Bildirişler | TSSE
GARAŞSYZ, BAKY BITARAP TÜRKMENISTAN
BEDEW BATLY AT-MYRADYŇ MEKANY

Türkmenistan we Hytaý Halk Respublikasy: Şanhaý şäherinde işewürlik hyzmatdaşlygyny ýola goýmak

Card image cap
Dowam edýän senesi:

06-07 Noýabr 2026

Başlaýan wagty:

06.11.2026

Çäräniň görnüşi:

Forum

Guramaçy:

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

Salgysy:

Hytaý - Şanhaý

2026-njy ýylyň 6–7-nji noýabry aralygynda Hytaý Halk Respublikasynyň Şanhaý şäherinde geçiriljek 9-njy Hytaý Halkara import sergisiniň (CIIE) çäklerinde türkmen-hytaý işewürlik forumy geçiriler. Geçirilmegi meýilleşdirilýän bu çäre iki ýurduň döwlet edaralarynyň we hususy pudagynyň wekillerini bir ýere jemlär.

Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde ikitaraplaýyn söwda, senagat hyzmatdaşlygy we oba hojalygy, häzirki zaman tehnologiýalaryny ornaşdyrmak we sanlylaşdyrmak, üstaşyr ulag-logistika mümkinçiliklerini pugtalandyrmak, şeýle hem ynsanperwer gatnaşyklarynyň ösdürilmegine bagyşlanan gepleşikler geçiriler. Mundan başga-da, gatnaşyjylara Hytaý Halk Respublikasynyň öňdebaryjy kompaniýalarynyň edara binalaryna we önümçilik desgalaryna baryp görmek mümkinçiligi dörediler.

Türkmen-hytaý işewürler forumy Türkmenistan bilen Hytaý Halk Respublikasynyň dürli taraplarynyň arasynda işewürlik gatnaşyklaryny ýola goýmaga, mümkin boljak hyzmatdaşlyk ugurlary bilen tanyşmaga we bilelikdäki taslamalaryň durmuşa geçirilmegini ara alyp maslahatlaşmaga gönükdirilen netijeli meýdança bolar.

Forumyň maksatnamasynyň çäklerinde gatnaşyjylar işewür duşuşyklara we gepleşiklere üç görnüşde gatnaşyp bilerler:

G2G (Government-to-Government) — döwlet edaralarynyň arasynda;

B2G (Business-to-Government) — işewür toparlaryň we döwlet edaralarynyň arasynda;

B2B (Business-to-Business) — kompaniýalaryň we telekeçileriň arasynda göni duşuşyklar.

Türkmenistan we Hytaý: işewürlik üçin täze mümkinçilikler, täze gatnaşyklar we bilelikdäki taslamalar!

 

Gatnaşmak we goşmaça maglumat almak boýunça habarlaşmak üçin:

Kemal Kutlyýew

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynyň Daşary ykdysady gatnaşyklar bölüminiň başlygynyň orunbasary, Halkara seljeriş we maglumat bölümçesiniň başlygy

Telefon: +993 12 39 88 53 / +993 61 776088

Elektron poçta: ferd2@cci.gov.tm

 

Telefon: +993 12 75 36 44 / 48; +993 64 04 27 51

Elektron poçta: ogulbagt.hydyrova@tmt.tm