11.07.2026
Düýn hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow
Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini geçirdi. Onda
şu ýylyň geçen alty aýynda alnyp barlan işleriň jemleri jemlenildi, ýurdumyzy
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmek boýunça kabul edilen maksatnamalaryň ýerine
ýetirilişi ara alnyp maslahatlaşyldy. Şeýle hem ýolbaşçylary wezipä bellemek we wezipeden boşatmak bilen bagly
meselelere seredildi. Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasarlarynyň, käbir
ýolbaşçylaryň, welaýatlaryň häkimleriniň hasabatlary diňlenildi. Hökümet
mejlisine Türkmenistanyň Mejlisiniň wekilleri, Döwlet howpsuzlyk geňeşiniň
agzalary, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimleri, ýokary okuw
mekdepleriniň rektorlary, gazetleriň we žurnallaryň redaktorlary, beýleki
ýolbaşçylar çagyryldy.
Ilki
bilen, Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow şu ýylyň
alty aýynda milli ykdysadyýetimiziň makroykdysady görkezijileri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe jemi içerki önüm 6,3 göterim artdy, şol sanda ösüş
depgini senagat pudagynda 2,7 göterime, gurluşykda 6,7 göterime,
ulag-aragatnaşyk pudagynda 10,4 göterime, söwdada 8,5 göterime, oba hojalygynda
2 göterime, hyzmatlar ulgamynda 8,4 göterime deň boldy. Geçen ýylyň degişli
döwri bilen deňeşdirilende, şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda jemi öndürilen
önüm 10,4 göterim artyp, ykdysadyýetiň pudaklarynda oňyn önümçilik netijeleri
gazanyldy. Hasabat döwründe bölek satuw haryt dolanyşygy 10,1 göterim, daşary
söwda dolanyşygy bolsa 7,5 göterim artdy. Býujetden maliýeleşdirilýän we
hojalyk hasaplaşygyndaky döwlet kärhanalarynda zähmet haklary, pensiýalar,
döwlet kömek pullary, talyp haklary öz wagtynda maliýeleşdirildi.
Maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna özleşdirilen düýpli maýa goýumlaryň möçberi, geçen
ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim ýokarlandy. Şeýle hem
“Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasynyň” çäklerinde 2026-njy ýylyň
ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işler, şol sanda dürli maksatly
desgalaryň gurluşyklary barada aýdyldy.
Maliýe
we ykdysadyýet ministri M.Astanagulow şu ýylyň birinji ýarymynda Döwlet
býujetiniň ýerine ýetirilişi, özleşdirilen maýa goýumlaryň görkezijileri, Oba
milli maksatnamasynyň durmuşa geçirilişi barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Döwlet býujetiniň girdeji böleginiň
meýilnamasy 102,1 göterim, çykdajy böleginiň meýilnamasy 97,4 göterim berjaý
edildi. Hasabat döwründe ýerli býujetleriň girdeji bölegi 103,8 göterim,
çykdajy bölegi bolsa 97,9 göterim ýerine ýetirildi. 2026-njy ýylyň ýanwar —
iýun aýlarynda balans toparlarynyň jemi 92 mejlisi, şol sanda sebitlerdäki
balans toparlarynyň 64 mejlisi geçirildi. Mejlisleriň dowamynda ministrlikleriň,
pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň hem-de olaryň garamagyndaky
edara-kärhanalaryň maliýe-hojalyk işleriniň netijelerine garaldy.
Maliýeleşdirmegiň
ähli çeşmeleriniň hasabyna milli ykdysadyýetimizi ösdürmäge gönükdirilen maýa
goýumlaryň möçberi, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 4,3 göterim
artdy we ol jemi içerki önümiň 16,5 göterimine deň boldy. Özleşdirilen düýpli
maýa goýumlaryň 45,1 göterimi önümçilik, 54,9 göterimi durmuş we medeni
maksatly binalara gönükdirildi. Şeýle-de Oba milli maksatnamasyny durmuşa
geçirmegiň çäklerinde ýerine ýetirilen işler barada hasabat berildi.
Statistika
baradaky döwlet komitetiniň başlygy D.Amanmuhammedow ministrlikler we
pudaklaýyn dolandyryş edaralary tarapyndan şu ýylyň alty aýynda meýilnamalaryň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynyň netijeleri boýunça senagat
ulgamynda durnukly ösüş üpjün edildi. Hususan-da, 39 milliard 147,2 million kub
metr tebigy gaz, 4 million 129,8 müň tonna nebit çykaryldy. 2025-nji ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, dizel ýangyjynyň öndürilişi 0,7 göterim,
çalgy ýaglarynyň öndürilişi 7,2 göterim, nebit bitumynyň öndürilişi 39,9
göterim, suwuklandyrylan uglewodorod gazlarynyň öndürilişi 64,5 göterim,
sementiň öndürilişi 7,2 göterim, süýji-köke önümleriniň öndürilişi 6,9 göterim,
şöhlat önümleriniň öndürilişi 6,7 göterim, süýt önümleriniň öndürilişi 4
göterim, çörek we çörek önümleriniň öndürilişi 1,3 göterim artdy.
Ulag-aragatnaşyk
ulgamynda hem oňyn görkezijiler gazanyldy. Ulagyň ähli görnüşleriniň ýük
dolanyşygynyň 3,7 göterim, ýolagçy dolanyşygynyň 2 göterim artmagy munuň aýdyň
mysalydyr. Aragatnaşyk hyzmatlarynyň möçberi hem 15,3 göterim artdy. Ýurdumyzyň
oba hojalygynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýygnalan bugdaý hasyly, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 11,6 göterim artdy, öndürilen gök önümler
12,8 göterim, azyklyk bakja önümleri 3,3 göterim, ýeralma 4,2 göterim, süýt 0,3
göterim ýokarlandy. Şu ýylyň alty aýynda ykdysadyýetiň döwlete dahylsyz böleginde
hem oňyn görkezijiler gazanyldy.
Statistika
baradaky döwlet komitetiniň ýolbaşçysy ýurdumyzyň statistika ulgamyny döwrüň
talabyna laýyklykda kämilleşdirmek, bu ugurda halkara guramalar bilen tejribe
alyşmak boýunça görülýän çäreler barada hem aýtdy.
