24-26 Noýabr 2026
24.11.2026
Sergi we ylmy maslahat
Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy
Aşgabat,Türkmenistan
Telearagatnaşyk, telemetriýa, habar beriş tilsimatlarynyň we teleradioýaýradyş enjamlarynyň «Türkmentel-2026» atly halkara sergisi we ylmy maslahaty halkara hyzmatdaşlygy ösdürmek, sanly transformasiýa, kiberhowpsuzlyk, kommunikasiýanyň geljegi, hemra tehnologiýalary, sanly ösüşde döwlet strategiýasy ýaly meseleleri öz içine alar.
“Halkara ulag-üstaşyr geçelgeleri: özara arabaglanyşyk we ösüş -2026” atly halkara maslahaty we sergisi halkara ulag pudagynda netijeli halkara ulag-üstaşyr geçelgelerini ösdürmek, ulag toplumynda infrastruktura mümkinçilikleri: awtobanlar, demir ýol menzilleri, halkara deňiz portlary we howa menzilleri bilen baglanyşykly möhüm meseleleri ara alyp maslahatlaşmakdan ybarat bolup, ara alnyp maslahatlaşyljak esasy mowzuklaryň ulag-logistika pudagynyň pandemiýadan soňky dikelişi, ulag-aragatnaşyk toplumyny sanlylaşdyrmak, durnukly ulagyň daşky gurşaw bilen bagly taraplary, ýaşyl infrastrukturany ösdürmekde döwlet-hususy hyzmatdaşlygyň orny, ulag-aragatnaşyk toplumynyň ösüşinde ylymyň we bilimiň ähmiýeti bilen baglydyr.