03.07.2026
Şu
gün hormatly Prezidentimiz Serdar Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly Ministrler
Kabinetiniň nobatdaky mejlisini geçirdi. Onda döwlet durmuşyna degişli birnäçe
meselelere seredildi.
Ilki
bilen, Mejlisiň Başlygy D.Gulmanowa ýurdumyzyň kanunçylygyny kämilleşdirmek
boýunça alnyp barylýan işleriň netijeleri barada maglumat berdi. Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda Mejlisde döwlet syýasatynyň ileri tutulýan ugurlaryna
laýyklykda we halkara tejribeler esasynda gozgalmaýan emläge bolan hukuklaryň
döwlet belligine alynmagy, ýurdumyzyň halkara resminamalara goşulmagyny hukuk
taýdan goldamak bilen baglanyşykly kanun taslamalaryny taýýarlamak,
Türkmenistanyň hereket edýän käbir kodekslerine we kanunlaryna döwrebap
üýtgetmeleri, goşmaçalary girizmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Mejlisiň
wekilleri kanunçykaryjylyk we parlament işinde özara tejribe alyşmak maksady
bilen, Hytaý Halk Respublikasynyň Halk wekilleriniň Ählihytaý ýygnagynyň
hemişelik komiteti tarapyndan guralan okuw maslahatyna, Ýewropada Howpsuzlyk we
Hyzmatdaşlyk Guramasynyň geçiren maslahatyna gatnaşmak üçin HHR-de, Awstriýa
Respublikasynda iş saparlarynda boldular. Şunuň bilen birlikde, milli
parlamentiň wekilleri Birleşen Milletler Guramasynyň Çagalar gaznasynyň,
Ýewropa Bileleşiginiň Türkmenistandaky wekilhanalarynyň ýurdumyzyň degişli
döwlet edaralary bilen bilelikde dürli ugurlarda hyzmatdaşlyk gatnaşyklaryny
mundan beýläk-de ösdürmek boýunça geçiren duşuşyklaryna, okuw maslahatlaryna
gatnaşdylar.
Hormatly
Prezidentimiz ýurdumyzyň hukuk binýadyny berkitmek, kanunçylyk işini
kämilleşdirmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegiň möhümdigini
belledi.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary H.Geldimyradow ýurdumyzyň milli
ykdysadyýetini hem-de býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda milli we
döwlet maksatnamalary üstünlikli durmuşa geçirilip, Türkmenistany
senagat-innowasion taýdan ösdürmäge gönükdirilen özgertmeler dowam etdirilýär,
makroykdysady durnuklylyk üpjün edilýär, ilatyň ýaşaýyş-durmuş derejesi
yzygiderli ýokarlandyrylýar. Milli ykdysadyýetimizi depginli ösdürmäge we
diwersifikasiýalaşdyrmaga, önümçilikleri innowasion esasda ýola goýmaga uly
möçberde maýa goýumlar gönükdirilip, döwrebap önümçilik, durmuş maksatly
binalardyr desgalar gurlup ulanmaga berilýär hem-de täze iş orunlary
döredilýär. Şeýle-de ýurdumyzyň býujet-salgyt ulgamyny kämilleşdirmek boýunça
zerur işler durmuşa geçirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, milli ykdysadyýeti ösdürmek we býujet-salgyt
ulgamyny kämilleşdirmek bilen bagly işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de
wise-premýere ykdysadyýetiň durnukly ösüşini üpjün etmek boýunça işleri dowam
etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary G.Agajanow nebitgaz toplumynyň işini
kämilleşdirmek boýunça görülýän çäreler barada hasabat berdi. Nygtalyşy ýaly,
häzirki wagtda ýangyç-energetika pudagynyň maddy-enjamlaýyn binýadyny
yzygiderli pugtalandyrmak, onuň garamagyndaky önümçilikleri zerur serişdeler
bilen bökdençsiz üpjün etmek ugrunda degişli işler ýerine ýetirilýär. Bu
işleriň üstünlikli durmuşa geçirilmegi önümçilik desgalaryny döwrebap enjamlar
bilen üpjün etmäge, önümçilik tapgyrlaryny kämilleşdirmäge mümkinçilik berýär.
Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli
teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda nebitgaz toplumyny ösdürmek we onuň
maddy-enjamlaýyn binýadyny berkitmek boýunça işleriň alnyp barylýandygyny
belledi hem-de nebitgaz toplumynyň işini kämilleşdirmek maksady bilen
taýýarlanylan teklibi goldap, bu ugurda degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew oba hojalyk pudagynda we
welaýatlarda möwsümleýin işleriň alnyp barlyşy barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen galla hasylyny ýygnap almak işleri tamamlaýjy
tapgyrda alnyp barylýar. Şeýle hem ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş
nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak işleri geçirilýär. Ýurdumyzda
geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, ýerleri ekiş möwsümine
taýýarlamak maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm işlerini
geçirmek, bugdaý ekişi möwsüminde işlediljek oba hojalyk tehnikalaryny,
gurallary, däne ekijileri hem-de ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme
taýýarlamak babatda degişli işler amala aşyrylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda
ideg işleri dowam edýär. Hususan-da, gowaça meýdanlarynda hatarara bejergi,
mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri geçirilýär.