Merkezi
bankyň başlygy T.Mälikow 2026-njy ýylyň alty aýynda ýurdumyzyň banklary
tarapyndan ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu ýylyň 1-nji iýuly ýagdaýyna görä, bank ulgamy tarapyndan ykdysadyýete
gönükdirilen karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesi bilen
deňeşdirilende, 7,4 göterim artdy. Ykdysadyýetiň hususy bölegine berlen
karzlaryň galyndysy, geçen ýylyň degişli senesine görä, 23,6 göterim
ýokarlandy, şahsy adamlara berlen karzlar 24,5 göterim artdy. 2026-njy ýylyň
1-nji iýuly ýagdaýyna görä, Türkmenistanyň Prezidentiniň degişli Kararlaryna
laýyklykda, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde, welaýatlarda raýatlara gozgalmaýan
emlägi satyn almak üçin berlen karzlaryň galyndysy 17,6 göterim köpeldi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabatlary diňläp, halkymyzyň ýaşaýyş-durmuş derejesini has-da
ýokarlandyrmak maksady bilen, milli ykdysadyýetimiziň ähli pudaklarynda amala
aşyrylýan giň gerimli özgertmeleri dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz Döwlet býujetiniň durnuklylygyny üpjün edýän salgyt ulgamyny
ösdürmegi, salgytlaryň doly hem-de öz wagtynda tölenmegini gazanmagyň
wajypdygyny nygtady. “Býujet serişdeleriniň tygşytly, maksadalaýyk
peýdalanylyşyna gözegçiligi güýçlendirmek, şu ýylyň ahyryna çenli Döwlet
býujetiniň girdejiler we çykdajylar bölegini üpjün etmek üçin zerur çäreleri
görmek, geljek ýylyň Döwlet býujetini öz wagtynda düzmegi üpjün etmek zerurdyr”
diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz aýtdy.
Hormatly
Prezidentimiz milli manadyň hümmetini durnukly saklamaga aýratyn üns bermegiň,
durnukly ykdysady ösüşi üpjün etmek maksady bilen, ykdysadyýete gönükdirilýän
maýa goýumlary yzygiderli artdyrmagyň, banklaryň işini yzygiderli
kämilleşdirmegiň, sanly hyzmatlaryň görnüşlerini artdyrmagyň wajypdygyny
belledi we halkara maliýe guramalary bilen hyzmatdaşlyk etmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow ýurdumyzda nebitiň we gazyň
çykarylyşyny artdyrmak, olary dünýä bazaryna çykarmagyň ugurlaryny köpeltmek
boýunça 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda ýerine ýetirilen işleriň
netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, “Türkmennebit” döwlet konserni tarapyndan nebit çykarmagyň meýilnamasy
108,3 göterim, konserniň nebiti gaýtadan işleýän zawodlary tarapyndan nebiti
gaýtadan işlemegiň meýilnamasy 104,1 göterim ýerine ýetirildi. Benzin öndürmegiň
meýilnamasy 116 göterim, dizel ýangyjyny öndürmegiň meýilnamasy 111,4 göterim,
polipropilen öndürmegiň meýilnamasy 100 göterim, çalgy ýaglaryny öndürmegiň
meýilnamasy 119,4 göterim, suwuklandyrylan gazy öndürmegiň meýilnamasy 118,5
göterim berjaý edildi. Tebigy we ugurdaş gazy çykarmagyň meýilnamasy bolsa
107,6 göterim ýerine ýetirildi.
Hormatly
Prezidentimiz, başga işe geçmegi sebäpli, G.Garlyýewi «Türkmengeologiýa» döwlet
korporasiýasynyň başlygy wezipesinden boşadyp, bu wezipä B.Amanowy belledi
hem-de ony «Türkmengaz» döwlet konserniniň başlygynyň orunbasary wezipesinden
boşatmak barada karara gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
B.Amanow
özüne bildirilen uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden
hoşallygyny beýan edip, döwlet korporasiýasynyň öňünde durýan wezipeleri
üstünlikli ýerine ýetirmek üçin ähli gujur-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna
ynandyrdy hem-de döwlet Baştutanymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt
bähbitli işleriniň rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz toplumyň ýolbaşçylaryna ýüzlenip, ýurdumyzyň nebitgaz pudagyny
ösdürmegiň, tebigy gazy dünýä bazarlaryna diwersifikasiýa ýoly bilen ibermegiň
möhüm wezipeleriň biri bolup durýandygyny belledi. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz nebiti we tebigy gazy çykarmak, olary harytlyk derejesine
getirmek, daşarky bazarlara ýerlemek babatda öňde goýlan wezipeleri üstünlikli
berjaý etmegiň, «Galkynyş» gaz känini özleşdirmek işlerini netijeli dowam
etdirmegiň wajypdygyny nygtady. Arkadagly Gahryman Serdarymyz topluma degişli
kärhanalary döwrebaplaşdyrmak, önümçilik kuwwatyny yzygiderli artdyrmak boýunça
alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň, geologiýa-gözleg işlerini geçirmek,
täze uglewodorod ýataklaryny ýüze çykarmak işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň,
ekologik taýdan arassa önümleri öndürmek işlerini ilerletmegiň möhümdigini
aýtdy we bu babatda degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow gurluşyk we senagat toplumy
tarapyndan 2026-njy ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri
barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe toplum tarapyndan öndürilen önümleriň we ýerine
ýetirilen işleriň meýilnamasy 127,9 göterim berjaý edildi. Gurluşyk we
binagärlik ministrligi boýunça degişli meýilnama 104,5 göterim, Senagat we
gurluşyk önümçiligi ministrligi boýunça 132,7 göterim, Energetika ministrligi
boýunça 106,2 göterim ýerine ýetirildi. Awtomobil ýollary ministrligi
tarapyndan ýerine ýetirilmeli işleriň meýilnamasy 110,2 göterim berjaý edildi.
“Türkmenhimiýa” döwlet konserni boýunça bu görkeziji 144 göterime deň boldy.
Aşgabat şäheriniň häkimligi boýunça işleriň meýilnamasyna 127,4 göterim amal
edildi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, gurluşyk we senagat toplumynyň kärhanalaryny
doly kuwwatynda işletmek, öndürilýän önümleriň görnüşlerini we möçberini
yzygiderli artdyrmak, önümçilikleri döwrebaplaşdyrmak, täze kärhanalary gurmak
boýunça işleri dowam etdirmegiň zerurdygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz himiýa
kärhanalaryny bökdençsiz işletmek babatda işleri güýçlendirmegiň, içerki we
daşarky sarp edijileri elektrik energiýasy bilen ygtybarly üpjün etmek,
awtomobil ýollaryny döwrebaplaşdyrmak, olaryň dünýä standartlaryna gabat
gelmegi üçin pudagyň maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça çäreleri hem
dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz wise-premýere şu
ýylyň ahyryna çenli açylmagy meýilleşdirilýän binalardyr desgalaryň bellenilen
möhletde, ýokary hilli ulanmaga berilmegini berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew gözegçilik edýän
ministrliklerinde we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynda, telekeçilik ulgamynda
şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, Söwda we daşary ykdysady aragatnaşyklar ministrligi boýunça söwda
dolanyşygynyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende,
108,8 göterime barabar boldy. Dokma senagaty ministrligi boýunça önüm
öndürmekde, geçen ýylyň degişli döwri bilen deňeşdirilende, 106,3 göterim ösüş
depgini gazanyldy. “Türkmenhaly” döwlet birleşiginiň kärhanalarynda gazanylan
umumy girdejiniň ösüş depgini 107,4 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe
Döwlet haryt-çig mal biržasy tarapyndan 146 birža söwdasy geçirilip, olarda 15
müň 377 şertnama hasaba alyndy.
