür
başlangyçlar üçin täze mümkinçilikleriň kesgitlenmegine gönükdirildi.
Gepleşikleriň
dowamynda taraplar oba hojalygy, gurluşyk, logistika we azyk senagaty ýaly
möhüm ugurlarda hyzmatdaşlygyň geljegi barada pikir alyşdylar. Şeýle-de
işewürlik maglumatlaryny yzygiderli alyşmak, kompaniýalaryň arasynda göni
gatnaşyklary ösdürmek we söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny
kesgitlemek meselelerine aýratyn üns berildi.
Duşuşykda
öňe sürlen teklipler we pikirler iki ýurduň telekeçileriniň arasynda özara
bähbitli gatnaşyklary has-da işjeňleşdirmek, täze işewür taslamalary durmuşa
geçirmek hem-de söwda-ykdysady hyzmatdaşlygyň mümkinçiliklerini giňeltmek üçin
möhüm ädim hökmünde häsiýetlendirildi.
Duşuşygyň
netijeleri boýunça taraplar Türkmenistan bilen Rumyniýanyň arasynda özara
bähbitli söwda-ykdysady hyzmatdaşlygy has-da ösdürmek we berkitmek ugrunda täze
başlangyçlary durmuşa geçirmäge taýýardyklaryny bellediler.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.