2024-nji ýylyň 28-nji iýunynda Türkmenistanyň Söwda senagat edarasynda ýurdumyzda iş saparynda bolýan Russiýa Federasiýasynyň «Ulýanowsk oblastynyň Telekeçiligi goldamak we hyzmat bermek boýunça sebitleýin merkeziniň» işewürlik wekiliýetiniň agzalary bilen duşuşyklar geçirildi. Işewürlik duşuşyklaryna ýurdumyzyň birnäçe döwlet we hususy düzümleriniň, Russiýanyň Ulýanowsk oblastynyň kompaniýalarynyň, telekeçiligi hem-de eksport işini goldamak boýunça guramalarynyň wekilleri gatnaşdylar.
Gatnaşyjylar ähli gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar, şol sanda Russiýa Federasiýasy we onuň sebitleri bilen özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary syýasatynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigini bellediler. Soňky ýyllarda Türkmenistanyň we Russiýa Federasiýasynyň sebitleriniň arasynda söwda-ykdysady, işewürlik gatnaşyklar hususy önüm öndürijileriň işjeň tagallalary netijesinde yzygiderli giňeldilýär.
Iki ýurduň işewür toparlary duşuşyklarda hususan-da hojalyk harytlarynyň, awtoşaýlaryň, mebelleriň önümçiligi, ammarlaryň enjamlaşdyrylyşy, azyk hem-de oba hojalyk önümleriň eksporty ýaly ugurlarda özara bähbitli söwda gatnaşyklaryň mümkinçiliklerini ara alyp maslahatlaşdylar. Geljegi uly ulag-üstaşyr kuwwatlyklaryny netijeli ulanmak arkaly logistika pudagynda hyzmatdaşlygy giňeltmäge hem üns berildi.
Işewür duşuşyklaryň barşynda oňa gatnaşyjylar Türkmenistanyň we Russiýanyň Ulýanowsk oblastynyň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmek maksady bilen bar bolan mümkinçilikleri netijeli ulanmak üçin özara işewür saparlary guramak işini dowam etmegiň möhümdigini bellediler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.