25.09.2026
2026-njy ýylyň 1-2-nji
oktýabrynda Aşgabat şäherinde Türkmenistanyň maýa goýum forumy – TIF 2026
geçiriler. Türkmenistanyň Maliýe we ykdysadyýet ministrliginiň hem-de
Türkmenistanyň Daşary işler ministrliginiň “Türkmen Kongres” hojalyk jemgyýeti
bilen hyzmatdaşlykda guraýan halkara forumy maýa goýum we işewür hyzmatdaşlygyň
täze ugurlaryny ara alyp maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolar.
Türkmenistanyň
Garaşsyzlygynyň şanly 35 ýyllygy bellenilýän ýylda geçiriljek forum daşary ýurt
maýa goýumlaryny çekmek, halkara işewür gatnaşyklaryny ösdürmek we ýurdumyzyň
ykdysady mümkinçiliklerini dünýä jemgyýetçiligine giňden tanyşdyrmak babatda
aýratyn ähmiýete eýedir.
TIF
2026-nyň çäklerinde maýadarlar, maliýe institutlarynyň, iri kompaniýalaryň we
işewür toparlaryň wekilleri bilen göni gepleşikler geçirilip, Türkmenistanyň
dürli pudaklaryndaky maýa goýum taslamalary we hyzmatdaşlygyň täze
mümkinçilikleri hödürlener.
Forum
Türkmenistanyň eksport mümkinçiliklerini giňeltmäge, täze hyzmatdaşlygy ýola
goýmaga we maýa goýum gatnaşyklaryny ösdürmäge gönükdirilen möhüm halkara
işewürlik meýdançasydyr.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.