2026-njy
ýylyň alty aýynda Söwda-senagat edarasy boýunça ýerine ýetirilen işleriň ösüş
depgini 118,5 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe 13 sergi, 5 maslahat
geçirildi. Senagatçylar we telekeçiler birleşmesi boýunça oba hojalyk, azyk
önümlerini öndürmegiň ösüş depgini 109 göterime, senagat önümlerini öndürmegiň
ösüş depgini 110,3 göterime deň boldy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, söwda toplumynyň önümçilik kuwwatyny doly
peýdalanmak boýunça netijeli işleri alyp barmagyň, içerki bazaryň, söwda
nokatlarynyň azyk we beýleki harytlar bilen üpjünçiligini hemişe üns merkezinde
saklamagyň, söwda hyzmatlarynyň ýokary hilli bolmagyny üpjün etmegiň
möhümdigini belledi. Hormatly Prezidentimiz täze önümçilikleri döretmek,
öndürilýän önümleriň, ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň möçberini hem-de
görnüşlerini artdyrmak boýunça maksatnamalaýyn çäreleri durmuşa geçirmegiň, bu
işde hususy ulgamyň mümkinçiliklerinden giňden peýdalanmagyň wajypdygyny
nygtady. Döwlet Baştutanymyz dokma önümleriniň hilini ýokarlandyrmak üçin
toplumlaýyn çäreleri görmegiň, dokma, haly we haly önümleriniň söwdasyny
guramakda halkara tejribeden ugur almagyň, Döwlet haryt-çig mal biržasynyň,
Söwda-senagat edarasynyň işini mundan beýläk-de kämilleşdirmek, ýurdumyzyň
eksport mümkinçiliklerini artdyrmak babatda dünýäniň ösen ýurtlarynyň
öňdebaryjy tehnologiýalaryny ornaşdyrmak boýunça işleri dowam etdirmegiň
zerurdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere anyk tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa gözegçilik edýän ulgamynda şu
ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe 2026-njy ýylyň “Garaşsyz, baky Bitarap Türkmenistan —
bedew batly at-myradyň mekany” ýyly diýlip yglan edilmegi, ýurdumyzyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygy, milli senenamamyzda göz öňünde tutulan
baýramçylyklar, medeni-durmuş maksatly binalaryň açylyp ulanmaga berilmegi
mynasybetli dürli medeni çäreler guralyp, yglan edilen döredijilik
bäsleşikleriniň jemleri jemlenildi. Balkan welaýatynda Medeniýet hepdeligi
guramaçylykly geçirildi.
Hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan parahatçylyk söýüjilikli daşary syýasaty
netijesinde halkara ähmiýetli dürli medeni çäreler guraldy. Paýtagtymyzda
«Turkmentravel — 2026» atly halkara syýahatçylyk sergisi we maslahaty,
TÜRKSOÝ-yň opera günleri, Aşgabat we Arkadag şäherlerinde Azerbaýjan
Respublikasynyň Medeniýet günleri ýokary guramaçylyk derejesinde geçirildi.
Russiýa Federasiýasynyň Moskwa şäherinde Türkmenistanyň Medeniýet günleri,
Italiýanyň Rim şäherinde bolsa «Türkmenistanyň gadymy siwilizasiýalary» atly
arheologik sergi guraldy. «Galkynyş» milli at üstündäki oýunlar topary hem-de
ýurdumyzyň ussat sirk artistleri Azerbaýjan Respublikasynda, Türkiýäniň Stambul
şäherinde üstünlikli çykyş etdiler.
Ýaşlaryň
arasynda taryhy ýadygärlikleri hemmetaraplaýyn öwrenmek we wagyz etmek maksady
bilen, şu ýylyň ýaz möwsüminde taryhy-medeni ýadygärliklerde ylmy-barlag,
rejeleýiş işleriniň nobatdaky tapgyry amala aşyryldy. Şeýle hem wise-premýer
Türkmen döwlet neşirýat gullugy, Oguz han adyndaky «Türkmenfilm» birleşigi,
köpçülikleýin habar beriş serişdeleri tarapyndan ýerine ýetirilen işler barada
hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz A.Şamyradowy, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin,
Türkmenistanyň medeniýet ministri wezipesinden boşadyp, bu wezipä 6 aý synag möhleti
bilen G.Myradalyýewi belledi we ony medeniýet ministriniň orunbasary
wezipesinden boşatdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
G.Myradalyýew
bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze
wezipede ähli bilimini, güýç-gaýratyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de
hormatly Prezidentimize berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyz, işde goýberen düýpli kemçilikleri üçin, A.Hojaberdiýewi «Nesil»
gazetiniň baş redaktory wezipesinden boşatdy we bu wezipä 6 aý synag möhleti
bilen H.Şanazarowany bellemek barada karara gelendigini aýtdy hem-de degişli
resminamalara gol çekdi.
Hormatly
Prezidentimiz wise-premýere ýüzlenip, medeniýet ulgamyna degişli edaralaryň
işini talabalaýyk guramak boýunça alnyp barylýan işlere berk gözegçilik
etmegiň, halkymyzyň gadymy mirasyny, edebi gymmatlyklaryny düýpli öwrenmek we
wagyz etmek, taryhy-medeni ýadygärliklere syýahatçylary çekmek boýunça alnyp
barylýan işleri netijeli dowam etdirmegiň möhümdigini belledi. Döwlet
Baştutanymyz kitaphana we muzeý işini halkara tejribeler esasynda yzygiderli
kämilleşdirmegiň, döwrebap, many-mazmunly täze çeper we dokumental filmleri
surata düşürmegi dowam etdirmegiň, Türkmen döwlet neşirýat gullugynyň önümçilik
kuwwatyny netijeli ulanmagyň wajypdygyny nygtady. Şeýle-de hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllyk baýramy mynasybetli
geçiriljek çärelere gowy taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow gözegçilik edýän ulgamlarynda şu
ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda alnyp barlan işleriň netijeleri barada hasabat
berdi.
Bellenilişi
ýaly, hasabat döwründe bilim ulgamyny döwrebaplaşdyrmak boýunça işler dowam
etdirildi, okatmagyň öňdebaryjy usullary giňden ulanyldy. Okuwçylar, talyplar
halkara ders we internet bäsleşiklerinde jemi 992 medal gazandylar. Şu ýylyň
alty aýynda ylym ulgamyny kämilleşdirmek, ylmy barlaglaryň netijeliligini
ýokarlandyrmak ugrundaky işler dowam etdirildi. Ylymlar güni mynasybetli
halkara ylmy maslahat, ýaşlaryň arasyndaky ylmy işler boýunça bäsleşigiň
ýeňijilerini sylaglamak dabarasy geçirildi. Hasabat döwründe öňüni alyş-bejeriş
işleriniň öňdebaryjy usullary amaly lukmançylyga ornaşdyryldy. Gurbanguly
Berdimuhamedow adyndaky Howandarlyga mätäç çagalara hemaýat bermek boýunça
haýyr-sahawat gaznasynyň serişdeleriniň hasabyna näsag çagalara operasiýalar we
bejergiler amala aşyryldy. Bedenterbiýäni, sporty ösdürmek boýunça hem netijeli
işler alnyp baryldy. Hasabat döwründe ýurdumyzyň türgenleri halkara ýaryşlara
gatnaşyp, dürli derejeli medallaryň 415-sini gazandylar.
