03.10.2026
2026-njy ýylyň 7 – 9-njy oktýabry
aralygynda “Awaza” milli syýahatçylyk zolagynda ýurdumyzyň Garaşsyz Döwletleriň
Arkalaşygynda, şeýle hem Merkezi Aziýa ýurtlaryň we Azerbaýjan Respublikasynyň
Döwlet Baştutanlarynyň Konsultatiw duşuşygynda başlyklyk etmeginiň çäklerinde
halkara ähmiýetli çäreler geçiriler. Şol çäreleriň hatarynda Garaşsyz
Döwletleriň Arkalaşygyna agza döwletleriň we Eýran Yslam Respublikasynyň
sergisi aýratyn orun eýelär.
Türkmenistanyň
halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, özara bähbitli ykdysady gatnaşyklary giňeltmek
we sebitde söwda-ykdysady integrasiýany pugtalandyrmak ugrunda alyp barýan giň
gerimli işleriniň möhüm beýany boljak bu sergi gatnaşyjy döwletleriň ykdysady
kuwwatyny, senagat we önümçilik mümkinçiliklerini, eksport ugurlaryny hem-de
innowasion ösüşlerini giňden tanyşdyrmaga gönükdirilendir. Çäräniň guramaçylyk işlerine
Türkmenistanyň Daşary işler ministrligi we Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
jogapkärçilik çekýärler.
Sergi
dürli ýurtlaryň ykdysady gazananlaryny we önümçilik mümkinçiliklerini görkezmek
bilen bir hatarda, halkara işewür hyzmatdaşlygy ösdürmek, täze söwda gatnaşyklary
ýola goýmak hem-de özara bähbitli maýa goýum taslamalaryny ara alyp
maslahatlaşmak üçin möhüm meýdança bolup çykyş eder.
Onuň
çäklerinde işewür toparlaryň arasynda göni gatnaşyklary ýola goýmak,
eksport-import amallaryny giňeltmek, täze bazarlara çykmak we uzak möhletleýin
hyzmatdaşlygyň geljegi uly ugurlaryny kesgitlemek üçin giň mümkinçilikler
açylar. Bu bolsa gatnaşyjy döwletleriň arasynda ykdysady gatnaşyklary täze
mazmun bilen baýlaşdyrmaga, işewürlik gatnaşyklarynyň gerimini giňeltmäge
ýardam berer.
Türkmenistanyň
halkara ykdysady hyzmatdaşlygy ösdürmekdäki işjeň orny, daşary ýurtly
hyzmatdaşlar bilen özara bähbitli gatnaşyklary pugtalandyrmaga gönükdirilen
başlangyçlary şeýle iri halkara çäreleriň ähmiýetini has-da artdyrýar. Sergi
ýurdumyzyň ykdysady diplomatiýasynyň, açyk we netijeli hyzmatdaşlyk
ýörelgeleriniň hem-de halkara işewürlik gatnaşyklaryny ösdürmäge bolan
ygrarlygynyň aýdyň beýany bolar.
“Awaza”
milli syýahatçylyk zolagynda geçiriljek bu halkara sergi döwletleriň arasynda
dostlukly gatnaşyklary pugtalandyrmak, ykdysady hyzmatdaşlygyň täze
mümkinçiliklerini açmak we sebitde durnukly ösüşe goşant goşmak bilen birlikde,
Türkmenistanyň halkara hyzmatdaşlygyň möhüm merkezleriniň biri hökmünde
eýeleýän ornuny has-da berkitmäge hyzmat eder.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.