Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Eýran Yslam Respublikasynyň «Iran Prože» atly ýöriteleşdirilen sergisi öz işine başlady

17.11.2023
23
Card image cap

   Eýran Yslam Respublikasynyň ylmy we senagat ösüşlerindäki we tehnologiýalar pudagyndaky iň soňky gazananlaryny açyp görkezmäge giň mümkinçilik döredilen bu ýöriteleşdirilen gözden geçiriliş Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň döwrebap binasynda ýaýbaňlandyryldy.

     Taryhy kökleri asyrlaryň jümmüşinden gaýdýan türkmen-eýran dostluk gatnaşyklarynda özboluşly sahypa açjak bu giň gerimli çärede goňşy döwletiň öňdebaryjy kompaniýalarynyň ýüze golaýy gurluşyk enjamlary, metal önümleri, durmuş enjamlary,  sanitar-tehniki we ýuwujy serişdeleri, senagat hem-de lukmançylyk enjamlary ýaly ugurlaryny, şeýle hem awtoulag önümleriniň ençeme görnüşlerini serginiň myhmanlaryna hödürleýärler.  

    Serginiň çäklerinde türkmenistanly  we eýranly işewürleriň arasynda özara hyzmatdaşlygy ösdürmek we ykdysady gatnaşyklary giňeltmek boýunça birnäçe çäreleriň geçirilmegi göz öňünde tutulýar.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy. 


Bulary hem okaň