04.06.2026
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça
hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy mejlisi 2026-njy ýylyň 4-nji iýunynda Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynda geçirildi.
Bu çärä iki ýurduň degişli
ministrlikleriniň, pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary we
öňdebaryjy işewür wekilleri gatnaşdy.
Mejlise Türkmenistanyň Ministrler
Kabinetiniň Başlygynyň orunbasary Nökerguly Atagulyýew hem-de resmi sapar bilen
Aşgabada gelen Türkiýe Respublikasynyň Wise-prezidenti Jewdet Ýylmaz bilelikde
başlyklyk etdiler. Hökümetara toparyň
9-njy mejlisiniň Aşgabatda guralmagy, iki ýurduň arasyndaky taryhy, medeni we
ykdysady köpçülikleýin gatnaşyklaryň täze, has ýokary hil derejesine
göterilýändiginiň aýdyň subutnamasyna öwrüldi.
Mejlis we onuň çägindäki duşuşyklar iki
ýurduň arasyndaky ykdysady gatnaşyklary täze tapgyra çykarmakda möhüm ädim
boldy.
Gepleşikleriň netijesi boýunça giň hyzmatdaşlyk teswirnamasyna gol çekildi. Bu resminama söwda we maýa
goýumlary, energetika, ulag we logistika, senagat, gurluşyk, şeýle hem bilim we
medeniýet ýaly pudaklary öz içine alýan 71 sany anyk çäräni we taslamany
durmuşa geçirmegi göz öňünde tutýar.
Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň 9-njy
mejlisiniň geosyýasy we ykdysady ähmiýeti diňe bir iki ýurduň bähbitleri bilen
çäklenmän, eýsem tutuş sebit üçin hem strategik häsiýete eýedir.
Bu mejlis iki doganlyk döwletiň arasyndaky
gatnaşyklary täze hile we amaly tapgyra çykarmakda uly itergi boldy.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.