Mejlisiň
dowamynda döwlet Baştutanymyz 2026-njy ýylda ýokary we orta hünär okuw
mekdeplerine okuwa kabul etmegiň meýilnamasyny, ýokary we orta hünär okuw mekdeplerine
okuwa kabul etmek boýunça döwlet toparynyň düzümini, 2026-2027-nji okuw ýylynda
Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Döwlet gullugy akademiýasynyň okuwlaryna
kabul etmegiň meýilnamalaryny tassyklamak hakynda Buýruklara gol çekdi hem-de
okuwa girmäge isleg bildirýän ähli ýaşlara uly üstünlikleri arzuw etdi.
Hormatly
Prezidentimiz täze okuw ýylyna gowy taýýarlyk görmegiň, şunuň bilen baglylykda,
bilim edaralarynda abatlaýyş işlerini öz wagtynda geçirmegiň wajypdygyna ünsi
çekdi. Döwlet Baştutanymyz şu ýyl Türkmen döwlet binagärlik-gurluşyk
institutynyň, Seýitnazar Seýdi adyndaky Türkmen döwlet mugallymçylyk
institutynyň täze binalarynyň ulanmaga beriljekdigini aýtdy hem-de olaryň
açylyş dabaralaryna ýokary derejede taýýarlyk görmegi, bu ýokary okuw
mekdepleriniň işini kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz ýokary okuw mekdeplerine zehinli, mynasyp ýaşlary kabul
etmegiň, giriş synaglaryny guramaçylykly we adalatly geçirip, jemgyýetçilik gözegçiligini
ýola goýmagyň möhümdigine ünsi çekdi. Şunuň bilen bir hatarda, döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzda alnyp barylýan ylmy-barlag işlerini netijeli dowam
etdirmegiň, ylmy edaralarda işlenip düzülen oýlap tapyşlary ykdysadyýetimiziň
pudaklaryna ornaşdyrmak boýunça zerur çäreleri görmegiň, saglygy goraýyş
ulgamynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny yzygiderli berkitmegiň, ilata edilýän
lukmançylyk hyzmatlarynyň hilini ýokarlandyrmak boýunça dünýä ýurtlarynyň
öňdebaryjy saglygy goraýyş edaralary bilen hyzmatdaşlygy ilerletmegiň
zerurdygyny belledi. Hormatly Prezidentimiz ýaşlaryň köpçülikleýin sport bilen
meşgullanmagy üçin ähli şertleri döretmek boýunça işleri dowam etdirmegiň
wajypdygyny aýtdy we bu babatda wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew gözegçilik edýän düzümlerinde şu
ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, ulag-aragatnaşyk toplumy boýunça ýerine ýetirilen işleriň we hyzmatlaryň
ösüş depgini 113,9 göterime deň boldy. Awtomobil, demir ýol, howa, deňiz we
derýa ulaglary arkaly ýük daşamagyň ösüş depgini, geçen ýylyň degişli döwri
bilen deňeşdirilende, 103,1 göterime, ýolagçy gatnatmagyň ösüş depgini bolsa
102,9 göterime barabar boldy. Hasabat döwründe Demir ýol ulaglary ministrligi
boýunça ýerine ýetirilen hyzmatlaryň ösüş depgini 106,8 göterime, Awtomobil
ulaglary ministrligi boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 120,3 göterime,
“Türkmenhowaýollary” döwlet gullugy boýunça hyzmatlaryň ösüş depgini 118,1
göterime, Deňiz we derýa ulaglary döwlet gullugy boýunça bu görkeziji 100,3
göterime, Aragatnaşyk ministrligi boýunça 115,3 göterime barabar boldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ulag-aragatnaşyk toplumynyň işini yzygiderli
kämilleşdirmegiň, ýolagçylary gatnatmagyň, ýükleri daşamagyň möçberini
artdyrmak we bu ugurda ýerine ýetirilýän hyzmatlaryň hilini gowulandyrmak
boýunça netijeli işleri alyp barmagyň zerurdygyny aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
demir ýol ulgamynyň geçirijilik ukybyny artdyrmak hem-de döwrebaplaşdyrmak
işleriniň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, halkara awtomobil ýollary bilen ýük
daşamagy, üstaşyr gatnawlary ösdürmegi, ýurdumyzdan geçýän üstaşyr ulag
geçelgelerini ösdürmekde halkara hyzmatdaşlygy dowam etdirmegiň möhümdigini belledi.
Hormatly Prezidentimiz Halkara howa menzillerini netijeli ulanmagyň, uçarlaryň
düzümini yzygiderli döwrebaplaşdyrmagyň, Türkmenbaşy Halkara deňiz portunyň
üsti bilen daşalýan ýükleriň möçberini artdyrmak üçin zerur işleri geçirmegiň,
«Balkan» gämi gurluşyk we abatlaýyş zawodynda gämigurluşyk işlerini netijeli
alyp barmagyň wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň aragatnaşyk
ulgamyny hem döwrüň talabyna görä döwrebaplaşdyrmak, bu ugurda täze hyzmatlary
ýola goýmak boýunça işleri güýçlendirmegiň möhümdigini aýtdy we bu babatda
wise-premýere degişli tabşyryklary berdi.
Soňra
welaýatlaryň häkimleri hasabatlar bilen çykyş etdiler.
Ahal
welaýatynyň häkimi T.Nurmyradow şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda welaýatda
ýerine ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler welaýatda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş
nokatlaryndan ammarlara, elewatorlara daşamak, galla oragyndan boşan meýdanlary
sürmek, bugdaý ekişinde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny we ýokary hilli
bugdaý tohumyny ekiş möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Sebitiň ekerançylyk
meýdanlarynda ýetişdirilen ýeralma, gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnamak,
güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen oba hojalyk ekinlerini ekmek işleri
alnyp barylýar. Mundan başga-da, häkim welaýatda Oba milli maksatnamasynyň
ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Balkan
welaýatynyň häkimi H.Aşyrmyradow şu ýylyň birinji ýarymynda welaýatda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, häzirki wagtda ýygnalan bugdaý hasylyny elewatorlara we ammarlara daşamak
bilen bir hatarda, geljek ýylyň hasyly üçin galla oragyndan boşan meýdanlary
ekiş möwsümine taýýarlamak işleri utgaşykly alnyp barylýar. Gowaça ekilen
meýdanlarda agrotehnikanyň talaplaryna laýyklykda hatarara bejergi, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Ýeralmanyň we gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, güýz
möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen oba hojalyk ekinlerini ekmek işleri alnyp
barylýar. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde
welaýatda ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Daşoguz
welaýatynyň häkimi D.Babaýew şu ýylyň alty aýynda welaýatda ýerine ýetirilen
işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler sebitde geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk
görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini
geçirmek, zerur bolan bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri alnyp barylýar. Gowaça
ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek,
ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek we mineral dökünler bilen iýmitlendirmek
işleri ýerine ýetirilýär. Welaýatda ýetişdirilen ýazlyk ýeralmanyň we gök-bakja
ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek işleri alnyp barylýar.
