Jemgyýetiň durmuşy islendik ýagdaýda gönüden-göni daşky gurşaw, tebigat bilen baglanyşýar. Biziň daş-töweregimizi gurşap alan tebigat biziň öýümizdir. Şol sebäpden hem onuň her bir bölegini goramak, onuň gadyr-gymmatyna düşünmek we geljekki nesillere aýawly ýagdaýda ýetirmek ýer ýüzünde ýaşaýan ähli adamlaryň esasy borçlarynyň biridir. Daşky gurşawyň bitewi bolşy ýaly ony goramak we aýawly saklamak meselesi hem bütindünýä häsiýetine eýedir. Häzirki wagtda dünýä jemgyýetçiligi tarapyndan bu ugurda ençeme maksatnamalaýyn işler durmuşa geçirilýär.
Gahryman Arkadagymyzyň başlangyçlaryny mynasyp dowam etdirýän hormatly Prezidentimiz ýurdumyzyň alyp barýan syýasatynyň esasy ugurlarynyň birine öwürdi. Bu babatda Türkmenistan dünýä möçberinde orta atylýan teklipleri goldap, oňyn başlangyçlary öňe sürýär. Ýurdumyzda ýylda iki möwsümde bag nahallarynyň oturdylyp, tokaý zolaklarynyň döredilmegi hem bu aýdylanlaryň iň ýönekeý mysalydyr.
Türkmenistanyň 2023-nji ýylyň 2-nji oktýabryndan 2024-nji ýylyň 28-nji marty aralygynda Kataryň paýtagty Doha şäherinde «Daşky gurşawyň hatyrasyna ýaşyl tebigat» diýen şygar bilen geçiriljek «EKSPO — 2023 Doha» halkara sergisine gatnaşjakdygy baradaky habar hem daşky gurşawyň goralmagyna we tebigy serişdeleriň rejeli peýdalanylmagyna döwlet gözegçiliginiň ýokary derejedediginiň aýdyň subutnamasydyr. Häzirki wagtda ýurdumyzda bu halkara sergä ýokary depginde taýýarlyk görülýär. Resminama esasynda «EKSPO-2023» halkara sergisine gatnaşmak üçin Türkmenistanyň milli pawilýonynyň taslamasyny düzmek we ony ulanmaga doly taýýar edip gurmak hem-de beýleki degişli işleri ýerine ýetirmek barada Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasyna Edaranyň «Söwda öýi» kärhanasy bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi.
«EKSPO ─ 2023 Doha» halkara sergisi Katarda, şol sanda Ýakyn Gündogarda we Demirgazyk Afrikada geçiriljek ýaşyl dünýäni gorap saklamaga bagyşlanan bütindünýä çäre bolup, Türkmenistanyň bu sergä gatnaşmagy haýýyrly işleriň rowaçlanýan merkezi bolan mermer paýtagtymyzdan başlanýan ýaşyl ýollaryň dünýäniň her bir künjegini pugta birleşdirjekdigini alamatlandyrýar.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
metbugat gullugy