 
                                 12.01.2024
                        12.01.2024
                     
                                      
                                                             
                                        2024-nji ýylyň 12-nji  ýanwarynda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynda «Türkmenistanda öndürilen» milli haryt nyşanynyň
şekilini saýlap almak baradaky geçirilen bäsleşik boýunça gelip gowşan
teklipleri jemlemek  hem-de «Türkmenistanda
öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasyna gaýtadan
seretmek boýunça Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagy geçirildi.
Ýygnagyň dowamynda Pudagara iş toparynyň agzalary tarapyndan «Türkmenistanda
öndürilen» milli haryt nyşanynyň şekilini saýlap almak baradaky geçirilen
bäsleşik boýunça hödürlenen 172 sany 
nyşanyň şekillerinden 5 sanysy saýlanyp alyndy we olary Türkmenistanyň
Ministrler Kabinetine hödürlemeli diýen netijä gelindi.
Şeýle hem Pudagara iş toparynyň agzalarynyň nobatdaky ýygnagynda «Türkmenistanda
öndürilen» milli haryt nyşany hakyndaky» Düzgünnamanyň taslamasy boýunça gelip
gowşan teklipler ara alnyp maslahatlaşyldy hem-de olary  Düzgünnamanyň taslamasyna girizmek barada
ylalaşyldy.
Türkmenistanyň Söwda-senagat
edarasynyň
  Metbugat gullugy.