Mundan başga-da, häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, sebitde şu ýyl üçin
meýilleşdirilen işleriň ýerine ýetirilişi barada hasabat berdi.
Lebap
welaýatynyň häkimi D.Genjiýew welaýatda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan
elewatorlara we ammarlara daşamak, ýerleşdirmek, talabalaýyk saklamak boýunça
degişli işler geçirilýär. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk
görmegiň çäklerinde bugdaý oragyndan boşan meýdanlary sürmek, topragy mineral
dökünler bilen gurplandyrmak işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen
meýdanlarda möwsümleýin ideg işleri dowam etdirilýär. Ýetişdirilen gök-bakja
ekinleriniň hasylyny ýygnap almak hem-de ilata ýetirmek babatda zerur çäreler
görülýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasynyň çäklerinde
welaýatda alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz Lebap welaýatynyň häkimi, Suw hojalygy baradaky döwlet
komitetiniň başlygy D.Genjiýewi welaýatyň häkimi wezipesinden boşadyp, bu
wezipä H.Aşyrmyradowy belledi we ony Balkan welaýatynyň häkimi wezipesinden
boşatdy hem-de degişli resminamalara gol çekdi.
H.Aşyrmyradow
uly ynam üçin hormatly Prezidentimize tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, täze
wezipede gujur-gaýratyny gaýgyrman işlejekdigine ynandyrdy hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, döwletli işleriniň
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Döwlet
Baştutanymyz Balkan welaýatynyň häkimi wezipesine R.Jumaýewi belläp, ony Ahal
welaýatynyň Ak bugdaý etrabynyň häkimi wezipesinden boşatmak barada karara
gelendigini aýtdy we degişli resminamalara gol çekdi.
R.Jumaýew
bildirilen ynam üçin döwlet Baştutanymyza tüýs ýürekden hoşallygyny beýan edip,
bu wezipede tutanýerli zähmet çekmek üçin ähli gujur-gaýratyny
gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de hormatly Prezidentimize berk jan saglyk,
uzak ömür, döwletli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Mary
welaýatynyň häkimi D.Annaberdiýew şu ýylyň alty aýynda welaýatda ýerine
ýetirilen işler barada hasabat berdi.
Hasabatda
bellenilişi ýaly, şu günler ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş
nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan boşan
meýdanlary, ýokary hilli bugdaý tohumyny geljek ýylyň hasyly üçin ekiş
möwsümine taýýarlamak boýunça degişli işler alnyp barylýar. Gowaça ekilen
ýerlerde hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny
tutmak işleri geçirilýär. Ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap
almak we ilata ýetirmek, güýz möwsüminde ekilmegi meýilleşdirilen oba hojalyk
ekinleriniň ekiljek meýdanlaryny möwsüme taýýarlamak boýunça degişli işler
alnyp barylýar. Welaýatda gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny
tutmak, gögeriş alnan ýerlerde ideg işleri ýerine ýetirilýär. Mundan başga-da,
häkim Oba milli maksatnamasyny durmuşa geçirmegiň çäklerinde welaýatda alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi.
Hormatly
Prezidentimiz D.Annaberdiýewi, başga işe geçmegi sebäpli, Mary welaýatynyň
häkimi wezipesinden boşatdy hem-de bu wezipä Oba hojalyk ministrliginiň
Ylmy-barlag ekerançylyk institutynyň direktory wezipesinde işleýän
B.Orazgylyjowy bellemek barada karara gelendigini aýtdy.
B.Orazgylyjow
bildirilen ynam üçin hoşallygyny beýan edip, täze wezipede netijeli işlemek
üçin ähli ukyp-başarnygyny gaýgyrmajakdygyna ynandyrdy hem-de Arkadagly
Gahryman Serdarymyza berk jan saglyk, uzak ömür, il-ýurt bähbitli işleriniň
rowaçlyklara beslenmegini arzuw etdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýewe söz berildi. Ol,
ilki bilen, ýurdumyzyň gallaçylary tarapyndan 1 million 400 müň tonnadan gowrak
bugdaý hasylynyň ýetişdirilip, bu ugurdaky bellenen meýilnamanyň üstünlikli
berjaý edilendigi baradaky hoş habary ýetirdi hem-de oba hojalyk pudagyny
toplumlaýyn ösdürmäge berýän hemaýat-goldawlary üçin hormatly Prezidentimize we
Gahryman Arkadagymyza tüýs ýürekden hoşallyk bildirip, berk jan saglyk, uzak
ömür, alyp barýan il-ýurt bähbitli işleriniň hemişe rowaçlyklara beslenmegini
arzuw etdi.
Soňra
wise-premýer gözegçilik edýän toplumynda şu ýylyň birinji ýarymynda ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri, ýurdumyzyň welaýatlarynda oba hojalyk işleriniň
geçirilişi barada hasabat berdi.
Hasabat
döwründe oba hojalyk pudagy boýunça önümçiligiň ösüş depgini, geçen ýylyň
degişli döwri bilen deňeşdirilende, 109,8 göterime barabar boldy. Bu görkeziji
Oba hojalyk ministrligi boýunça 106,4 göterime, Daşky gurşawy goramak
ministrligi boýunça 100,1 göterime, Suw hojalygy baradaky döwlet komiteti
boýunça 104,8 göterime, “Türkmenpagta” döwlet konserni boýunça 100,9 göterime,
“Türkmengallaönümleri” döwlet birleşigi boýunça 123,2 göterime,
“Türkmenobahyzmat” döwlet birleşigi boýunça 100,1 göterime, Azyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 118,7 göterime, Maldarçylyk we guşçulyk senagaty
döwlet birleşigi boýunça 105,2 göterime, “Türkmen atlary” döwlet birleşigi
boýunça 112,3 göterime deň boldy. Maýa goýum serişdelerini özleşdirmegiň
meýilnamasy 135,5 göterim ýerine ýetirildi.
Oba
hojalygy pudagynda dowam edýän möwsümleýin işleriň çäklerinde häzirki wagtda
Diýarymyzda ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara,
elewatorlara daşamak, talabalaýyk ýerleşdirmek we saklamak boýunça degişli
çäreler görülýär, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak üçin ekiş
möwsümine taýýarlyk işleri dowam edýär. Hususan-da, bugdaý ekiljek meýdanlarda
sürüm işleri geçirilýär, ýokary hilli bugdaý tohumyny, ekişde ulanyljak oba
hojalyk tehnikalaryny, gurallary möwsüme taýýarlamak işleri alnyp barylýar.
Gowaça ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda, hatarara
bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri
ýerine ýetirilýär. Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda
ideg etmek işleri dowam edýär.
