Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Halkara sergi we ylmy maslahat üstünlikli tamamlandy

12.10.2026
30

       2026-njy ýylyň 12-nji oktýabrynda Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahat öz işini üstünlikli tamamlady.

         Halkara ähmiýetli çäräniň dowamynda ýurdumyzyň saglygy goraýyş, bilim we sport ulgamlarynda gazanylan üstünlikler, döwrebap tehnologiýalar hem-de innowasion ösüşler giňden tanyşdyryldy. Şeýle-de daşary ýurtly gatnaşyjylar bilen tejribe alşylyp, özara bähbitli hyzmatdaşlygy ösdürmegiň mümkinçilikleri ara alnyp maslahatlaşyldy.

         Çäräniň jemleýji gününde Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowa Türkmenistanyň Saglygy goraýyş we derman senagaty işgärleriniň güni mynasybetli geçirilen “Saglygy goraýyş, bilim we sport Berkarar döwletiň täze eýýamynyň Galkynyşy döwründe” atly halkara sergi we ylmy maslahata gatnaşyjylaryň Ýüzlenmesi okaldy. Bu halkara sergi we ylmy maslahat degişli ulgamlarda gazanylýan üstünlikleri dünýä ýaýmakda, halkara hyzmatdaşlygy pugtalandyrmakda möhüm ähmiýete eýe boldy.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň