Bildirişler | TSSE
Halkara Parahatçylyk we Ynanyşmak Ýyly

«Kids Ekspo: ähli zat çagalar üçin» atly halkara sergi-ýarmarkasy

Card image cap
Dowam edýän senesi:

19-22 Awgust 2026

Başlaýan wagty:

19.08.2026

Çäräniň görnüşi:

Sergi-ýarmarka

Guramaçy:

Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasy

Salgysy:

Aşgabat,Türkmenistan

Giriş.

2026-nji ýylyň 19-22-nji awgust aralygynda Aşgabat şäherinde «Kids Ekspoähli zat çagalar üçin» halkara sergi-ýarmarkasy geçiriler, bu waka çagalaryň önümleri we hyzmatlary pudagynda möhüm pursat bolup, işewürler üçin bu bazar segmentiniň ösmegine goşant goşmak üçin ajaýyp mümkinçilik döreder.

«Kids Expo: ähli zat çagalar üçin» çagalar hyzmatlary pudagynda işleýän kompaniýalaryň innowasiýa önümlerini we hyzmatlaryny hödürläp, bazary täze mümkinçilikler bilen baýlaşdyryp biljek platformasy bolar. «Kids Ekspo» diňe bir ýerli kärhanalar üçin meýdançany bermek bilen çäklenmän, eýsem türkmen söwda markalar üçin bütin dünýäniň bazaryna çykmaga döredilen bir açyk penjire hökmünde mümkinçilik bolar. Sergimiziň ekspozisiýasy, dünýäniň dürli künjeklerinden halkara hyzmatdaşlaryň, maýadarlaryň we çagalar pudagynyň wekilleriniň ünsüni özüne çekmäge gönükdiriler.