Ozal habar berlişi ýaly 2023-nji ýylyň 17-19-njy noýabry aralygynda
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda Eýran
Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi üstünlikli
geçirildi. Üç günläp dowam eden serginiň çäklerinde türkmenistanly we eýranly
işewür toparlar birek-birek bilen tejribe alyşmaga mümkinçilik aldylar.
Ýüzlerçe eýran kompaniýalary öz önümçilikleri we hyzmatlary hakynda
maglumat berýän pawilýonlary sergä gelen myhmanlaryň dykgatyna hödürlediler.
Eýran Yslam Respublikasynyň ykdysady üstünlikleri, senagat mümkinçilikleri,
awtomobil we beýleki önümçilikleri, şeýle hem halk senetçiliginiň dürdäneleri ýaýbaňlandyrylan
sergi köp adamly boldy.
Serginiň çäklerinde Türkmenistanyň we Eýran Yslam Respublikasynyň döwlet we
hususy edaralarynyň wekilleriniň gatnaşmagynda geçirilen işewürler maslahaty
söwda-ykdysady, ýangyç-energetika, ulag we logistika ýaly giň gerimli ugurlary
öz içine alýan ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygy berkitmekde ýene-de bir möhüm ädim
boldy.
Bu ýöriteleşdirilen serginiň we maslahatyň çäklerinde Türkmenistanyň we
Eýranyň işewür toparlarynyň wekilleriniň arasynda hyzmatdaşlygy mundan beýläk-de
ösdürmek we çuňlaşdyrmak boýunça birnäçe duşuşyklar we gepleşikler geçirildi. Gepleşikleriň
netijesinde iki ýurduň telekeçileriniň arasynda däp bolan netijeli gatnaşyklary
pugtalandyrmak maksady bilen, ikitaraplaýyn resminamalara gol çekildi.
Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisiniň
ahyrynda oňa gatnaşyjylaryň adyndan hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul
edildi.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.