Daşoguz we Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg işleri dowam
edýär. Mary welaýatynda güýzlük gant şugundyryny ekmek, gögeriş suwuny tutmak,
gögeriş alnan meýdanlarda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg etmek
işleri alnyp barylýar. Şeýle hem welaýatlaryň ekerançylyk meýdanlarynyň suw
üpjünçiligini we ýerleriň melioratiw ýagdaýyny gowulandyrmak, suw serişdelerini
tygşytly peýdalanmak maksady bilen, suw howdanlaryna suw toplamak, suwaryş, şor
suw akabalaryny arassalamak işleri geçirilýär.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň oba hojalyk pudagyny toplumlaýyn
ösdürmegi dowam etdirmegiň, galla oragyny guramaçylykly geçirmek, ýygnalan
hasyly kabul ediş bölümlerine tabşyrmak işlerine berk gözegçilik etmegiň
wajypdygyny nygtady. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere gowaça ekilen
meýdanlarda agrotehniki kadalar esasynda ideg etmek işini dowam etdirmegi
tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annamämmedow “Türkmenhimiýa” döwlet
konserniniň garamagyndaky kärhanalaryň, hususan-da, Balkanabat ýod zawodynyň
önümçiligini artdyrmak boýunça ýerine ýetirilýän işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýerli çig mal serişdelerinden rejeli we
netijeli peýdalanmagyň hasabyna ýurdumyzyň himiýa senagatyny diwersifikasiýa
ýoly bilen ösdürmek üçin innowasion tehnologiýalara esaslanýan täze himiýa
kärhanalary gurlup ulanmaga berilýär. Täze önümçilikleri ýola goýmak boýunça
zerur işler durmuşa geçirilýär. Şunda daşary ýurt kompaniýalary bilen
hyzmatdaşlyga möhüm ähmiýet berilýär. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer
döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, himiýa senagatyny ösdürmek, eksporta niýetlenen
önümçilikleri ýola goýmak boýunça işleriň alnyp barylýandygyny belledi hem-de
Balkanabat ýod zawodynda täze, döwrebap önümçiligi ýola goýmak babatda
taýýarlanylan teklibi goldap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary N.Atagulyýew Türkmen-täjik işewürler
geňeşiniň mejlisine görülýän taýýarlyk barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly,
geňeşiň Duşenbe şäherinde geçiriljek ikinji mejlisine taýýarlyk görmegiň
çäklerinde zerur işler alnyp barylýar. Işewürler geňeşiniň esasy maksady
Türkmenistan bilen Täjigistanyň arasyndaky özara bähbitli söwda-ykdysady
hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de ösdürmekden ybaratdyr. Mejlise ýurdumyzyň
ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň wekilleriniň,
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, Senagatçylar we telekeçiler
birleşmesiniň agzalarynyň gatnaşmagy göz öňünde tutulýar. Şunuň bilen
baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň garamagyna degişli teklibi
hödürledi.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzyň daşary ýurtlar bilen söwda-ykdysady
gatnaşyklaryny yzygiderli ösdürýändigini aýtdy. Döwlet Baştutanymyz
wise-premýere Türkmen-täjik işewürler geňeşiniň mejlisini guramak boýunça
degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Seýidowa medeni mirasymyzy öwrenmek,
taryhy-medeni ýadygärlikleri dikeltmek, olary ýaşlaryň arasynda giňden wagyz
etmek boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, degişli maksatnama laýyklykda, şu ýylyň ýaz möwsüminde Türkmenistanyň
Taryhy we medeni ýadygärlikleri goramak, öwrenmek hem-de rejelemek baradaky
milli müdirligi tarapyndan ýurdumyzyň taryhy-medeni ýadygärliklerinde
ylmy-barlag we rejeleýiş işleriniň nobatdaky tapgyry amala aşyryldy. Şunuň
bilen bir hatarda, häzirki zaman tehnologiýalary arkaly daşary ýurtly alymlar
bilen bilelikde Diýarymyzyň taryhy ýadygärlikleriniň sanly binýadyny düzmek
boýunça degişli işleriň alnyp barylýandygy aýdyldy.
Ýaşlaryň
arasynda taryhy ýadygärlikleri wagyz etmek boýunça işleriň çäklerinde Balkan
welaýatynda geçirilen Medeniýet hepdeliginiň dowamynda arheologlar tarapyndan
ýüze çykarylan orta asyr metjidiniň binagärlik bezeglerini öwrenmäge bagyşlanan
ýörite okuw maslahaty geçirildi. Şeýle hem «Gadymy Dehistan» döwlet
taryhy-medeni goraghanasynda meýdan şertlerindäki ylmy-usulyýet okuw maslahaty
guraldy.
