Täzelikler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY
Baş sahypa

TSSE Täzelikler

Aşgabatda OGT 2026 halkara maslahaty we sergisi geçiriler

15.10.2026
26

         2026-njy ýylyň 21 – 23-nji oktýabrynda Aşgabat şäherinde “Türkmenistanyň nebiti we gazy – 2026” atly 31-nji halkara maslahaty we sergisi geçiriler. Energetika ulgamynyň möhüm wakalarynyň biri boljak bu halkara çäre Türkmenistanyň energetika kuwwatyny dünýä ýaýmaga, maýa goýumlary çekmäge we strategik hyzmatdaşlygy pugtalandyrmaga giň mümkinçilikleri açar.

         Maslahatyň çäklerinde nebitgaz pudagynyň ösüş mümkinçilikleri, Hazar deňziniň uglewodorod serişdelerini özleşdirmek, gazhimiýa önümçiligi, döwrebap tehnologiýalary ornaşdyrmak we ekologik taýdan durnukly energetikany ösdürmek meseleleri ara alnyp maslahatlaşylar.

         Halkara derejeli duşuşyklar we işewürlik gepleşikleri täze hyzmatdaşlyklaryň ýola goýulmagyna, bilelikdäki taslamalaryň ilerledilmegine hem-de uzak möhletleýin maýa goýum mümkinçilikleriniň giňeldilmegine hyzmat eder.

OGT 2026 – Türkmenistanyň energetika mümkinçiliklerini dünýä tanadýan, halkara hyzmatdaşlygyň täze gözýetimlerini açýan möhüm işewürlik meýdançasydyr.

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň

Metbugat gullugy.


Bulary hem okaň