2024-nji ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň guramagynda
Aşgabatda ilkinji gezek Türkmen-mongol
işewürler maslahaty geçirildi. «Mizan» täjirçilik merkezinde geçirilen bu
işewürler maslahatynyň maksady Türkmenistan bilen Mongoliýanyň işewürleriniň
arasyndaky söwda-ykdysady, önümçilik, farmasewtika-lukmançylyk, ulag-logistika,
oba hojalygy, azyk önümçiligi we gaýtadan işlemek ýaly ugurlar boýunça
ikitaraplaýyn gatnaşyklary ýola goýmakdan we ösdürmekden ybarat boldy.
Türkmenistanyň ministrlikleriniň we pudak-edaralarynyň wekilleriniň, Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň hem-de Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalarynyň, Mongoliýanyň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş
edaralarynyň hem-de Mongoliýanyň Milli söwda-senagat edarasynyň wekilleriniň gatnaşan Türkmen-mongol işewürler maslahaty işjeň
häsiýete eýe boldy.
Umumy plenar mejlisiniň geçirilmegi bilen başlanan bu çäre Türkmenistan bilen Mongoliýanyň
arasyndaky hyzmatdaşlygy ösdürmek: iki ýurduň eksport-import we maýa goýum
mümkinçiliklerine hem-de türkmen we mongol işewürler toparynyň arasynda
hyzmatdaşlygyň mümkinçilikleri: Türkmenistan bilen Mongoliýanyň ulag we logistika
pudagyndaky mümkinçiliklerine bagyşlanan iki bölüm boýunça dowam etdirildi. Türkmen-mongol işewürler maslahatynda oňa
gatnaşan iki ýurduň wekilleriniň birnäçesiniň çykyşlaryna orun berildi.
Çykyşlarda Türkmenistan bilen Mongoliýanyň arasyndaky söwda-ykdysady
gatnaşyklary pugtalandyrmaga, iki ýurduň işewürler toparlarynyň arasynda
uzakmöhletleýin özara bähbitli gatnaşyklary ýola goýmaga ýardam berjek
türkmen-mongol işewürler maslahatynyň möhüm ähmiýeti nygtaldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň
Metbugat gullugy.