2023-nji ýylyň
27-30-njy dekabry aralygynda gözel paýtagtymyzda «Arkadag Serdarly bagtyýar
ýaşlar» ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi geçirildi.
Türkmenistanyň
Söwda-senagat edarasynyň döwrebap sergi zalynda geçirilen «Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar» ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahaty we sergisi özüniň möçberiniň giňligi we köptaraplylygy,
döwrebap tehnologiýalara, innowasiýalara esaslanýandygy bilen aýratyn
tapawutlandy. Milli ykdysadyýetimizi diwersifikasiýa ýoly bilen
ösdürmekde, innowasiýalary, sanly ykdysadyýeti işjeň ornaşdyrmakda,
Türkmenistanyň halkara ykdysady giňişliginde eýeleýän ornuny pugtalandyrmakda
türkmen ýaşlary tarapyndan alnyp barylýan işler bu giň möçberli halkara
çäresinde aýratyn orun aldy.
Türkmen ýaşlary
halkara ylmy-amaly maslahatyň dowamynda halkymyzyň şöhratly taryhyny, milli
medeniýetini, däp-dessurlaryny çuňňur öwrenýän, maşgala gymmatlyklaryna sarpa
goýýan, kämil, beden we ruhy taýdan sagdyn şahsyýetleri kemala getirmek boýunça
alnyp barylýan işler barada özleriniň daşary ýurtly deň-duşlary bilen pikir
alyşdylar hem-de özara tejribelerini paýlaşdylar.
«Arkadag Serdarly
bagtyýar ýaşlar» ýylyna bagyşlanan halkara ylmy-amaly maslahatynyň we sergisiniň
ahyrynda oňa gatnaşan ýaşlar hormatly Prezidentimize Ýüzlenme kabul etdiler.
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň
Metbugat gullugy.