2024-nji ýylyň
15-nji iýulynda Özbegistanyň paýtagty Daşkent şäherinde Türkmen-özbek işewürler
geňeşiniň dördünji mejlisi geçirildi. Oňa Türkmenistanyň we Özbegistanyň
söwda-senagat edaralarynyň ýolbaşçylarynyň başlyklyk etmegindäki wekiliýet toparlary
gatnaşdylar.
Mejlisiň
barşynda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary mundan beýläk-de giňeltmegiň
ugurlaryna garaldy. Şunda hususan-da, hususy önüm öndürijileriň ugry boýunça,
şeýle hem energetika, ulag-logistika, oba hojalygy, derman senagaty we
syýahatçylyk ulgamlarynda ägirt uly mümkinçilikleriň bardygy bellenildi.
Işewürler
geňeşiniň nobatdaky mejlisine gatnaşýan wekiliýet toparlarynyň ýolbaşçylarynyň
belleýşi ýaly, soňky ýyllarda iki goňşy ýurduň arasynda söwda-ykdysady
gatnaşyklar gyzyklanma bildirilýän giň ugurlarda depginli ösdürilýär.
Yzygiderli ýokarlanýan söwda dolanyşygynyň möçberleri munuň şeýledigine aýdyň
şaýatlyk edýär.
Mejlisiň
dowamynda taraplar söwda-senagat edaralarynyň arasyndaky hyzmatdaşlygy has-da
işjeňleşdirmegiň mümkinçiliklerini maslahatlaşdylar. Şeýle hem Türkmenistanyň
we Özbegistanyň döwlet hem-de hususy edara-kärhanlarynyň wekilleriniň arasynda
özara işewürlik gepleşikleri geçirildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.