05.10.2026
2026-njy ýylyň 10-12-nji oktýabry
aralygynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Saglygy goraýyş, bilim we
sport – Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi
we ylmy maslahaty geçiriler.
Möhüm
halkara ähmiýetli bu çäre degişli ugurlarda gazanylan üstünlikleri, döwebap
ösüşleri we täzeçil tejribeleri giňden tanyşdyrmak bilen bir hatarda, daşary
ýurtly hyzmatdaşlar bilen netijeli gatnaşyklary ösdürmek üçin möhüm meýdança
öwrüler.
Halkara
serginiň we ylmy maslahatyň çäklerinde saglygy goraýyş, bilim we sport
ulgamlarynda häzirki zaman tehnologiýalaryny, innowasion çözgütleri hem-de
öňdebaryjy tejribeleri ara alyp maslahatlaşmak, özara tejribe alyşmak we
geljekki hyzmatdaşlygyň täze ugurlaryny kesgitlemek göz öňünde tutulýar.
Bu
halkara forum Türkmenistanyň durmuş ulgamlaryny döwrebaplaşdyrmak, halkara
hyzmatdaşlygy pugtalandyrmak hem-de täze mümkinçil;ikleri açmak babatda alnyp
barylýan giň gerimli işleriň aýdyň beýany bolar.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.