Hormatly
Prezidentimiz wise-premýer T.Atahallyýewe, oba hojalyk pudagynyň
ýolbaşçylaryna, welaýatlaryň, Aşgabat, Arkadag şäherleriniň häkimlerine
ýüzlenip, “Türkmenistanyň Prezidentiniň ýurdumyzy 2022 — 2028-nji ýyllarda
durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň Maksatnamasyny”, Oba milli maksatnamasyny
üstünlikli durmuşa geçirmegiň, welaýatlarda we şäherlerde ýaşaýyş jaýlarynyň,
hassahanalaryň, beýleki durmuş maksatly binalaryň gurluşygyna berk gözegçilik
etmegiň, şäherleriň binagärlik-şähergurluşyk keşbini mundan beýläk-de
abadanlaşdyrmagyň möhümdigini belledi. Döwlet Baştutanymyz ilaty arassa agyz
suwy, elektrik energiýasy, tebigy gaz bilen üpjün etmek boýunça alnyp barylýan
işleri dowam etdirmegiň, arassaçylygy berjaý etmek we abatlaýyş işlerini
wagtynda geçirmek üçin ähli çäreleri görmegiň wajypdygyny nygtady.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz ýerli býujetiň doly we talabalaýyk ýerine ýetirilmegini
üpjün etmegiň, welaýatlarda oba hojalyk ekinleriniň ýokary hasylyny ýetişdirmek
üçin alnyp barylýan işleri agrotehniki kadalar esasynda geçirmegiň, oba hojalyk
önümleriniň, hususan-da, gallanyň, gowaçanyň hasylyny artdyrmak üçin
guramaçylyk işlerini has-da güýçlendirmegiň, öndürilýän azyk önümleriniň
görnüşlerini artdyrmak, hilini ýokarlandyrmak, azyk senagaty kärhanalaryny
döwrebaplaşdyrmak boýunça işleri netijeli dowam etdirmegiň zerurdygyny aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz ilaty un, çörek we çörek önümleri bilen üpjün etmegi üns
merkezinde saklamagyň, mallaryň, guşlaryň baş sanyny artdyrmak babatda alnyp
barylýan işleriň netijeliligini ýokarlandyrmagyň, oba hojalyk tehnikalaryny
netijeli ulanmak boýunça işlere berk gözegçilik etmegiň möhümdigine ünsi çekdi.
Hormatly Prezidentimiz pagta arassalaýjy kärhanalarda pagtany gaýtadan işlemek,
dokma kärhanalaryny ýokary hilli önümler bilen üpjün etmek işlerini talabalaýyk
alyp barmagyň, suw serişdelerini rejeli we tygşytly peýdalanmagyň, goşmaça suw
gorlaryny döretmek boýunça sazlaşykly işleri durmuşa geçirmegiň wajypdygyny
nygtady. Döwlet Baştutanymyz daşky gurşawy goramak, ýurdumyzy bagy-bossanlyga
öwürmek, atçylyk pudagyny ösdürmek, ahalteke bedewleriniň baş sanyny artdyrmak
boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, ýurdumyzda gallanyň bol hasylynyň
ýygnalandygyny, gallaçy daýhanlarymyzyň Watan harmanyna ýokary hilli bugdaý
hasylyny tabşyryp, zähmet üstünligini gazanandyklaryny belledi. “Ýygnalan bol
galla hasyly mähriban halkymyzyň, berkarar Watanymyzyň baýlygydyr,
saçaklarymyzyň rysgal-berekedidir!” diýip, döwlet Baştutanymyz aýtdy we galla
hasylyny ýetişdirmekde hem-de ýitgisiz ýygnap almakda uly işleri bitiren, Watan
öňündäki şertnamalaýyn borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetiren ussat gallaçy
babadaýhanlarymyzy tüýs ýürekden gutlap, olara täze üstünlikleri arzuw etdi.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary, daşary işler ministri R.Meredow
şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Daşary işler ministrligi tarapyndan ýerine
ýetirilen işleriň netijeleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, hormatly
Prezidentimiziň alyp barýan daşary syýasatyny durmuşa geçirmek, Bitarap
Türkmenistanyň daşary ýurtlar, halkara guramalar bilen ikitaraplaýyn we
köptaraplaýyn gatnaşyklaryny ösdürmek babatda öňde goýlan wezipeleri ýerine
ýetirmek maksady bilen, Daşary işler ministrligi tarapyndan hasabat döwründe
degişli işler amala aşyryldy.
Mälim
bolşy ýaly, ýurdumyzyň halkara hyzmatdaşlygyny ösdürmekde ýokary derejedäki
saparlardyr duşuşyklar möhüm orny eýeleýär. Şunuň bilen baglylykda, türkmen
halkynyň Milli Lideri, Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň Başlygy Gahryman
Arkadagymyzyň şu ýylyň 16 — 19-njy fewraly aralygynda Amerikanyň Birleşen
Ştatlaryna, 18-19-njy martynda Hytaý Halk Respublikasyna, 8-9-njy aprelinde
Awstriýa Respublikasyna, 13-14-nji maýynda Russiýa Federasiýasynyň Tatarystan
Respublikasyna, 16-17-nji maýynda Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk Irlandiýanyň
Birleşen Patyşalygyna saparlary guraldy. Hormatly Prezidentimiz şu ýylyň
21-22-nji aprelinde Gazagystan Respublikasyna, 22-23-nji iýunynda Azerbaýjan
Respublikasyna saparlary amala aşyrdy.
Abraýly
halkara guramalar bilen hyzmatdaşlygy ösdürmek ýurdumyzyň daşary syýasat
strategiýasynyň wajyp ugurlarynyň biri bolup durýar. Şunuň bilen baglylykda,
Gahryman Arkadagymyzyň Awstriýa Respublikasyna saparynyň çäklerinde Atom
energiýasy boýunça halkara agentligiň Baş direktory, BMG-niň Senagat ösüşi
boýunça guramasynyň Baş direktory, BMG-niň Baş sekretarynyň orunbasary bilen
duşuşyklary geçirildi. Mundan başga-da, şu ýylyň 21 — 23-nji ýanwarynda BMG-niň
Azyk we oba hojalyk guramasynyň Baş direktory, 17 — 19-njy martynda bolsa
Aziýada özara hyzmatdaşlyk we ynamy berkitmek çäreleri boýunça Geňeşiň Baş
sekretary ýurdumyzda saparda boldular. Türkmenistanyň 2026-njy ýylda GDA-da
başlyklyk etmeginiň çäklerinde dürli geňeşleriň, komissiýalaryň mejlisleri,
beýleki duşuşyklar, çäreler geçirilýär. Şunuň bilen baglylykda, 22-nji maýda
paýtagtymyzda Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynyň Hökümet Baştutanlarynyň Geňeşiniň
mejlisi geçirildi. Mejlise gatnaşmak üçin Arkalaşygyň döwletleriniň Hökümet
ýolbaşçylary ýurdumyza sapar bilen geldiler.
