PÄHIM-PAÝHAS UMMANY MAGTYMGULY PYRAGY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Türkmen-emirlikler söwda-ykdysady hyzmatdaşlygynyň gerimini giňeltmek ugrunda

18.10.2023
Card image cap

2023-nji ýylyň 18-nji oktýabrynda Türkmenistan bilen Birleşen Arap Emirlikleriniň arasynda  türkmen-emirlikler hyzmatdaşlygynyň söwda-ykdysady gatnaşyklaryny ýokarlandyrmak maksady bilen, BAE-niň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly Ilçisi jenap Ahmed Al Haý Al Hameli bilen Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň başlygy Mergen Gurdowyň duşuşygy boldy. 

Duşuşykda iki ýurduň arasyndaky döredilen giň mümkinçilikleriň üstünde durlup geçildi, netijeli hyzmatdaşlygy ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem geljekde iki ýurduň hususyýetçileriniň arasynda söwda dolanyşygyny artdyrmak üçin işewürler maslahatyny geçirmeklik teklip edildi.

 Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň