06.07.2026
Şu gün hormatly Prezidentimiz
Serdar Berdimuhamedow Ministrler Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary
T.Atahallyýewiň hem-de welaýatlaryň häkimleriniň gatnaşmagynda sanly ulgam
arkaly iş maslahatyny geçirdi. Onda ýurdumyzyň oba hojalyk toplumynda we
sebitlerde alnyp barylýan işler bilen baglanyşykly meselelere garaldy.
Ilki bilen, Ahal welaýatynyň
häkimi T.Nurmyradow welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada
hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde ýygnalan bugdaý
hasylyny galla kabul ediş nokatlaryndan ammarlara we elewatorlara daşamak,
geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk görmegiň çäklerinde galla
oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý tohumyny möwsüme taýýarlamak işleri
alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler
bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Şunda oba hojalyk
tehnikalaryndan netijeli peýdalanylýar. Welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda
ýetişdirilen gök-bakja ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, olary ilata ýetirmek
babatda-da degişli çäreler görülýär. Şeýle hem häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady
taýdan ösdürmäge gönükdirilen maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl welaýatda
açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän medeni-durmuş, önümçilik maksatly
desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, meýdanlarda galan galla hasylyny soňky dänesine çenli ýygnap
almak, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, gowaça ideg etmek
işleriniň talabalaýyk ýerine ýetirilmegini üpjün etmegi tabşyrdy. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalaryň çäklerinde welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde
saklamagy tabşyrdy.
Balkan welaýatynyň häkimi
H.Aşyrmyradow welaýatda dowam edýän oba hojalyk işleri barada hasabat berdi.
Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine
çenli ýygnap almak, ýygnalan hasyly elewatorlara, ammarlara daşamak işleri
ýerine ýetirilýär. Şeýle hem ýerleri indiki ekiş möwsümine taýýarlamak maksady
bilen, galla oragyndan boşan meýdanlary sürmek, bugdaý tohumyny möwsüme taýýar
etmek boýunça zerur çäreler görülýär. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara
bejergi, ösüş suwuny tutmak, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri dowam
edýär. Ýurdumyzda azyk bolçulygyny has-da pugtalandyrmak boýunça öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, welaýatda ýeralmanyň, beýleki gök-bakja ekinleriniň
ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak we bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy
üpjün etmek üçin degişli işler ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim Oba milli
maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi
meýilleşdirilýän desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin işlere ünsi çekdi
hem-de daýhan yhlasy bilen ýetişdirilen hasyly soňky dänesine çenli ýygnap
almagyň, gowaça ideg işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda
geçirilmeginiň zerurdygyny belledi we birnäçe tabşyryklary berdi. Döwlet
Baştutanymyz ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan ösdürmäge gönükdirilen
maksatnamalara laýyklykda welaýatda alnyp barylýan işleri gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Soňra Daşoguz welaýatynyň
häkimi D.Babaýewe söz berildi. Ol, ilki bilen, welaýatyň gallaçy
babadaýhanlarynyň Watan harmanyna bugdaý hasylyny tabşyrmak baradaky
şertnamalaýyn borçnamany üstünlikli ýerine ýetirendikleri baradaky hoş habary
aýtdy hem-de öndürijilikli zähmet çekmäge döredilýän şertler üçin hormatly
Prezidentimize we Gahryman Arkadagymyza welaýatyň ýaşaýjylarynyň adyndan
hoşallyk bildirdi.
Soňra häkim welaýatdaky
möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki
wagtda sebitde galla oragy tamamlaýjy tapgyrda dowam edip, ýetişdirilen hasyly
soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak üçin zerur çäreler görülýär. Geljek
ýylyň hasylynyň düýbüni tutmaga taýýarlyk görmek maksady bilen, galla oragyndan
boşan meýdanlarda sürüm işleri ýerine ýetirilýär. Gowaça ekilen meýdanlarda
hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak
işleri utgaşykly alnyp barylýar. Welaýatda ýazlyk ýeralmanyň, gök-bakja
ekinleriniň hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki bazarlarymyzy üpjün
etmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şaly ekilen meýdanlarda agrotehnikanyň
kadalaryna laýyklykda ideg etmek, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek işleri
alnyp barylýar. Şeýle hem häkim Oba milli maksatnamasyna laýyklykda, şu ýyl
welaýatda açylyp ulanmaga berilmegi göz öňünde tutulýan medeni-durmuş,
önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, welaýatyň zähmetsöýer gallaçylarynyň şertnamalaýyn
borçnamalaryny üstünlikli ýerine ýetirendiklerini belledi hem-de gallaçylary bu
zähmet üstünligi bilen gutlap, mundan beýläk-de uly üstünlikleri arzuw etdi.
Döwlet Baştutanymyz bugdaý meýdanlarynda galan hasyly soňky dänesine çenli
ýygnap almagyň, geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, gowaça ideg etmek
işleriniň agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ýerine ýetirilmeginiň
zerurdygyny belledi hem-de häkime degişli görkezmeleri berdi.
Lebap welaýatynyň häkimi
D.Genjiýew welaýatda dowam edýän möwsümleýin oba hojalyk işleri barada hasabat
berdi. Hasabatda aýdylyşy ýaly, sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul
ediş nokatlaryndan elewatorlara, ammarlara daşamak boýunça degişli işler alnyp
barylýar. Geljek ýylyň hasylynyň düýbüni tutmak maksady bilen, galla oragyndan
boşan meýdanlary sürmek, bugdaý tohumyny taýýarlamak işleri ýerine ýetirilýär.
Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen
iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri dowam edýär. Ilatymyzy ýurdumyzda
öndürilýän azyk önümleri bilen bolelin üpjün etmek babatda öňde goýlan
wezipelerden ugur alnyp, welaýatda gök-bakja ekinleri ekilen meýdanlarda ideg
etmek işleri bilen bir hatarda, ýetişdirilen hasyly ýygnap almak, sowadyjy
ammarlarda saklamak, ilata ýetirmek boýunça-da zerur çäreler görülýär.
Welaýatyň şaly ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna laýyklykda ideg
işleri ýerine ýetirilýär. Şeýle-de häkim ýurdumyzy durmuş-ykdysady taýdan
ösdürmek boýunça maksatnamalara laýyklykda, şu ýyl açylyp ulanmaga berilmegi
göz öňünde tutulýan medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk
işleriniň barşy barada hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, möwsümleýin oba hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ünsi çekdi
we welaýatda bu ugurda alnyp barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy
tabşyrdy.
Mary welaýatynyň häkimi
D.Annaberdiýew welaýatda möwsümleýin oba hojalyk işleriniň barşy barada hasabat
berdi. Bellenilişi ýaly, häzirki wagtda sebitde ýygnalan bugdaý hasylyny galla
kabul ediş nokatlaryndan elewatorlara we ammarlara daşamak, galla oragyndan
boşan meýdanlary sürmek, geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý tohumyny taýýarlamak
işleri alnyp barylýar. Gowaça ekilen meýdanlarda hatarara bejergi, mineral
dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny tutmak işleri ýerine ýetirilýär.
Ekerançylyk meýdanlarynda gök-bakja ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap
almak, bu önümleri ilata ýetirmek boýunça degişli işler geçirilýär. Şunuň bilen
birlikde, welaýatda gant şugundyrynyň ekişi dowam edip, ekiş geçirilen
meýdanlarda gögeriş suwy tutulýar. Şeýle-de häkim Oba milli maksatnamasyna
laýyklykda, şu ýyl sebitde açylyp ulanmaga berilmegi meýilleşdirilýän
medeni-durmuş, önümçilik maksatly desgalardaky gurluşyk işleriniň barşy barada
hasabat berdi.
Hormatly Prezidentimiz hasabaty
diňläp, häzirki wagtda oba hojalygynda jogapkärli möwsümiň dowam edýändigini
belledi we welaýatyň ekerançylyk meýdanlarynda alnyp barylýan agrotehniki
çäreleri berk gözegçilikde saklamagy tabşyrdy.
Soňra Ministrler Kabinetiniň
Başlygynyň orunbasary T.Atahallyýew ýurdumyzyň oba hojalygynda dowam edýän
möwsümleýin işler barada hasabat berdi. Bellenilişi ýaly, şu günler oba hojalyk
işleriniň çäklerinde ýygnalan bugdaý hasylyny galla kabul ediş kärhanalaryndan
ammarlara, elewatorlara daşamak hem-de talabalaýyk saklamak boýunça degişli
işler ýerine ýetirilýär. Geljek ýylyň hasyly üçin bugdaý ekişine taýýarlyk
görmek maksady bilen, galla oragyndan boşan meýdanlarda sürüm, tekizleýiş
işleri geçirilýär. Ekişde ulanyljak oba hojalyk tehnikalaryny, önüm öndürijiler
üçin ýokary hilli bugdaý tohumyny möwsüme taýýar etmek ugrunda zerur çäreler
görülýär. Welaýatlaryň gowaça ekilen meýdanlarynda agrotehnikanyň kadalaryna
laýyklykda hatarara bejergi, mineral dökünler bilen iýmitlendirmek, ösüş suwuny
tutmak işleri utgaşykly dowam etdirilýär. Sebitlerde gök-bakja we beýleki oba
hojalyk ekinleriniň ýetişdirilen hasylyny ýygnap almak, bu önümler bilen içerki
bazarlarymyzy bolelin üpjün etmek boýunça degişli işler alnyp barylýar.
Daşoguz, Lebap welaýatlarynyň şaly ekilen meýdanlarynda ideg etmek işleri, Mary
welaýatynda bolsa gant şugundyry ekilen meýdanlarda gögeriş suwuny tutmak,
gögeriş alnan ýerlerde ideg etmek işleri ýerine ýetirilýär.
Hormatly Prezidentimiz
hasabaty diňläp, galla oragynyň tamamlaýjy tapgyrda dowam edýändigini aýtdy
hem-de ýetişdirilen bugdaý hasylyny soňky dänesine çenli ýitgisiz ýygnap almak,
geljek ýylyň bugdaý hasylynyň düýbüni tutmak, gowaça ideg etmek boýunça alnyp
barylýan işleri berk gözegçilikde saklamagy wise-premýere tabşyrdy.
Soňra döwlet Baştutanymyz iş
maslahatyna gatnaşyjylara ýüzlenip, häzirki wagtda dowam edýän möwsümleýin oba
hojalyk işleriniň möhüm ähmiýetine ýene-de bir gezek ünsi çekdi hem-de öňde
durýan wezipeleri üstünlikli ýerine ýetirmek üçin toplumlaýyn çemeleşmäniň
zerurdygyny belledi.
Hormatly Prezidentimiz Serdar
Berdimuhamedow sanly ulgam arkaly geçirilen iş maslahatyny jemläp, oňa
gatnaşanlara berk jan saglyk, maşgala abadançylygyny, alyp barýan işlerinde uly
üstünlikleri arzuw etdi.
tdh.gov