2024-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda ýurdumyzda saparda bolýan Hytaý-Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasynyň ýerli ykdysady we söwda hyzmatdaşlyk görkeziş zolagynyň dolandyryş komitetiniň wekiliýeti bilen duşuşyklar geçirildi. Duşuşyklara guramanyň degişli komitetiniň ýolbaşçylary, Hytaýyň Şandun sebitiniň kompaniýalarynyň, şeýle hem Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň, ýurdumyzyň ulag-kommunikasiýa, hususy düzümleriniň wekilleri gatnaşdylar.
Duşuşyklarda ýurdumyzyň döwlet we hususy edara-kärhanalary bilen Hytaýyň demir ýol, biotehnologiýalar, oba hojalyk önümleri, elektrik enjamlary hem-de söwda kompaniýalarynyň özara bähbitli hyzmatdaşlygyny ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşyldy. Şanhaý Hyzmatdaşlyk Guramasyna agza döwletler bilen söwda, ulag-logistika gatnaşyklaryny işjeňleşdirmek duşuşyklaryň aýratyn mazmunyny düzdi. Şunuň bilen baglylykda, gadymy Beýik Ýüpek ýoluny dikeltmek arkaly sebit we ählumumy ösüşi goldamakda ulag-aragatnaşyk ulgamynyň ägirt uly mümkinçilikleriniň bardygy bellenildi.
Özara işewürlik duşuşyklarynda iki ýurduň degişli döwlet we hususy edara-kärhanalarynyň wekilleri özara bähbitli hyzmatdaşlygy giň ugurlarda ösdürmek üçin bar bolan mümkinçilikleri bilen tanyşdyrdylar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.