Hasabat
döwründe Daşary işler ministrliginiň üsti bilen jemi 373 wekiliýet döwletimize
sapar bilen geldi, Türkmenistandan daşary ýurtlara 693 wekiliýet gitdi. Şu
ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda sanly ulgam arkaly dürli derejedäki duşuşyklaryň
253-si geçirildi. Hasabat döwründe Türkmenistanda daşary ýurtlar, halkara
guramalar bilen bilelikde resmi gepleşiklerdir duşuşyklaryň 1 müň 205-si
guraldy. Döwletimiziň halkara gatnaşyklarynyň şertnama-hukuk binýadynyň üsti
halkara resminamalaryň 101-si bilen ýetirildi. Daşary işler ministrligi bilen
beýleki döwletleriň daşary syýasat edaralarynyň arasynda syýasy geňeşmeleri
geçirmek boýunça işler hem amala aşyrylýar. Bu babatda hasabat döwründe
Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň ýolbaşçysynyň Awstriýa
Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Beýik Britaniýanyň we Demirgazyk
Irlandiýanyň Birleşen Patyşalygynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, Gazagystan
Respublikasynyň daşary işler ministrleri, Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň
Döwlet sekretary bilen syýasy geňeşmeleri geçirildi.
2026-njy
ýylyň alty aýynda Hindistan Respublikasynyň, Marokko Patyşalygynyň, Russiýa
Federasiýasynyň, Germaniýa Federatiw Respublikasynyň, Zimbabwe Respublikasynyň,
Azerbaýjan Respublikasynyň, Uganda Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň,
Ermenistan Respublikasynyň, Belarus Respublikasynyň, Kamboja Patyşalygynyň,
Ukrainanyň daşary syýasat edaralary bilen geňeşmeler guraldy. Bulardan
başga-da, hasabat döwründe Türkmenistanyň daşary syýasat edarasynyň
ýolbaşçysynyň BMG-niň Baş sekretary, BMG-niň Baş Assambleýasynyň 80-nji
sessiýasynyň Başlygy, Ýewropanyň täzeleniş we ösüş bankynyň prezidenti, Halkara
Deňiz Guramasynyň Baş sekretary hem-de Ýadro synaglaryny ählumumy gadagan etmek
barada Şertnamasy guramasynyň Ýerine ýetiriji sekretary bilen gepleşikleri
geçirildi.
Daşary
döwletleriň ilçihanalarynyň üsti bilen diplomatik gatnaşyklary kämilleşdirmek
Bitarap Türkmenistanyň daşary syýasy işiniň wajyp ugurlarynyň biri bolup
durýar. 2026-njy ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda Çad Respublikasynyň, Indoneziýa
Respublikasynyň, Italiýa Respublikasynyň, Koreýa Respublikasynyň, Argentina
Respublikasynyň, Müsür Arap Respublikasynyň, Finlýandiýanyň Türkmenistanda täze
bellenilen ilçileri ynanç hatlaryny gowşurdylar. Şol bir wagtda, Türkmenistanyň
Tailand Patyşalygyndaky, Amerikanyň Birleşen Ştatlaryndaky, Irlandiýadaky
ilçileri, BMG-niň we Yslam Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýanyndaky hemişelik
wekilleri ynanç hatlaryny gowşuryp, resmi taýdan işe başladylar.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, Garaşsyz Türkmenistanyň oňyn Bitaraplyk, parahatçylyk
söýüjilik, «Açyk gapylar», hoşniýetli goňşuçylyk we özara bähbitli hyzmatdaşlyk
ýörelgelerine esaslanýan daşary syýasaty alyp barýandygyny belledi. Döwlet
Baştutanymyz dünýä döwletleri bilen syýasy-diplomatik, söwda-ykdysady,
medeni-ynsanperwer, ylym-bilim ulgamlarynda ýola goýlan gatnaşyklary ösdürmek,
halkara guramalar bilen netijeli halkara hyzmatdaşlygy ilerletmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini nygtady. Hormatly Prezidentimiz şu
ýyl ýurdumyzda köp sanly halkara syýasy çäreleri geçirmegiň
meýilleşdirilýändigini aýtdy we wise-premýer, daşary işler ministrine
ýurdumyzda guraljak halkara çäreleri ýokary derejede geçirmek üçin häzirden
başlap düýpli taýýarlyk görmegi tabşyrdy.
Mejlisiň
Başlygy D.Gulmanowa şu ýylyň ýanwar — iýun aýlarynda milli parlament tarapyndan
ýerine ýetirilen işler barada maglumat berdi.
Bellenilişi
ýaly, geçen alty aýyň dowamynda Türkmenistanyň Kanunlarynyň 6-sy, Mejlisiň
kararlarynyň 11-si kabul edildi. Raýatlaryň hukuklaryny we kanuny bähbitlerini
goramak, önümçilik desgalarynyň senagat howpsuzlygyny üpjün etmek,
buhgalterçilik hasaba alnyşy we maliýe hasabatlylygy kämilleşdirmek, işiň
aýry-aýry görnüşlerini ygtyýarlylandyrmak, awtomobil ýollary we ýol işi, daşky
gurşawy, suwuň biologik serişdelerini goramak, migrasiýa syýasatynyň
netijeliligini has-da ýokarlandyrmak bilen baglanyşykly hereket edýän kanunlara
degişli üýtgetmeler we goşmaçalar girizildi.
Daşary
ýurtlaryň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçileriniň
5-sinden ynanç hatlary kabul edildi. Şeýle hem Mejlisde dünýä döwletleriniň
parlamentleriniň, daşary ýurtlaryň ýurdumyzdaky wekilhanalarynyň, halkara
guramalaryň wekilleri bilen duşuşyklaryň 18-si geçirildi. Mejlisiň
deputatlarydyr hünärmenleri halkara guramalaryň ýurdumyzyň degişli
ministrlikleri, pudaklaýyn dolandyryş edaralary bilen bilelikde guran okuw
maslahatlarynyň 64-sine gatnaşdylar. Kanun çykaryjylyk işinde tejribe alyşmak
maksady bilen, deputatlaryň daşary ýurtlara iş saparlarynyň 15-si amala
aşyryldy.
Milli
parlamentiň ýolbaşçysy hormatly Prezidentimiziň beren tabşyrygyna laýyklykda,
“Türkmenistanyň Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly
harby ýörişe gatnaşyja” atly Türkmenistanyň ýubileý medalyny döretmek hakynda”
Türkmenistanyň Kanunynyň taslamasy boýunça Mejlisde degişli işleriň
geçirilendigini belledi. Şunuň bilen baglylykda, ol Gahryman Arkadagymyzyň
gymmatly maslahatlaryndan ugur alnyp taýýarlanylan degişli Kanuny,
Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň 82-nji maddasyna laýyklykda, döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz döwletimiziň kanunçylyk-hukuk binýadyny berkitmek maksady bilen,
Türkmenistanyň birnäçe kanunlarynyň kabul edilendigini, köp sanly kanunlara
üýtgetmeleriň we goşmaçalaryň girizilendigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda,
döwlet Baştutanymyz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek hem-de
döwrebaplaşdyrmak boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Hormatly
Prezidentimiz mejlise gatnaşyjylara ýüzlenip, berkarar döwletimizde mukaddes
Garaşsyzlygymyzyň 35 ýyllyk baýramynyň uly dabaralar bilen giňden
belleniljekdigini aýtdy. Şunuň bilen baglylykda, döwlet Baştutanymyz
Garaşsyzlyk baýramyny ýokary derejede geçirmek maksady bilen, «Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň 35 ýyllygyna bagyşlanyp geçirilen dabaraly harby ýörişe
gatnaşyja» atly ýubileý medalyny döretmek hakynda» Türkmenistanyň Kanunyna gol
çekdi.
