2024-nji ýylyň 2-nji iýulynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň ýolbaşçysy bilen Nikaragua Respublikasynyň ýurdumyzdaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Daniela Garsia Silwanyň arasynda duşuşyk geçirildi. Onda iki ýurduň arasynda söwda-ykdysady gatnaşyklary ilerletmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.
Duşuşygyň dowamynda gyzyklanma bildirýän hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli söwda gatnaşyklary ösdürmegiň Türkmenistanyň daşary strategiýasynyň ileri tutulýan ugurlarynyň biridigi bellenildi. Şunda okgunly ösüş ýoluna düşen ýurdumyzyň baý mümkinçilikleri barada ilçä giňişleýin gürrüň berildi. Hormatly Prezidentimiziň milli ykdysadyýetimiziň kuwwatyny artdyrmaga, halkymyzyň ýaşaýyş derejesini yzygiderli ösdürmäge gönükdirilen durmuş-ykdysady maksatnamalaryna aýratyn üns çekildi.
Taraplar döwletara hyzmatdaşlygyň möhüm şerti bolan söwda-ykdysady gatnaşyklary ösdürmek üçin özara tagallalary durmuşa geçirmegi dowam etmegiň möhümdigini bellediler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.