2024-nji ýylyň 25-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda Türkmen – emirlikler işewürler maslahaty geçirildi. Oňa Birleşen Arap Emirlikleriniň ykdysadyýet ministri Abdulla bin Tuk Al-Marriniň ýolbaşçylygynda ýurdumyza sapar bilen gelen arap kompaniýalarynyň, şeýle hem ýurdumyzyň döwlet we hususy edara-kärhanalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Işewürler maslahatynyň öňüsyrasynda BAE-niň 47 sany döwlet we hususy edara-kärhanalarynyň wekilleri bu ýerde ýaýbaňlandyrylan sergi bilen tanyşdylar. Onda Türkmenistanyň söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag-aragatnaşyk ulgamlarynyň we beýleki pudaklarynyň ösüşi, maýa goýum hem-de hyzmatdaşlyk mümkinçilikleri bilen tanyşdyrýan sergi diwarlyklaryna giň orun berildi.
Türkmen – emirlikler işewürler maslahatynda soňky ýyllarda iki dostlukly ýurduň arasyndaky gatnaşyklaryň okgunly ösdürilýändigi, ikitaraplaýyn söwda dolanyşygynyň görkezijileriniň ýylsaýyn ýokarlanýandygy bellenildi. Gyzyklanma bildirilýän ähli ugurlarda, şol sanda ýangyç-energetika, hususan-da, onuň gaýtadan dikeldilýän görnüşleri, şeýle hem maýa goýum babatda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de giňeltmäge taýýarlyk beýan edildi.
Maslahatda taraplar söwda-ykdysady, energetika, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynda hem-de beýleki birnäçe pudaklarda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada giňişleýin pikir alyşdylar. Işewürlik we netijeli görnüşde geçen maslahatyň çäklerinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda tejribe alyşmak hem-de ýakyn gatnaşyklary işjeňleşdirmek maksady bilen özara duşuşyklar geçirildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.