Arkadagly
Gahryman Serdarymyz Garaşsyz ýurdumyzda şu ýylyň alty aýynda ýerine ýetirilen
işleriň netijeleriniň kabul edilen maksatnamalaryň üstünlikli durmuşa
geçirilýändigini görkezýändigini aýtdy.
Döwlet
Baştutanymyz hasabat döwründe jemi içerki önümiň ösüş depgininiň 6,3 göterime
deň bolandygyny kanagatlanma bilen belledi.
«Türkmenistany
2026-njy ýylda durmuş-ykdysady taýdan ösdürmegiň we maýa goýum Maksatnamasyna»
laýyklykda, hasabat döwründe ýurdumyzda 18 milliard 600 million manada golaý
düýpli maýa goýumlar özleşdirildi. Bu bolsa, geçen ýylyň degişli döwri bilen
deňeşdirilende, 4,3 göterim köpdür. Diýarymyzyň welaýatlarynda, şäherlerinde we
etraplarynda meýdany 309 müň inedördül metre barabar bolan ýaşaýyş jaýlary
ulanmaga berildi. Senagat desgalarynyň, täze şäherçeleriň, mekdepleriň, çagalar
baglarynyň we beýleki desgalaryň gurluşygy meýilnama esasynda alnyp barylýar»
diýip, hormatly Prezidentimiz aýtdy. Geçen ýarym ýylda ýurdumyzyň ykdysadyýeti
durnukly ösdürildi. Bäsdeşlige ukyply, ýokary hilli harytlary öndürýän täze
kärhanalary döretmek boýunça zerur işler dowam etdirildi. Ykdysady we maliýe
durnuklylygyny gazanmak, iş bilen üpjünçiligi ýokarlandyrmak boýunça zerur
işler geçirilýär. Ýurdumyzyň eksport mümkinçiligi artdyrylyp, pudaklara sanly
tehnologiýalar giňden ornaşdyrylýar.
Soňra
hormatly Prezidentimiz şu ýylyň ikinji ýarymynda «Awaza» milli syýahatçylyk
zolagynda döwlet Baştutanlarynyň sammitiniň we beýleki halkara ähmiýetli
çäreleriň geçirilmeginiň meýilleşdirilýändigini aýdyp, Merkezi Aziýa
ýurtlarynyň we Azerbaýjan Respublikasynyň döwlet Baştutanlarynyň konsultatiw
duşuşygyny ýokary derejede geçirmäge düýpli taýýarlyk görmegiň wajypdygyny
nygtady. Şu ýyl Türkmenistan Garaşsyz Döwletleriň Arkalaşygynda başlyklyk
edýär. Şunuň bilen baglylykda, hormatly Prezidentimiz Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynyň döwlet Baştutanlarynyň Geňeşiniň nobatdaky mejlisini hem ýokary
derejede geçirmegiň zerurdygyna ünsi çekdi. “Bulardan başga-da, möhüm ähmiýetli
köp sanly halkara çäreler guralar. Şoňa görä-de, meýilleşdirilýän bu çärelere
gowy taýýarlyk görmeli. Şeýle hem döwletimiziň Garaşsyzlyk we Bitaraplyk
baýramlaryny ýokary derejede bellemeli” diýip, Arkadagly Gahryman Serdarymyz
aýtdy.
«Garaşsyz,
baky Bitarap Türkmenistan — bedew batly at-myradyň mekany» ýylynda Garaşsyzlyk
baýramynyň bellenilýän günlerinde Türkmenistanyň Halk Maslahatynyň nobatdaky
mejlisini hem dabaraly ýagdaýda geçireris. Mejlisde berkarar döwletimiziň
ösüşinde gazanylan üstünlikleriň, ýetilen sepgitleriň jemlerini jemläris. Şeýle
hem öňde duran möhüm wezipeleri ara alyp maslahatlaşarys» diýip, döwlet
Baştutanymyz sözüni dowam etdi.
Türkmenistanyň
Halk Maslahaty we Mejlisi ýurdumyzyň Ministrler Kabineti, häkimlikler, degişli
ministrlikler, pudaklaýyn dolandyryş edaralary, jemgyýetçilik birleşikleri
bilen bilelikde Halk Maslahatynyň mejlisini geçirmäge hem düýpli taýýarlyk
görüp başlamalydyr. «Şunuň bilen baglylykda, Türkmenistanyň Halk Maslahaty bu
ýokary wekilçilikli edaranyň nobatdaky mejlisini çagyrmak, geçiriljek senesini
we ýerini kesgitlemek, ony ýokary derejede geçirmek boýunça guramaçylyk
toparyny döretmek we onuň düzümini tassyklamak barada karar kabul etse, maksadalaýyk
bolar diýip hasap edýärin» diýip, hormatly Prezidentimiz sözüniň üstüni
ýetirdi. Bu guramaçylyk topary Garaşsyzlyk ýyllarynda ýurdumyzyň syýasy,
ykdysady we medeni durmuşynda ýokary üstünlikleri gazanan, il içinde uly
abraýdan peýdalanýan raýatlarymyzy döwlet sylaglary bilen sylaglamak, olara
hormatly atlary dakmak üçin hödürlemek hem-de resmileşdirmek boýunça degişli
işleri geçirmäge möhüm ähmiýet bermelidir. Şeýle-de geçiriljek bu guramaçylyk
işleri boýunça Türkmenistanyň Halk Maslahaty hem-de Mejlisi degişli işleri alyp
barmalydyr.
Hormatly
Prezidentimiz çykyşyny tamamlamak bilen, geçen ýarym ýylyň görkezijileriniň
ýurdumyz boýunça, umuman, gowy bolandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz ähli
ministrlikleriň we pudak edaralarynyň ýolbaşçylaryna geçen alty aýda ýerine
ýetirilen işleriň jemleri boýunça 11-nji iýulda maslahatlary geçirmegi
tabşyrdy. Hormatly Prezidentimiz Oba hojalyk toplumynyň ýolbaşçylaryndan hem-de
welaýat häkimlerinden beýleki ýolbaşçylara 1-nji awgustdan başlap dynç almaga
rugsat berýändigini aýdyp, ýolbaşçylaryň ýurdumyzyň şypahanalarynda, «Awaza»
milli syýahatçylyk zolagynda dynç alyp biljekdigini belledi.
Mejlisde
döwlet durmuşyna degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar
boýunça degişli çözgütler kabul edildi.
Hormatly
Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň giňişleýin mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan
işlerinde uly üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov