Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň sergi zalynda Türkiýe Respublikasynyň eksport harytlarynyň sergisi dowam edýär.
Köpugurly sergide türk önüm öndürijileri tarapyndan eksport edilýän ýokary hilli harytlaryň giň toplumy görkezilýär. Ýöriteleşdirilen sergi köp ýyllardan bäri türk öndürijileri tarapyndan öndürilýän önümleriň giň ugurlaryny açyp görkezmek, öňdebaryjy işläp taýýarlamalary we tehnologiýalary alyşmak üçin netijeli meýdança boldy.
Dostlukly ýurrtlaryň gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen eksport harytlarynyň sergisi ösüş mümkinçiliklerini we işewürlik hyzmatdaşlygyny giňeltmegi maksat edinýär. Türkiýe Respublikasy Türkmenistanyň iň iri söwda-ykdysady hyzmatdaşlarynyň biridir. Munuň şeýledigine ozal ýerine ýetirilen we häzirki wagtda durmuşa geçirilýän bilelikdäki taslamalar şaýatlyk edýär.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.