Habarlaşmak: (+99312) 39 89 81

Habarlaşmak | Dil saýlaň

Baş sahypa

Täzelikler

Germaniýada Türkmen-german işewürler maslahaty geçiriler


German ykdysadyýetiniň Gündogar komitetiniň guramagynda 2023-nji ýylyň 20-nji noýabrynda Berlin şäherinde ýerleşýän «Humboldt Carre Berlin» kongresler merkeziniň mejlisler zalynda türkmen-german işewürler maslahaty geçiriler. Bu maslahata Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň we beýleki döwlet edaralarynyň wekilleri hem-de ýurdumyzyň telekeçileri gatnaşar.  

Türkmenistan bilen Germaniýanyň arasyndaky ykdysady hyzmatdaşlygyň häzirki gün tertibi ara alnyp maslahatlaşyljak bu işewürler maslahatynda,   söwda-ykdysady gatnaşyklaryň ösüşindäki oňyn netijeler seljeriler.

Türkmen ykdysadyýeti oňyn pikirler we teklipler, jogapkärli, ygtybarly hyzmatdaşlyk üçin hemişe açykdyr. Şu nukdaýnazardan Berlin şäherinde geçiljek  türkmen-german işewürler maslahaty uzak möhletli söwda-ykdysady gatnaşyklary giňeltmekde möhüm ädim bolar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.