2023-nji ýylyň 17-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda Italiýa Respublikasynyň oba hojalyk, azyk senagaty we gaplaýyş enjamlary ugurlarynda işleýän kompaniýalarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda tegelek stol görnüşli duşuşyk geçirildi. Iki ýurduň telekeçileriniň arasyndaky hyzmatdaşlygyň ösdürilmegini goldamak maksady bilen, guralan bu çärä gatnaşyjy kompaniýalar öz alyp barýan işleri barada giňişleýin gürrüň berdiler. Slaýdlaryň, wideoşekilleriň görkezilmegi bolsa, türkmen işewürlerine italiýan hyzmatdaşlarynyň alyp barýan işleri bilen ýakyndan tanyşmaga ýardam etdi.
Soňra ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi. Türkmen hem-de italiýan işewürleri geljekde ýakyn we netijeli hyzmatdaşlyk saklamagyň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat
gullugy.