Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81
Habarlaşmak
|
Dil saýlaň
Türkmenistanyň Senagatçylar we telekeçiler birleşmesiniň Mejlisler zalynda ýurdumyzyň Söwda toplumynyň işgärleriniň gatnaşmagynda «Gahryman Arkadagymyzyň döwletlilik taglymaty we Arkadagly Serdarymyzyň ýoly bilen ynamly öňe, öňe diňe öňe, jan Watanym Türkmenistan» atly dabaraly maslahat geçirildi.
Bu dabaraly çäre 2023-nji ýylyň 1-nji sentýabrynda Gahryman Arkadagymyzyň Arkadag şäheriniň Ruhyýet köşgünde Bilimler we talyp ýaşlar güni mynasybetli geçiren umumy sapagynyň taryhy-syýasy ähmiýetini ýurdumyzyň Söwda toplumynyň agzybir işgärleriniň arasynda wagyz-nesihat etmäge bagyşlandy.
Dabaraly maslahatda türkmen halkynyň nurana ertirleriniň eýeleri bolan şu günki nesillerimiziň döwrebap bilimli, Watanymyza wepaly, ata-babalarymyzyň mizemez ruhuna mynasyp gözel ahlakly, edep-terbiýeli bolup ýetişmekleri ugrunda Gahryman Arkadagymyzyň, hormatly Prezidentimiz ─ Arkadagly Serdarymyzyň alyp barýan mukaddes işleri üçin alkyşlar aýdyldy. Dabaranyň ahyrynda Gahryman Arkadagymyza, Arkadagly Serdarymyza maslahata gatnaşyjylar tarapyndan Ýüzlenme kabul edildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.