Hormatly
Prezidentimiz hasabaty diňläp, ýurdumyzda baý medeni mirasymyzy giňden
öwrenmäge, gorap saklamaga, dikeltmäge we wagyz etmäge möhüm ähmiýet
berilýändigini belledi. Döwlet Baştutanymyz wise-premýere taryhy-medeni
ýadygärlikleri dikeltmek, ýaşlaryň arasynda medeni mirasymyzy giňden wagyz
etmek boýunça alnyp barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Mämmedow ýurdumyzyň şypahanalarynda dynç
alşy guramak boýunça alnyp barylýan işler barada hasabat berdi.
Bellenilişi
ýaly, Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlary bilen döredilen şypahanalarda tebigy
baýlyklarymyz bejeriş işinde giňden ulanylyp, öňdebaryjy tejribeler
ornaşdyrylýar hem-de şypahana hyzmatynyň hili we elýeterliligi
ýokarlandyrylýar. Hormatly Prezidentimiziň hemaýat-goldawlary esasynda
şypahanalaryň maddy-enjamlaýyn binýady Bütindünýä Saglygy Goraýyş Guramasynyň talaplaryna
laýyklykda has-da berkidilýär. Şunuň bilen bir hatarda, welaýatlarda, Aşgabat
we Arkadag şäherlerinde, etrap merkezlerinde, şäherçelerde, oba ýerlerinde
döwrebap, häzirki zaman saglygy goraýyş edaralary gurulýar, ozaldan hereket
edýänleri döwrebaplaşdyrylyp, halkymyzyň hyzmatyna berilýär. Ýokary hilli
innowasion lukmançylyk enjamlary bilen üpjün edilen şypahanalarda toplumlaýyn
saglygy dikeldiş-bejeriş usullary ulanylýar, ýurdumyzyň ilatyna we daşary ýurt
raýatlaryna ýöriteleşdirilen şypahana hyzmatlary ýerine ýetirilýär.
Döwlet
Baştutanymyz hasabaty diňläp, Diýarymyzyň häzirki zaman şypahanalarynda
halkymyzyň döwrebap dynç almagy, saglygyny berkitmegi üçin ähli şertleriň
döredilýändigini aýtdy we wise-premýere raýatlarymyzyň saglygyny goramak hem-de
berkitmek maksady bilen, şypahana hyzmatlaryny kämilleşdirmek boýunça alnyp
barylýan işleri dowam etdirmegi tabşyrdy.
Soňra
Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary B.Annaýew “Sanly çözgüt — 2026”
atly innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek boýunça alnyp barylýan
işler barada hasabat berdi.
Nygtalyşy
ýaly, bu bäsleşigiň maksady ýurdumyzda programma üpjünçiligini işläp düzýän we
innowasion oýlap tapyşlar bilen meşgullanýan ýaşlary ýüze çykarmakdan
ybaratdyr. Şu gezekki bäsleşik emeli aň, robototehnika we awtomatizasiýa, sanly
lukmançylyk, bilim we elektron okuw, “akylly” şäherler, “akylly” oba hojalyk
tehnologiýalary, hyzmatlar ulgamy ugurlary boýunça geçiriler. Onuň netijeleri “Türkmentel — 2026” atly halkara
serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde jemlener. Bäsleşige gatnaşan taslamalary
ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ornaşdyrmak boýunça işlerde ulanmak we milli
ykdysadyýetimiziň dürli pudaklarynda önümçilige ornaşdyrmak boýunça degişli
işler geçiriler. Şunuň bilen baglylykda, wise-premýer döwlet Baştutanymyzyň
garamagyna degişli teklibi hödürledi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, ýurdumyzda sanly ykdysadyýeti ösdürmek boýunça maksatnamalaýyn
işleriň amala aşyrylýandygyny, ýaşlarymyzyň bu ugurda geçirilýän innowasion
taslamalaryň bäsleşigine işjeň gatnaşýandygyny belledi. Döwlet Baştutanymyz
«Sanly çözgüt — 2026» innowasion taslamalaryň bäsleşigini yglan etmek baradaky
teklibi makullap, wise-premýere degişli işleri geçirmegi tabşyrdy.
Mejlisde döwlet durmuşyna
degişli başga-da birnäçe möhüm meselelere seredildi we olar boýunça degişli
çözgütler kabul edildi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň sanly ulgam arkaly geçirilen mejlisini
jemläp, oňa gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, berkarar
Watanymyzyň gülläp ösmegi ugrunda alyp barýan işlerinde uly üstünlikleri arzuw
etdi.
tdh.gov